Gara gözli, hünji dişli jenanym,
Seni asla gynamazmy bu halym,
Diňleseň aýdaýyn soňkyja zarym
Men seni saklamok, saňa ýol bolsun!

Ençe ýyl söýüşdik, gülüm süýjeşdik,
Emma ýol soňunda, ahyr ajaşdyk,
Ikimiz hem dogry ýoldan azaşdyk,
Men seni saklamok, saňa ýol bolsun!
Saňa mydam gowy günler ýar bolsun!

Söýgi hakda gürrüň açylan bada,
Ilkinji söýgülim, sen düşýäň ýada.
Şol günler ant içip beripdik wada:
"Men seni ynjytsam, ömrüm har bolsun"

Şonda-da terk etdiň, berseň-de wada,
Gülüm soňky sözüm diňle sen sada,
Meňki deý päk söýgä bir gün zar borsuň,
Men seni saklamok, saňa ýol bolsun..!

Çerkez Baýlyýew.

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir