Endamyň tikenekleyan bolsa.
Kate endamyn jumsuldap gitmegi, derinin tikenek-tikenek bolmagy kop adama tanys duygudyr. Bu hadysa maydaja duwunjiklerin doreyandigi ucin halk arasynda "gaz derisi" diylip atlandyrylyar. Lukmancylykda seyle alamat "paresteziya" diyen at bilen bellidir. Ol seyle bolup gecyar: sac kökjagazlarynyn myşsalary periferiki (cetki) nerw uçjagazlarynyn gyjynmalarynyň tasiri bilen yygrylanda endadaky saçlar, tuyler syh-syh bolup galyar. Munun ozi haywanlaryn howpy duyan mahalynda hüžžerilisi yatladyar. Adama bu hadysa guycli duygularyn(birdenka yuze cykyan gorky, howsala, galagolplulyk) tasiri astynda ya-da beden gaty usande, ayaklar gursanda bolup gecyar. Yone eger iniň jumsuldemegi hali-sindi gaytalanyp, ustesine agyry, el-ayaklaryn gurusmagy, gaynaglama alamatlary hem peyda bolyan bolsa, onda munun ozi haysydyr bir keselin yuze cykandygyny habar beryar.
ASTENO-NEWROTIKI SINDIROM.
Bu newrologiki bozulmada tutus bedende yuze cykyan alamatlar (awuşama, gijilewük, agyry we ş.m.) syrkawy hatda rahatlyk yagdayynda-da biynjalyk edip bilyar. Gozlerinin oni ucganaklayar, endamda garynja yoreyan yaly bolyar. Ka halatlarda ayaklar wagtal-wagtal sanjyp agyryar, gijeyar, gysylyan yaly bolyar. Syrkaw bu yagdaya cydap bilman, ayaklaryny hereketlendirmage mejbur bolyar.
Asteno-newrotiki sindromyn (alamatlar toplumy) yuze cykmagyna spirtli ya-da duzuminde kofein saklayan icgilerin, sitrus miwelerin (limon, mandarin, apelsin) dowamly ulanylmagy, bedende uzak wagtlap agram salynmagy, yurek we bowrek yetmezcilikleri, merkezi nerw ulgamynyn keselleri, stresler, cilimkeslik sebap bolup bilyar. Ol ylaýta-da duygur, nerw ulgamy gowsak adamlarda, önelgesiz ya-da klimaksy geciryan ayallarda kop dus gelyar.
NÄME ETMELI?
Terapewt we newropatolog lukman bilen maslahatlasmaly. Zyyanly endiklerin bilen hoslasmaly. Yorite gimnastiki masklar, suwda yuzmek, owkalama, autotrening (öz-özűňi ynandyrma), rahatlandyryjy osumlik caylary (meselem, şirguýrugyň, narpyzyň, waleriananyň, limon otunyn demlemesi) komek edyar.
Çeşme:Saglyk žurnaly.
23.09.2021 21:53

Bilim, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir