Saýt dilini terjime etmek.

Salam tmbloglar.fun saýtynyň hormatly agzalary we myhmanlary ! Bu blogymda men size saýt dilini terime etmek barada başardygymdan giňişleýin maglumat ýazmakçy. Eger siz iňlis , rus we ş.m saýtlara girip şol saýtyň içindäki maglumatlary öz düşünýän diliňizde okamak isleýän bolsaňyz şu blogy ünsli okamagy sizden haýyş edýän.

Köpümiziň bilşimiz ýaly bu usuly ulanmak üçin ösen döwletleriň dilini bilmegimiz zerur. Iňlis dilini öwrenip bilseň oňa ýetesi zat ýok . Rus dilinde hem köp maglumatlar bar . Türk dilinde hem kanagatlanarly maglumatlary öwrense bolýar ýöne türkmen dilinde maglumat az. Meniň özümä türk dilinden öwrenýän sebäbi türkmen diline juda golaý. Indi sözümizi kän uzaltman esasy tema geçeliň.

Mysal üçin biz iňlis saýtyna girdik we şol saýtyň içindäki maglumatlary öz düşünýän türk dilinde okajak bolýas . Munuň üçin men size gaty köp adamlaryň ulanýan iň aňsat usulyny öwretmekçi.

Ilki bilen biz play marketden chrome programmasynyň iň soňky , iň täze wersiýasyny ýüklemeli. Soňra:

1. "Chrome" girmeli .
2. Haýsam bolsa bir daşary ýurt saýtyna girmeli .
3. Dikligine üç nokadyň üstüne basmaly.
4. "Çevir" basmaly .

Az wagt garaşanyňyzdan soň siz iňlis dilindäki saýty türk dilinde okap bilersiňiz .

Ünsli okanyňyz üçin minnetdar.

Çeşme: tmbloglar.fun

Gerçeknazar Amannazarow , blogger

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir