Salam, kalbymy bahar pasly yaly gülledip, soñ armanlara tashlap giden perishdäm. Perishdäm bugün shirin isleglerim armanlara, gözel arzuwlarym gümanlara aylanmakda. Sönüp baryan söygümiñ gözlerindäki buzlab galan yashlary, kalbymyñ güneshi bilen eredyän. Sen bilen gürleship shirin oylarym bilen dañlar agarar, chäksiz arzuwlarym bilen gunlerim batardy. Bu sözlerim öten zaman ishligine degishlidigine üns berme,häzir hem shonuñ yaly. Yüregim ganat baglayar, yöne indi hich uchmana yhlas yok. Yürek ganatlary yene köydi, yöne indi bir ömürlük köydi. Seniñ bu yshkda aybyñ yok. Sebäbi sen Meniñ ömrümdäki yeke-täk perishdesiñ, perishdeler bigünä bolyandyr. Gijeleri tapdan oyanyan, shirin arzuwlarym arman boldymy? -diyip. Shonda yüregimi kösheshdiryärin: bular düyshdi, düyshdäki Melikä yetiship bolmaz diyip. Gulim, näme üchin bizi baglajak söygi köprüsi biziñ aramyzda yok? Ya aramyz sheyle dashlygygy sebäpmi? Tolkun arkaly dörän bu yshkyñ öz gatnashyjylarynyñ bir-birege yetmeginiñ yoly barmyka? Sen hem ertekilerdäki yaly, ak atly shazadaña garashyandyrsyñ. Belkem shol shazada mendirin. Garash, men bararyn: ak atly däl, uchar bilen. Sebäbi bu erteki däl. Yyllar ötüp yürekdäki yaralar bitermikän? Yyllar ötüp meni belki unudarsyñ, belkem seniñ meni unutmagyñ üchin günler hem köplük eder. Söymedik yassykdashyñ gulagyna "söyyärin" diyersiñ. Suratyña seredip, Söygümiñ elleri bilen sylayan sümbül sachlaryñy. Özge yar sachlaryñy elleri bilen daranda sen meni oylarmyñ, yada arman bolan söygümi yenede gynarmyñ? Yöne men sho wagt nirde bolsamda seni söygim bilen syzaryn, arman doly gözlerim bilen görerin. Belki asmanyñda yuldyz bolup yanaryn, seni özüm tarap chagyraryn. Sen bolsa... Bu zatlara ünsem bermersiñ. Batyrdan hallyboy ogurlap yazdy.

Köneler, hallboy tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir