BİLÝÄRSİŇİZMI?... Malazgirt ýeňşi bilen Oguz zürýatlaryna Anadolynyň gapylaryny açan Beýik serkerde Alparslanyň köşk naharhanasynda her gün elli goýun ýa-da geçi kesilip garyplara paýlanandygyny... Soltanyň diwanynda sanardan kän garyp maşgalanyň atlary bellenen depderçe bolup, bulara ýörite aýlyk kömek pullarynyň berlendigini... Hökümdaryň syrkaw we garyp kişini gören wagty gözýaşlaryny saklap bilmän aglandygyny we derrew ol bendä kömek elini uzadandygyny... *** Hindistan butparazlaryny düýşlerinde hem rahat goýmadyk, taryhda seýrek duş gelýän gahryman şahsyýetlerden biri bolan Mahmyt Gaznaly türkmeniň her gije üstündäki patyşalyk lybasyny çykaryp, köne eşigini egnine alyp, daň agarýança gulluk düşünjesi bilen Ýaradana ýalbaryp-ýakarandygyny we özüni hemişe günäli saýyp: “Men ne emreden soltan, ne beýik bir fatyh men, Bu dergähe ýüz sürýän biçäre bir pahyr men. Elimden, amalymdan hiç närse hasyl bolmaz, Diňe seň yhsan eliň enşalla bolar ýarym” - diýip, Hak dergähinde gol açyp dileg edendigini... *** Beýik alym Ibn-i Teýmiýäniň (1263-1328), kitap okamaga başlamazdan öňürti biline ýetýän uzyn, örülgi saçlaryny diwardaky bir çüýe mäkäm baglandygyny... Haçan-da ukysy gelip, başy öňe tarap eglip başlanda, çüýe daňylgy saçynyň yzasyna ukudan açylandygyny... Bu ylym aşygynyň, şeýle irginsiz zähmetiniň netijesinde, dünýeden öten wagty yzynda müňlerçe sahypalyk ajaýyp eser galdyrandygyny... *** Beýik Yslam syýahatçysy Ibn Battudanyň ýazmagyna görä, 1258-nji ýylda mongollaryň Bagdatda 24 müň alymy öldürendigini... Şäherdäki kitaphanalardaky ýüz müňlerçe kitaby çykaryp, Tigr derýasyna oklandyklaryny we kitaplaryň köplüginden ýana, derýanyň akymynyň ugrunda bir bent emele gelendigini... Munuň, derýanyň daşmagyna sebäp bolaýmagyndan gorkan mongollaryň kitaplary suwa oklamagy bes edip, galan bölegini oda berendiklerini... Beýik yslam akyldary Möwlana hezretleriniň fizika ylmy bilen ýörite meşgullanmadyk hem bolsa, kalp gözi bilen äleme seredýän akyldar hökmünde, mundan ýüzlerçe ýyl öň bize atomyň bölejikleriniň bardygyny we atomyň böleklere aýrylyp bilinjekdigini: “Bir zerräni kesseň, içinde bir Gün we töwereginde aýlanýan planetalaryň bardygyny görersiň” şekilinde habar berendigini... *** Lenin bilen bilelikde kommunizm agdarylyşygyny geçirip, müňlerçe adamyň ölümine we ýene müňlerçe adamyň sürgüne iberilmegine sebäp bolan Trotskiniň (1879-1940) özüniň hem sürgüne iberilip, penalanara ýurt tapmandygyny... Bütin ömri “orak-çekiç” dawasy bilen geçen bu Sowet lideriniň, has soňra Meksikada bir çekiç bilen kelleçanagynyň owradylyp öldürülendigini... *** Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) dogruçyl bolmagyň, hakykatyň tarapynda durmagyň ähmiýetini nygtap, şeýle diýendigini: “Dogrulykdan aýrylmaň. Çünki dogrulyk ynsany ýagşylyga, ýagşylyk-da ynsany Jennete elter. Kişi dogruçyl bolsa, dogrulygyň gözleginde bolsa, soňunda Allah gatynda onuň sypaty “Syddyk” (dogruçyl) diýlip ýazylar. Ýalandan daş duruň. Çünki ýalan erbetlige, erbetlik-de Dowzaha elter. Kişi ýalan sözlese, ýalan sözlemegi dowam etse, soňunda Allah gatynda onuň sypaty “Ýalançy” diýlip ýazylar.” (Buhary). *** Sahabalaryň jemlenen bir mejlisinde ol ýerdäkilerden ata-babalarynyň kimlerdigi soralyp başlanan¬dygyny; gezek asly eýranly bolan Selman-y Farisi hezretlerine ýetende onuň: “Men yslamy kabul edenimden soň, nesil yzarlamaýaryn. Men yslam ogly Selmandyryn” diýip jogap berendigini... Bu täsirli jogapdan hoşal bolan Hezreti Omaryň hem: “Ähli kuraýş halky bilýändir, kakam Hattab kuraýşyň kethudalaryndan biridi. Şeýle-de bolsa men, Yslamogly Selmanyň dogany Yslamogly Omardyryn” diýendigini...
Bilyarsingizmi?
-
Nechka94
14 years ago
- Kop kop minnetdar yolbars dost men tm onki derejesine yetjekdigine ynanyan hemmamizem umytda bolalyn. Yone su wagt hem sol sssr halayan bar name ucin halayarlar men hayran
-
samser
14 years ago
- Yazgylaryñ ün sagbol shir.
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar nb!
-
yolbors
14 years ago
- aslynda social bolmasy gawy ýone partylar bolmali w millýetçilk w wata soýerlik bolmali , ema sssr zamanida turkmenler orslar uçin işleýardi !
-
Nechka94
14 years ago
- Nb sanada kok kop minetdar men bu haty yolbars yazdymyka diyip otyrdym. Son swet nb diyenson seretdim nb eken. Bizinem bilmeyan zatlarymyz gaty kop ekenay diydiryaray bu sayt.
-
samser
14 years ago
- Sagbol nb. Nb diymek nämay?
-
Nechka94
14 years ago
- Bilyan bolsanyz sssr ata,babalarymyza garsy gidip gokdepan gapdallaryna uzum ekdiler. Uzumdenem wino,kagor zat yasalya. Ata,babalarymyz orslar tm halkyna seraby getirmezlikleri sunca jan cektiler. Yone orslar ata,babalarymyz mazarynyn ustine uzum ekdiler. Ah su orslar wara...
-
Nechka94
14 years ago
- Samser son manysyny mana aytmady.
-
samser
14 years ago
- Onuñ haky bar. Aytman biler. Yöne biz ondan gaty görmeris.
-
Bravo
14 years ago
- Gyzyla barabar maglumatlar! Berekella nb minnetdar dowam ediber.
-
NB
14 years ago
- Gollawyngyz uchin kop sag bolung. NB sozing manysyny hazirlikche aydyp biljekdal. Yone uzagyndan belki aytmagym ahmal.
yolbors 14 years ago- şul gaýratli milletiň nesli siz turkmenstanli turkmenler ! ema komonist sizi na bir duruma getryb dyr !