Aktýor Deniel Kreýge iňlis aňtaw gullugynyň agenti Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetirendigi üçin Beýik Britaniýanyň harby-deňiz flotunyň hormatly komandory diýlen at berildi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Harby-Deňiz güýçleriniň (HDG) saýtynda habar berilýär diýip, iz.ru belleýär.

Bu waka Kreýgiň bäşinji we iň soňky gezek baş keşbi ýerine ýetiren agent 007 hakynda “Ölmegiň wagty däl” (No Time To Die) atly täze filminiň uly ekranlara çykmagynyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Filmiň relizi COVID-19 pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürildi. Onuň global premýerasy 28-nji sentýabra meýilleşdirilip, Londonyň Albert-holl zalynda geçiriler. Beýik Britaniýada kinolenta prokata 30-njy sentýabrda çykar.

“Aktýor Deniel Kreýg Patyşa flotunyň hormatly serkerdebaşysy edilip bellendi, bu Jeýms Bonduň ekrandaky adyna gabat gelýär. Serkerdebaşy Kreýgiň hormatly ofiser hökmünde bellenilmegi Birleşen Korollygyň ýaragly güýçlerine berýän şahsy goldawyny ykrar edýär we ony gizlin gullugyň toslanyp tapylan britaniýaly agentiniň keşbi bilen döredilen mirasa baglanyşdyrýar” – diýlip, habarda aýdylýar.
HDG Patyşa flotunyň hormatly ofiserleriniň baý tejribä eýedigini, olaryň her biriniň harby-deňiz flotunyň gulluk edýän jemgyýeti bilen aragatnaşygyny berkitmäge özüçe goşant goşýandygyny belledi. Aktýor şeýle ýokary wezipä bellenmegini uly hormat diýip atlandyrdy.

Şeýle-de, saýtda Jeýms Bond hakynda soňky filmi döredijileriň Patyşa floty we Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrligi bilen ýakyndan işleşendigi bellenilýär.

Täzelikler, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir