Özüni hemmelerden ileri tutýan gyzlaryñ biri mydama gelnejesine,joralaryna at dakyp,olardan kemçilik gözläp gezer eken. Ynha,bir günem gyzyñ bagty açylyp,durmu$a çykypdyr. Baran ýerine hyzmatly boljak bolup jan eden gyz,bir gün käse döwýä,birgünem tabak. Bu bol$a ahyr çydamadyk gaýyn gelnine igenipdir welin,o-da emelsizligini boýun alman,ejemlere gidemde getirerindä diýýärmi$. Kä$gä atasy öýünde dolup da$yp duran zat bar bolsa..... Çagasy bolansoñ-a gyzyñ hasam añkasy a$ypdyr. Da$da e$idilen aýak sese oturan ýerinden:"kim bolsañ-da serilgi arlyklarymy ýygnap getirip ber"diýip,gygyrypdyr. Gapydan girip gelýän eli arlykly gaýyn atasyny görübem,aljyrap: Wiý senmidiñ?! Yzyna eltip geläý,özüm getirerin diýenini bilmän galypdyr. Ol utanjyndan birnäce wagtlap onuñ gözüne görünmän gezenini kem görmändir. Bir gün baldyzyny görmäge gelnejesidir joralary görmäne gelipdirler. Çalam ça$ bolup giden kirli arlyklaryny dessine öýüñ tüýnüginden ýokarlygyna zyñyberipdir. Ol $ondan ba$ga alaç tapmadyk bolarly. Arlyklar b.sa ojagyñ ortasyndaky küle dü$üp tütäp ala tüssä öwrülýämi$. Aljyrap oturan gelnejesini gören gelnejesi:At dakan ak baldyz oglanyñ bolanda belli,Äre baran ak baldyz öýüñ töründe belli.diýip derrew öýi tertibe salypdyr.Boýda$lary b.sa aglap duran bäbegi ellerine alypdyrlar. Gelin $ondada Eý gyzlar bu bir öwrenjäm indikimi görüp haýran galarsyñyz d.ýipdir. Joralaram kem galman:Emelsizligiñà galmandyr welin diliñ $erebesemä azalmandyr.diýip oña hyjalat beripdirler.

Köneler, dilya87 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir