Aňyrsyna göz ýetmeýän dünýädiň,
Menem şol dünýäniň gyrajygynda
Gurjagyn aldyran çagajyk ýaly,
Ahmyrym ýygşyryp garaçygymda,
Delminip, delmuryp, boýnumy burup,
Galdym ýuwudynyp, teý alaç tapman
(Hemem haýran galyp näzijek kalpla —
Bilmedik nädigin göwnümi ýykmaň),
Gozgadyp gursakda berç tutan ahy,
Hatda, ukuda-da adyn sarnanym,
Oýulyp-oýulyp adyň ýazyldy
ykbala:
“Ýetmedik, ýeten Armanym”.
Sapa HOMMADOW
□□□
-
Pegas
3 years ago
- Salam, @Ulugyz. Senem gaty seýrek görünýäň. Köne ýüzler has mährem görünýär indi birhili, soňky günler maskalylar käneldi welin)) Ýitmäň, görünip duruň, ýazyp duruň, hal-ahwal soraşyp duruň..
-
Ulugyz
3 years ago
- İki aydagyn barleri yat bolly gitdi. İnni gorunernda uysmekde casmakda nesip bolsa) maskara bizede is berya oza.
-
kwazimoda
3 years ago
- Pegas agam sana su niki yok edip bolanokmy ?
Ulugyz 3 years ago- Sapa agam, size kop salam.
Hacandan bari goşgy okamokdym. Şondanmydyr şu gun okan goşgularma düşünjek bolup ikilap uclap okadym. Gowja goşgy paylaşyp durun, menem onkim yaly sizin goşgylarnyzy okamana yorite geleyin 😊