Ýaşyl fabrik Günden Ýer togalagyna bir günde gelýän energiýa, ähli adamzat üçin bir günüň dowamynda gerek bolan energiýanyň takmynan 10 000 essesidir. Ösen hasaplanýan döwletler Günden gelýän bu mugt energiýany depolap bilmek üçin edilýän ylmy gözleglere köp mukdarda maýa goýum goýýarlar. Bu maksat bilen edilen gözlegleriň netijesinde örän täsin bir hakykat, ýagny ösümlikleriň Gün energiýasyny depolaýan ajaýyp ulgama eýedikleri ýüze çykarylýar. Ösümliklerdäki bu ulgama fotosintez ady berilýär. Ösümliklerde fotosintez prosesesi olarda bar bolan Gün öýjükleri arkaly bolup geçýär. Bu öýjükler Gün energiýasyny himiki energiýa öwürmek bilen, ähli jandarlaryň esasy iýmit çeşmesi bolan kömürturşy gazyny öndürýärler. Emma, ýeri gelende aýtsak, fotosintez barada adamzat ylmyna mälim bolan maglumatlar, oňa öýkünip Gün energiýasyny depolajak ulgamlaryň öndürilip bilinmegi üçin heniz ýeterlik däldir. Muňa garamazdan, akly we zehini bolmadyk bir ýaprakda fotosintez prosesi örän aňsat bolup geçýär. Akyl, bilim we ösen tehnologiýa eýe ynsan nesliniň bu ulgamy senagatda we gündelik durmuşlarynda ornaşdyrmakdan ejiz gelmegine garamazdan, milliardlarça ýylyň dowamynda ýüz trillionlarça ýapragyň ýekän-ýekän fotosintez prosessini amala aşyrmagy aklyňy haýran edýär. Bu himiki proses, ösümlikler ilkinji ýaradylan gününden bäri nogsansyz amala aşyp gelýär. Ýaşyllyk bolan her ýerde Gün energiýasy ulanylyp, kömürturşy gazy we suwdan şeker emele getirýän bir “fabrik” işleýär. Iýýän ysmanagymyz, salatlaryňyzdaky ukrop, balkonyňyzdaky güller siziň üçin yzygiderli önüm öndürýärler. Bu ylmy çäksiz bolan Allahyň ynsanlara bolan merhemetiniň netijelerinden biridir. Allah ösümlikleri ynsanlaryň we ähli jandarlaryň peýdasyna hyzmat etjek görnüşde ýaradypdyr. Fotosintez, Allahyň soňsuz ylmyna we gudratyna şaýat bolmak isleýän her ynsanyň ýakyndan öwrenmeli adatdan daşary himiki prosesdir. Fotosintez, alymlaryň bu gün hem doly çözmegi başarmadyk taýsyz taslamasydyr. Bu prosesi gözümiz bilen görüp bilmeris, çünki bu mehanizm elektronlar, atomlar we molekulalar bilen işleýär. Emma, fotosinteziň netijelerini dem almagymyza sebäp bolýan kislorod we ýaşaýşymyzy dowam etdirmegimize sebäp bolýan iýmitlerde görüp bileris. Fotosintez çylşyrymly himiki formulalary we örän kiçi agyrlyk ölçeglerini öz içine alýan ulgamdyr. Ösümlikler fotosintez prosesini amala aşyranlarynda, howadaky kömürturşy gazyny alýar we onuň ýerine kislorod çykarýar. Atmosferadaky kislorodyň takmynan 30% - y gury ýerdäki ösümlikler tarapyndan öndürilse, galan 70%-lik bölümi deňizlerdäki we ummanlardaky fotosintez ukyby bolan ösümlikler we ýeke öýjükli jandarlar tarapyndan öndürilýär. Fotosintez prosesindäki reaksiýanyň mazmuny aşakdaky formulada jemlenýär: 6H2O+6CO2 — FOTOSINTEZ → C6H12O6+6O2 6 suw molekulasy+6 kömürturşy gazy molekulasy we fotosintez prosesiniň netijesinde 1 şeker molekulasy+6 kislorod molekulasyna öwrülýär. Ulgamyň içinde tapawutly pigmentler, dürli duzlar, minerallar, goşundy elementler we beýleki himiki maddalar bardyr. Diňe bir sakkaroz ýaly ýönekeýje şeker molekulasyny öndürmek üçin hem ösümliklere 30 sany dürli tapawutly proteýiniň gerek bolýandygyny nazarda tutsak, bu prosesiň nähili çylşyrymlydygy has düşnükli bolsa gerek. Elbetde, her bir ösümlik ilkinji ýaradylan gününden bäri ony ýaradan soňsuz ylym we akyl eýesi Allahyň emrine görä hereket edýär, barlygyny dowam etdirýär.

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir