Içimizde nämeler bolup geçýär? Adamyň bedeninde onuň özünden ygtyýarsyz, aklyňy haýran galdyrýan, şeýle täsin himiki reaksiýalar bolup geçýär. Ine, bu hikmet derýasyndan bir damjany siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Kä halatlarda, islemesek hem gyzgynymyz galýar. Aslynda bu ýagdaý adamyň bedeniniň keseller bilen söweşýändiginiň alamatydyr. Beýle ýagdaýda adam ýatyp, dynç almaga mejbur bolýar. Şeýlelikde, bedene zerur bolan energiýa, günlük edilýän işlere sarp edilmän tygşytlanýar. Gyzgynyň galmagy, keseliň adama ýetirýän täsiri däl-de, adamyň ýatyp dynç almagyna sebäp bolýan öňüni alyş çäresidir. Adamyň gyzgynyň galmagyna, beýnide IL-1 atly bir madda sebäp bolýar. Howply ýagdaýlarda bolsa kortizol garmony işläp başlap, beýniden iberilen IL-1 maddanyň öndürilişini togtadyp, gyzgyny peseldýär. Nädip onda kortizol garmony, biziň bedenimize ýetjek howpy bilip, IL-1 maddanyň öndürilmegini togtadýar? Kä ýagdaýlarda bedenimizdäki käbir himiki reaksiýalaryň tizlenmegi zerur bolýar. Şeýle ýagdaýda tizlendiriji biokatalizatorlar hökmünde enzimler ulanylýar. Bir öýjükde takmynan 3000 dürli enzim bar bolup, olar örän uly tizlik bilen işleýärler. Mysal üçin, dem alanymyzda uglerod oksidini ganymyzdan arassalaýan enzim, arassalaýyş tizligini 10 million esse tizlendirýär. Bedenimizde bolup geçýän, ýöne muňa biziň goşulmaga güýjümiz ýetmeýän, ýene bir hadysa bolsa arassalaýyş sistemasydyr. Takmynan 100 trilýon öýjük, edil zyýanly maddalary zibilhana taşlaýan fabrikler mysaly, içinde öndürilen maddalary gan plazmasyna eltip taşlaýarlar. Bu hadysa bolsa bedenimiziň bar ýerini gurşap alan gan kanaljyklarynyň 100 trilýon fabrigiň zyňyndylary bilen hapalanýar diýmekdir. Ine, bu hapalanan ganyň içinde, zyýanly maddalaryň ýany bilen aminokislotalar, witaminler, suw we glýukoza ýaly peýdaly maddalary aýyl-saýyl edip biljek bir arassalaýyş enjamy zerurdyr. Örän uly ýer tutjak şeýle çylşyrymly himiki arassalaýyş enjamy, tutýan meýdany diýseň kiçi bolan bilimize ýakyn ýerde, biz entäk ene garnyndakak ýerleşdirilipdir. Hawa, eger böwregimiz bolmadyk bolsa halymyz nije bolardy. Üsti-üstüne Beýik Ýaradan bedenimizdäki bu arassalaýyş enjamyny bize ätiýaçdakysy bilen, iki edip beripdir. Şular ýaly bedenimizde her sekuntda millionlarça himiki reaksiýalar bolup geçýär. Emma biz bedenimiziň eýesi bolup hem, bulary asla aňamyzok. Göze gürünmeýän bir himik bu zatlaryň ählisini biziň üçin edýär. Emma biziň kä halatlarda ýalňyşyp zyýanly maddalar bilen bu sistema zyýan bermäge çalyşýan pursatlarymyz hem bolýar.

Köneler, NB tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir