Türkmeniň göz guwanjy bolan Ak işan ady rowaýata öwrülip giden taryhy şahsdyr. Ol garyp, çarwa maşgalasynda doglupdyr. Ol örän sowatly, öz döwrüniň iň bir uly alymy, syýasy zehini, asyllylygy bilen meşhurlyk gazanan ulamadyr. Onuň hak ady Akmämmet bolupdyr. Onuň kakasyna Gurbannazar molla - Mollanazar diýipdirler. Ol çarwa, çekene çopany eken. Akmämmet Gurbannazar molla ogly milady senesi boýunça 1788-nji ýylda Günorta Garagumda, häzirki Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Bokurdak obasynda dünýä inýär. Akmämmet ýedi ýaşyndaka arap elipbiýinde okamagy, ýazmagy öwrenipdir. On iki ýaşap, namaz parz bolanda, eýýäm Gurhany Kerimi ýatdan hatym edipdir. Şol döwürler “Gurbannazar mollanyň ogly Gurhany ýatdan bilýärmiş” diýip, Garagumyň hemme oturymly guýylarynda gürrüň edipdirler. Ak işan heniz çagaka, Gurbannazar molla öz kakasy Mämmetsähet mollanyň maslahaty bilen Bokurdakdan häzirki Ak işan öwlüýäsiniň gündogar demirgazygyndaky etek guma göçüp gelýär. Süýji suwly guýynyň töweregi olaryň öz garyndaşlary bilen oturymly ýurda öwrülýär. Akmämmet Hywa okuwa ugramazynyň öň ýanlarynda onuň ýedi ýaşlaryndaky oglan jigisi guzy bakyp ýörkä, tomsuň jokrama yssysynda guýa gaçyp heläk bolupdyr. Ony şu wagtky Ak işanyň öwlüýäsiniň ýanyndaky arassa we sarly takyrda, şehit hasaplap jaýlapdyrlar. Gurbannazar molla ogluny Hywa okuwa ýollaýar. Hywada ol başlangyç bilimi Ýazguly pirden almak üçin onuň ýanyna barypdyr. Ýazguly halypanyň ilki synagy şeýle bolupdyr. Ilki bilen bir adam kyblasyna bakyp, çöküne düşüp oturýar-da, sopy boljagy hem özüne tarap bakdyryp, çöküne düşürip, öz iki dyzyny sopy boljagyň iki dyzyna degrip, iki elini edep bilen iki uýlugynyň üstünde goýýar. Soňra sopy bolmaga üç gezek kelemesi çöwürdilýär. Soňra hem “Biz din ýolunda dogan bolduk, iň ilki pir bolan hezreti Ebu Bekri, ikinji pir bolan Selman Parsyny, täki Hoja Ahmet Ýasawyny, Bäheweddin Nagyşbendini, Abdylhalyk Gyždywany, Emir Kelany, täki iň soňky pirlere çenli olary özüme pir diýip bildim” diýdirýär. Ak işan şeýle synaglary gaýtalap, uly hormatly, at-abraýly ýola, Allatagalanyň yşkyna düşenleriň ýoluna girip, hümmet guşagyny biline baglap, gutlag hasany goluna alýar. Ak işan ol ýerde Hoja Abdyl Halyk Gyždywany, Möwlana Aryf, Halyl ata ýaly öz döwrüniň sopuçylyk ýoluny açyp giden adamlaryň kitaplaryny öwrenipdir. Olaryň “Delili aşykyn” “Haýatnama” ýaly kitaplaryny ýat bilipdir. Ýazguly pir Akja molla göwni ýetensoň, ony beýleki sopulardan tapawutlandyrypdyr. Halk arasynda aýdylyşyna görä beýleki sopular pire garap, “Pirimiz, näme sebäpden Akja mollany aýratyn tutýarsyňyz” diýip sorapdyrlar. Onda Ýazguly pir hemme sopularyny ak öýüň içine ýygnaýar we öz hasasyny öýüň tüýnüginden daşary zyňýar-da “Akja molladan beýlekileriňiz şol hasany tapyp getiriň” diýýär. Sopular näçe gözleseler-de, ony tapman gelýärler. Akja molla hasany tapyp gelmäge ejaza berlende, ol hasany tapyp getirýär. Ýazguly pir Akja molladan hasany nireden tapyp gelendigini soranda, Akja molla “Hasany Mekgeden tapyp geldim” diýýär. Ak işan okuwyny tamamlap, Bäherdeniň (häzirki Baharly) Arçman obasynyň on-on bäş kilometr demirgazygyndaky oturymly obasyna gaýdyp gelipdir we iliň-günüň hyzmatynda gezipdir. Haçan-da, Ýazguly pir öz iline Halaja Idris baba gaýdandan soň, Hywa hany Mädemin han üç ýola Ak işanyň yzyndan adam ýollap, ony Hywa çagyrypdyr. Ahyry Ak işan Ahalyň ýaşulularynyň maslahaty bilen razyçylyk beripdir. Şol wagt 1850-1851-nji ýylar eken. Hywa hany Mädemin han etjek uly tutumlaryny Ak işan bilen geňeşipdir. Ýöne Ak işan özüni hanlyk adam hasaplaman, Taňrylyk adam hasap eder eken. Işan aganyň pikir edişi ýaly hem bolupdyr. Ak işan şunça şu edýäniň telek diýse-de, Mädemin han 1855-nji ýylyň martynda oňa gulak asman, Sarahsyň kedhudalaryny çagyryp, agyr salgyt salypdyr we olara Mara göçmegi buýrupdyr. Şol wagt sarahsly türkmenlere Gowşut han ýolbaşçylyk edýän eken. Olar salgyt tölemäge razy, ýöne Mara göçmäge garşy bolýarlar. Sarahslylar birnäçe ýola Mädemin hana halky gyrgynçylyga bermezligi soraýarlar. Emma han etmän söweşe girýär. Han ýörişe ugran dessine “Diýenmize gulak asmajak bolsa bu ýerde işimiz ýok” diýip, hiç mahal han atyny münmedik Ak işan ak eşegini münüp Ahala gaýdýar. Şol söweşde Mädemin han pälinden tapýar, öldürilýär. Işan aga obada hemişe iliň-günüň hyzmatynda bolupdyr. Ýeri gelende aýtsak, Gökdepe söweşinde edermenlikde yz goýan Gara batyr dünýä inende oňa bu hormatly ady halatly Işan aga dakypdyr. Şonuň üçin Gara batyr duşman üstüne topulanda “Ýa Alla! Ýa atam-babam! Ýa Ak işan!” diýip tagat çeker ekeni. Gara batyryň mazary Gökdepe Garrykäriziň günbatarynda ýatyr. Arçmanda ýaşan Muham aga Ak işanyň iň uly sopusy bolupdyr. Işan aga oňa hemme zady ynanypdyr. Ol ýüz kilelik çuwaly düýä ýükläp bilýän, gurşunly kenek ýaly adam bolupdyr. Ak işan Hywadan ikilenç, ymykly geleninde Muham sopy otuz ýaşly eken. Ol Ak işandan alty aý soň ýogalypdyr. Ak işanyň başdaş aýalyndan Abdy atly ogly bolupdyr. Ol Abdy ahun ady bilen tanalypdyr. Başdaş aýaly ýogalandan soň,işan aga Hatyja atly gyza öýlenipdir. Ondan Allanazar, Gulçun, Nurmuhammet, Ýazly we Saýratulla atly ogullary bolupdyr. Ak işan 1878-nji ýylda 90 ýaşynda Börmede dünýäden gaýdýar. Ak işan öz nesillerine iki zady tabşyrypdyr: ”Hemişe adyl boluň. Ikinji, men ýogalanymda Muham sopynyň aýdany bilen boluň!”. Işan aga ýogalýar welin, Muham sopynyň aýdanlaryna gulak asman, ony Börmäniň gapdalyndaky gonamçylykda jaýlamakçy bolupdyrlar. Emma gubruň lahaty - içki öýi zol ýykylyp durupdyr. Şondan soň işan aganyň sopusyna ýüzlenip :”Näme etseňiz, rugsat!” diýipdirler. Muham sopy şol wagt ak maýany idip gelip, Ak işanyň tabydyny onuň üstünde rahat ýerleşdiripdir. Maýanyň başyny orap, yzyna düşüberipdirler. Ak maýa Arçmanyň gaýrasyndaky gadymky oturymly ýerleriniň ýanyndaky, birwagtky neresse çaganyň guburynyň gapdalynda gelip çöküpdir. Ondan bäri ýüz ýyldan köpräk wagt geçdi. Neresse çagajyk, Ak işan we Muham sopy üçüsi bir aýmançada bakylykda bileje ýatyrlar. Häzirki wagtda Ak işanyň Arçmandaky şol zyýaratgähine il arasynda işan aganyň kowmundan bolan Balşat işan ady bilen tanalýan Muhammetmyrat işan göz-gulak bolýar. Ýurdumyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Beýik Galkynyş zamanasynyň gelmegi bilen Ak işan atamyzyň zyýaratgähi düýpgöter özgerdi. Diýarymyzyň dürli ýerlerinden we goňşy ýurtlardan bu ýere gelýän üçin ähli şertler döredilen. Hatar-hatar ak jaýlar üsti bassyrmaly eýwanlar hemişe köňli senaly ynsanlardan hyň berýär. ATAMYRAT ŞAGULY

Köneler, DoJiGat tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir