Durmuşyň
agyr synaglaryny geçen Röwşen üçin hemme zat gutaran ýaly boldy. Oglan öňki
halyna dessine gelip bilmedi. Onuň saglygyndan başga Aýgözel aladady. Şu wagt
Röwşene oturmak bolanok, mundan öň bolsa hatda ýerinden galyp ýöremek hem
bolmaýardy. Ýadynda aýdym bolup galan Aýgözel at gaýtalanyp dur. Onuň ýakymlyja
mylaýym sesine eşitmäne bolsa zardy. Ýöne ol gyzyň eli öçükdi.


           
Näme üçin...näme sebäpden öçükkä? Aýgözel nirede? Ikinji hatarda duran
soragdy...


           
2012-nji ýyl. Tomus. Awtolag heläkçiligi bolsan gijesi.


           
Röwşen toýda wagty Aýgözeliň ejesiniň ýürek agyrysy tutup başlady. Aýgözel 03
gullygyna jaň etdi, ýöne olaryň haýal geljegini bilen ýaly Röwşeniň eline
aýlaýardy, ýöne ol almaýardy. Alaçsyz ýagdaýda galan gyz, goňşylarynyň birine
ejesini hassahana alyp gitmegini haýyş etdi. Hassahana baranlarynda 03 gullugy
ýaňy olara gelipdi... elbetde bu wagt arada hassanyň ýagdaýy agyrlaşdy.
Lukmanlar ylgap başlady. Hassany reanimasiýa bölimine saldylar. Gapyda aglap
oturan Aýgözel, jigisi we daýzasy näme etjegini  bilmeýärdiler...


           
Sagat 2:55 Röwşenden jaň geldi:


           
-Röwşen sen nirede?


           
-Şu waägt öýe barýan,.. ýogsada näme boldaý 27 sapar keýpine aýladyňmy?


           
-...(agy bilen) Röwşen... ejem hassahana düşdi...


           
-näme üçin, saglykmy? Näme boldy? Maňa sms ýollap bilmediňmi?


           
-...men saňa jaň etdim...sen almadyňda


           
-onsoň näme etdiň?


           
-goňşymyza haýyş etdim hassahana getirmekligi üçin...ynanaý Röwşen...


Şu
ýerde bolsa awtoulag sesleri geldi...näme bolanyna gyz düşünmedi. Telefonda:


           
-...(agyr sesi bilen Röwşen) Aýgözel meni ulag kakdy...03 çagyr meniň ýagdaýym
agyr


Mundan
soň bolsa ses çykmady... 03 gullugyna Aýgözel habar ýetirdi, olar bolsa 02
çykdylar. Netijede 20 minudyň dowamynda bardylar. Barsalar adamdan dolydy.
Heläkçiligi göz bilen görer ýaly däldi...bu ýagdaý barada Aýgözeliň habary
ýokdy, ýöne umyt bilen Röwşeni görjegine ynanýardy...ýöne ýalançy dünýä Aýgözeliň
başyna hem elhenç waka bilen garady...


           
Gije sagat 3:45 reanimasiýa bölüminden çykan lukman Aýgözeliň ýanyna gelip
kellesini aşak eňip:


           
-...bagyşlaň biz elimizde baryny etdik, ýöne...


           
...erem ýaşa özleri çümen Aýgözel üçin bu gije onuň üçin soňky güni ýaly bolup
göründi...


           
Şol gije ähli dogan garyndaşlaryna habar ýetirildi we sagat 4:00 mähribanyny
alyp Aýgözel jigisi we daýzasy bilen hassahanadan gaýtdylar. Olara ulaga
mündiler ýaňja ýöräp başlanlarynda bolsa 03 ulagyndan Röwşeni düşürdiler. Emma
ony Aýgözel görmedi... ýaşlar beýle agyr hala düşer diýip hiç kimem garaşmady,
hatda sizem... ýöne ykbal ýazgydy...


           
Ýälňyz galan çagalar näme etjeklerinem bilenokdylar. Ne uly ne-de kiçi...
Jigisi bolsa...


           
Mähribanyny ýeriň aşak gatyna ugradylandan soňra 40 gün geçdi. Aýgözeliň ýadyna
nämeler gelýändigini özem bilenokdy. Röwşenmi? Nirede ol? Näme boldy oňa?
Röwşene bolsa hassahanadan çykansoň hem oňa oturmak bolmaýardy... şol sebäpli
hem Röwşeniň ene –atasy ogllaryny 1 semestr okuwa göýbermejekdiklerini onuň
okaýan ýerine habar etdiler.


           
Aýaga galan güni Röwşeni kakasy begendirdi. Edil şol gün ogluna täze BMW
ulagyny alyp berdi.


           
2012-nji ýyl. Güýz. Oktýabr aýynyň başy.


           
Ýürekde galdyda, ýitdi. Röwşen Aýgözeliň gözlegine çykdy. Olaryň öýlerine barsa
öýlerinde adam ýaşamaýan ýalydy. Bu günden soň 1 hepde geçdi. Öýlerine bir
näbelli nomerdan jaň geldi. Ejesi telefony galdyrdy, telefondan ses çykmady.
Soňra ýene jaň geldi. Bu sapar telefony Röwşen aldy. Galdyrsa telefonyň
aňyrsynda Aýgözel:


           
-salam Röwşen, men Aýgözel


           
-Aýgözel?... salam, gowumy ýagdaýlaryň? Nirede sen? Näme boldy saňa? Öýňizde
adam ýoga? Saglykmy? Eýgilikmi? (aljyraňly sesler bilen)


           
-Röwşen meniň saňa aýtmaly zadym kän...biz duşuşyp bilerismi?


           
-..howa, haçan?


           
-şu wagt geläý


           
Öýlerinden atylyp Röwşen çykyp gitdi, muňa ejesi geň galdy. Ellerine güller
alyp 2 aýlap görmedik söýgili ýarynyň ýanyna howlukýardy.


           
Diýilen ýere geldi. Aýgözel telefonda ulagda oturmaklygy haýyş etdi. Maşynyň
yzky gapysy açyldy. Röwşen yzyna bakdy we.... Aýgözel eýýäm ýaşmakda... Asman
paýy ýere gaçan ýaly boldy... Aýgözel erem ýaşlar bilen aglap: “bagyşla meni!”
diýýärdi. Ýöne yza alaç ýok bu hakda ikisinede mälimdi ýöne...ýöne bu
söýgidä...


           
Aýgözel özüniň başdan geçiren wakalary hakda gürrüň berdi:


           
2012-nji ýyl. Güýz. Sentýabr aýynyň ortalary.


           
“...mähribanymy ugradanymyzyň 40-njy günini sowduk. Ertesi men iýmäne zat almak
üçin bazara gitmeli boldum. Bazardan gaýdyşyn seniňki ýaly ulaga mündim. Ondaky
oglan öň meniň yzyma düşýärdi, men oldur öýtmedim...soňra ol maňa her tüýsli
zatlar aýdyp başlady. Gapylary gulplady, men gygyryp başladym. Alaç bolmady,
elimdäki telefony alyp ony öçürdi. Gapdalyndaky oturan dostyna maşynyny berip
yzyna geçdi we meniň ellerimden tutup başlady. “Yza ýol ýok” diýen sözleri
henizem ýadymda. Meni oba alyp gitdiler, garyndaşlaryna. Meniň ýeke özümi 1
günläp aç sakladylar. Ertesi suwsyzlyga çydamadym, suw beriň diýip haýyş etdim.
Olar maňa Kola getirdiler. Suwsuz hem bolsamam suwuň tagamynyň üýtgeşkdigini
aňdym. Şol suwa bir zat atdylar öýdýän. Şondan soň men özümi bilmedim. Razy
boldum...BAGYŞLA MENI!”

Dowamy bar...
Cheshme:nexxtm
Yazylan wagty 3nji may 2013yyl
Yazan:Polat
26.09.2021 20:15

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir