Suw gepe düşünýärmi? Mukaddes Ruhnama: - Adamzat ýigriminji asyrda Zemini, ähli sebitleri, Ýeriň haýwanat, tebigat, ösümlikler dünýäsini ilik-düwme öwrenip, asmana çykyp, täze ösüş eýýamyna gadam basdy. Adamzat döräli bäri özüni Zeminde pikirlenip, gurup, döredip bilýän, ýalňyz akylly-başly Zemin şasydyr öýdüp ýören pikiriniň ýalňyşdygyna göz ýetirip başlady. Ýapon alymy Prof. Dr. Masaru Emoto içinde ýetmişden gowrak kristalyň suraty jemlenen “Suw kristallary” atly kitabynda: “Suw jansyz madda däldir. Suw janly hem-de duýgur kristallardan emele gelýär. Suwa daş-töweregindäki hadysalaryň täsiri ýetýär we suw şoňa görä garşylyk görkezýär” diýýär. Prof. Emoto mundan 7-8 ýyl ozal mikroskop arkaly geçiren barlaglarynda, doňan suw kristallarynyň daşky täsirleriň netijesinde, dürli şekillere eýe bolýandygynyň üstüni açypdy. Bu geçirilen barlaglar esasynda suw kristallaryna daşky täsirler bilen birlikde, sazyň, sözüň, duýgunyň, aň-düşünjäniň hem täsir edýändigi anyklandy. Kristallaryň suratlaryna göz aýlanyňda, suwa nämäniň nähili täsir edýändigi aýdyň görünýär. Suwuň ýanynda mähir-muhabbete beslenen sözler aýdylsa, ýa bolmasa, asuda saz göýberilse, kristalyň şekili alty burçly owadan bolýar. Mysal üçin, suratlaryň birinde, kristallaryň şekili bulaşypdyr. Çünki şonda suwuň ýanynda “Şeýtan” sözi agzalypdyr. Başga bir suratda, ýanynda doga-dileg edilende suwuň kristallary owadan altyburç şekile öwrülipdir. Prof. Emoto özüniň bu işi bilen ýene-de göze görünmeýän ruhlar äleminiň hem bardygyny görkezipdir. Emoto suwuň diňe ýatkeş hem-de maglumat saklaýyjy häsiýetli däldigini, eýsem, onuň şol bir wagtyň özünde älemiň pynhan diline düşünmäge-de ukybynyň bardygyny hem subut etdi. Munuň üçin ol şeýle barlag geçirdi: iki küýzäň içinde bürünji suwa ezip goýýarlar. Küýzäniň biriniň daşyna “Sag bol”, beýlekisine bolsa “Akmak” diýip ýazýarlar. Bir aýyň dowamynda bu sözler küýzeleriň ýanynda dowamly okalýar. Netije bolsa diýseň täsin galdyryjy. “ Akmak” diýlip ýazylan küýzäniň içindäki bürinç çüýräp, porsap ugrapdyr. Beýlekisi bolsa zaýalanman, oňat saklanypdyr. Bu barlag görşümiz ýaly, erbet we gowy sözler suwa hem-de bürünje öz täsirini ýetiripdir. Suw içmezden ozal “Bismillahirrahmanirrahim”, içip bolandan soň “Elhamdulillah” diýmegiň uly sogapdygyny Muhammet Pygamberimiz (s.a.w) mundan 1400 ýyl öň aýdyp geçipdir. “Suw kristallary” atly kitabynda Prof. Emoto “ XXI asyrda iň ähmiýetli waka ylym bilen diniň täzeden tapyşmagy bolarmyka öýdýärin. Eger din bolmadyk bolsa, adamlar akmaklaşardy, ylym hem şu günki üstünliklere ýetip bilmezdi” diýip ýazýar. Emoto “Suw kristallarynyň kömegi bilen ýer titremäni öňünden aňsa bolar” diýýär. Munuň üçin ilkinji nobatda ýer yranmasy bolup geçýän zonadaky suw kristallaryna ýer yranmasynyň nähili täsir ýetirýändigini anyklamaly. Soňra bolsa kristal şekilleriniň üýtgeýşine mikroskop arkaly yzygiderli gözegçilik etmeli. Sebäbi ýer yranmasynyň bolup geçýän zonalarynda, ýer astynda bolup geçýän ahwalatlar birden däl-de, günläp, hatda hepdeläp dowam edýän wagtlary bolýar. Ine şonuň üçin ony irräk aňsa bolýar. Suw kristallarynyň surata düşürilişi şeýle: Ilki bilen suwy -20 derejede doňdurýarlar. Suwuň sowuklygy -5 derejä ýetiberende, kristallar görnüp ugraýar. 5 mm-lik buz böleginde bary ýogy 25 mikron, ýagny 0,025 mm ululykda bir kristal bolýar. Bu sebäpli hem olary görmek üçin 200 esse ulaldyp, titretmän saklamaly. Suw kristallaryny takmynan 50-60 sekuntlap, buzuň so¬wuk¬¬lygy 0 derejä ýet¬ýänçä görüp bolýar. Bu ylmy haky¬katlardan ugur alyp, ge¬liň, Allahyň bize eçilen na¬zy-nygmat¬laryna bolan garaýyşymyzy ýene-de bir gezek gözden geçireliň.

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir