"sen hakynda" sen hakynda yazmak islap,otyryn men pikire batyp, yatlayaryn bile gecen gunlermizi gama batyp, gecmez boldy gunlerim men,gelmez boldy danlar atyp, na sebapden beyle boldy?bu bir bize synagmydyr? gama batyp otyryn oz-ozumi yitirip, sen hakdaky duygularym kagyz yuzune getirip, gurrun bersem baryny,sen gashynda oturyp, na sebapden beyle bolyar?ya-da bu bir arzuwmydyr? dogurdan hem sebap barmy, menden gaty gormage, bilmen ya-da sebapsizmi, ozum oda salmaga, bu yollarym dowam etmez,sensiz dowam etmage, na sebapden beyle boldy,ya-da bu bir bowetmidir? yalabryaryn dyza cokup,gozlerine gozum dikip, name meni gynayarsyn,sen mahirli gulup bakyp, "soyyan" sozunin yerine,"dostum" diyip icim yakyp, na sebapden beyle diyyan,"soygi"dostluk bolyanmydyr? .................................................... ......."senin ucin"!! oturyp bir ozum sesiz otagda, yazjak bolup,dine-dine senin u/n, bar pikirim jemlap,akyl hushumda, owrup bilsem shygra dine senin u/n! atly-guycli sahyr dal men,kawagtjyk yazsam bile, yazan bolyan kawagtjyk,yurek takat etse bize, yazgym bilen gul yuznuze shatlyk cayyp bilsem size, bilsem beyle boljagyny,yazjak dine senin u/n! shadyyan sen mydam sheyle gezaysen, bu yollary dine yenip gecaysen, wah yene-de bir azajyk osaysen, arzuw edyan bulan baryn,dine-dine senin u/n! durmush yoly agyrdyr,mun yanarsyn ocersin, tutan yolun bagtly yol,biraz kynrak gecersin, kyn gunleri gecip bilsen,ajap gune yetersin, yetmegini arzuw eylap,onam dine senin u/n! ay bolya-la yeter indi beyle kan hem yazmayyn, "gyz gowni bir nazikdir", birden gowne degmayin, yazanlama gownun yetse,sona bolup men kayyl, "sagbol sana"diysen bolyar,onam dine menin u/n!!;))
Goshgylar
-
shaka
14 years ago
- Söýgi bu bir bosh doýgymy,
ýada söýgi çyndanam barmy
bilemok barmy ýokmy ony,
ýöne indi söýmerin men seni
-
ozik
14 years ago
-
bagyshla meni̇
men seni soyupdim, jandan yurekden,
dushushsak bash atyp salam beryardik,
yone soygimizi birek-birekden,
sabyr-takat edip gizlap yoryardik.
gijeler sen hakda hosh duyshler gorup,
gundizler yzyndan synladym ence,
sen hem penjiranin perdesin syryp
bize serederdin agsam dushinca.
emma yuregimizin tuys tylla taji
ilkinji soyguden gurrun acmazdyk,
sheydip dymyslykda tapman alajy,
biz yerin yuzunde 5 yyllap gezdik.
shindi hem ikimiz dushushyas kate,
shindi hem bash atyp salam beryarin,
yone gorejini gorup birbada
name diyjegimi bilman duryaryn.
yene nace gezek gun yashyp dogar,
mydam yuregimde saklaryn seni,
yone sen hem men dek okunyan bolsan,
mun ucin 1000 gezek bagysla meni ...
-
ozik
14 years ago
gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň.
soň görüp biriniň şerraý aýalyn,
şolardandygyna ynanmaýarsyň.
-
Cwetocek
14 years ago
- Ozik tuweleme gowy tema acypsyn. Kooop goshgy yazarsyn diyip umyt etyan. Hezil edip okarn nesipbolsa
-
ozik
14 years ago
- nesip bolsa yazaryn swetik. :-)
-
ozik
14 years ago
- adamlara shatlyk paylamagyn ozi bir bagt :-)
-
shaka
14 years ago
- Ol gün ýadyña düshýärmi seniñ
nämeler diýdiñ seredip ýüzüme meniñ
göwnüme degdiñ,ýüregimi ýaraladyñ
shondan soñam ýanyma geldiñ
maña garap diýdiñ bagyshla
maña diýen zatlaryñy sen ýatla
dostlaryñ sen öwündiñ aýdanymy diñlemediñ
sheýdibem maña özüñi tanatdyñ
-
ozik
14 years ago
- shaka bu goshgy ozunkimi? oz durmyshyndan alyp yazdynmy?
-
ozik
14 years ago
- gurbannazar ezizov
söýgi
(sonetler çemeni)
i
ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
günler ömrüñ eleginde elener.
yza dönmek islär däli göwünler,
geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.
her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
mende-de ahmyr bar. ýöne men hergiz
seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
meniñ bar ruhumy direlden serwim.
ýolumyzyñ çatak düşeni üçin,
gam çekme. bu derdi götergin merdem,
uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli,
saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
ii
saralan ýapraklañ düşüşi ýaly,
solgun ýatlamalar giripdir köñle.
uçurdyñ eliñden arzyly ýary,
indi bir ýatlamañ söhbetin diñle.
köpler kimin duşmasam-da ýara men,
duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
päklige düşündim şo duýgy bilen,
şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.
duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny,
soradym halyñy her bir geçenden.
öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy
alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden.
ýollar kimin uzap barýar bu günler,
ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.
iii
ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
wokzal. front. al gan örtüpdir gary.
gysdy penjesine ölümli günler,
a men, näme üçindir, ýene-de diri.
buguñ eteginde ýazyldym ýere.
öldüm. soñ seretsem, ýene-de diri.
berliniñ öñünde öldüm men ýene.
öldüm. soñ seretsem, ýene-de diri.
señ bilen ýylyndym çygly zeminde,
señ bilen, eý, meniñ şatlygym, görgim.
ähli ölümleri öldürdim şonda,
özüm üçin, hemem señ üçin, serwim.
töwerek gümmürdi, töwerek däri.
ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
iv
ýollar aýra salýar ýar bilen ýary,
özi bolsa gidip otyr ummana.
indi seni baky dünýeden bäri
görüp biläýjegim örän gümana.
ýöne mahal-mahal iñrik garalyp,
seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar,
azaşan ýolagçyñ geýmine girip,
meniñ söýgim meniñ gapymy kakýar.
kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
mydam köñül arzuwyna ýetme ýok.
bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
ýaşamagam iki gezek berlenok.
her günüñ – bir ömür, bir uly sene -
söýgi günleriniñ adaty, ine.
v
söýgi günleriniñ adaty, ine:
her günüñ – açyşdyr,
her günüñ – şatdyr.
onuñ algebrasyn çözersiñ. ýene
birini ýazansyñ, ikisem ýatda.
meniñ söýgim şeýle kämil çykypdyr,
eger sen dönäýen bolsañam daşa,
söýgim gursagyña girip, diýerdi:
“sen meni ýaratdyñ. indem sen ýaşa!”
bir gösem-ä, saña elim ýetenok.
bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý.
bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
ikimize welin, ýeterlik olar.
ýatlama-da sary, gussa-da sary.
yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy.
vi
yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy,
ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara.
baglañ pyntyk ýaryşy deý mart aýy,
ähli duýgularyñ pyntygyn ýarar.
şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine.
nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar.
düşüner ol aýyñ gözelligine,
lukman bolup güller bilen sözleşer.
aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn:
şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn.
demigip gürrüñ biýr saña günuzyn,
ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn.
köñül öwşün atmaz yşkyñ nuruna,
aşyklar duşmasa biri-birine.
vii
aşyklar duşmasa biri-birine,
bir deñze guýmasa ol goşa derýa,
ähli umyt siñer ýeriñ şoruna,
ähli geljek göni geçmişe barýa.
men seni soraglap gezýän dünýäni,
seni tapjak bolýan şamu-säherden.
bu gün bu şäherden otla münýärin
taparyn diýp başga oñat şäherden.
sorag belgisi deý garañky gökde,
egri aý soragly bakýar gözlerme,
...ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda,
uzaklygy çalym edýär gözlerñe.
ýürekler almasa söýgüden paýy,
dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
viii
dogmajak ýalydyr güni hem aýy,
aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan,
ýöne gam çekmekde, heý, many barmy?
bu ýeke-täk ýolmy ýollañ baryndan?
söýgi hasrat däldir.
ýürekde dörän,
hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
men söýgini belent göterdim örän,
misli maña tabşyrylan al baýdak.
men ölerin.
şeýdip mazarym dörär.
(alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
söýgim gelip mazaryma büdürär
hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi.
söýgim gözýaş döker üstümde günde,
her hal säher tüm çetinden jyklanda.
ix
her hal säher tüm çetinden jyklanda,
suwy süýjän alma kimin dañ atar.
şeýdip, ýarym, dünýe gezen ykmanda,
günüñ mis naýzasy zemine ýeter.
sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym?
bagtymmy?
gaýgymmy?
ony kim bilýär.
seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim,
saña oñat sözler aýdasym gelýär.
men sensiz şatlykda ýaşadym, arman,
örän köp şatlykdan ýadadym-irdim.
seni tapsam, şat şäherde ornuñ bar.
gussa şäherimi bagta öwirdim.
şonda bagtym üste uly gün dogar,
rugsat berenden soñ haýbatly horaz.
x
rugsat berenden soñ haýbatly horaz,
başlar baky urşy “ýok” bilen “baryñ”.
a men sen barada ýazaryn gazal,
oñarsam gussamy ilden gizlärin.
öterin men ähli deñizden, otdan,
goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym.
söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan,
seni söýüp, soñra mertlik gazandym.
döredi öñümde gomlaryñ beýgi,
ýeñdim men olary ýeñşi deý gämiñ.
belki, myradyna ýetmedik söýgi
ýeten söýgülerden kämildir kämil.
bu dünýe jemidir (oý ediñ, barlañ!),
ähli duşan hem duşmadyk ykballañ.
xi
ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä.
duşanlary – bir ýassykda uklarlar,
duşmadyga – bir ýassyk az görünýä.
şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
kim ol? ady näme? gelipdir nirden?
ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi,
señ adyñy tutman saklandym zordan.
sen sesimi eşden bolsañ eger-de,
ýüregñi gyýardy ol misli päki.
men nirde ýansam-da, doñsam-da nirde,
seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky.
seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger,
üstünden lowurdap tylla gün dogar.
xii
üstünden lowurdap tylla gün dogar,
oñatlygyñ hemem erbet pälleriñ.
onuñ örän uly aladasy bar –
olam aladasy uly şarlaryñ.
ýogsa onuñ özem men diýen aşyk,
şol ylgap ýör. oña pellehana ýok.
her günde bäş sany materik aşyp,
şindem aý ýaryna duşup bilenok.
ýöne ol ýyladýar duşmadyklary,
aýa duşman, edýän ahmyrna derek.
bize-de, gün ýaly, gussajyklary
öz nurumyz bilen gizlemek gerek!
oñatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty.
söýülse, gün dogsa dogmaly wagty.
xiii
söýülse, gün dogsa dogmaly wagty,
sekiz elli gussañ manysy ýokdur.
iru-giç päk bolsa ynsanyñ bagty,
başda söýýän wagty ýüregi päkdir.
söýgiñ bilen maña beren päkligiñ
bu başymy belent göge ýetirdi,
meniñ ykbalymda seniñ ýoklugyñ
maña juda tämiz gussa getirdi.
seniñ gussañ bilen galdym belende,
seniñ gussañ bilen ömrüm abatlyk.
gussa söýgi bilen dörän bolanda,
dünýede iñ tämiz şatlykdyr şatlyk.
guramaz dünýede söýgiñ daragty! –
ine, adamzadyñ iñ zerur bagty.
xiv
ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin.
söýüp – peslik, pislik köküni gyryñ!
söýgi bilen söýüñ! a söýgi giñdir.
her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym,
çünki meñ geçmişim – seniñ söýgiñdir.
seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ,
ýañakda gijeden yz galan halyñ,
seniñ meni gözläp ýören gözleriñ –
şudur ähli geçen, geljek ykbalym.
gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr ýer,
ömrüñ agajyndan düşüp dur günler.
-
ozik
14 years ago
- ynan senden hakykaty gizledim,
nace naz etsende cydadym mydam,
mydam oz bagtymy dashdan gozledim,
yone menin bagtym sendin elmydam.
ence yillar otup, aylansa asyr...
her adamyn yazgydy bar ayratyn,
ikimizin yazgydymyz cholashdy,
pak soygime gujak acan yuregim
sen arzuwlan hasratyna bulashdy.
bolyar ilden gizlayin men soygimi
yone senden oz duygymy gizlemen ynan,
mana agyr sutem etsende
senden ozge yary gozlemen.
-
shaka
14 years ago
- Howwa özümki ýangyja ýazdym tamany görüp.öz durmushumda-da boldy özgeleñkide köp görýän
-
ozik
14 years ago
- gynanjymy bildiryan :-( yone garanky gijeler gutaryp ertesi gun yene gun dogyandyr shaka
-
shaka
14 years ago
- Aý howwala bu zatlar men durmushumdan gecher gider.
-
ozik
14 years ago
- hemme kishinkidenem gechip gidya, yone nado umet perejit,
-
ozik
14 years ago
- görmeksiz gyz
ine, barýaň umydyna büdräp ,
egnin horlugyňa utanyp çala ,
uzakda orkestor joşup –titräp,
tans edýär owadan gyzlary bile .
hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden ,
olar birden ýere ýetäýjek ýaly .
geçip barýaň ýigitleriň deňinden ,
gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
unudyp bilmän görmeksizje doglanyň ,
ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
emma ýigitleriň öz gaýgysy bar :
ÿörite ýag bilen saçlaryn darap .
olar wagytdanam ozup barýarlar ,
özleriniň owadan gyzlaryna tarap.
ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň.
saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ?
bu şäherde näçe diýseň ýigit bar ,
seni oýe ugradanok biri-de.
gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip ,
owadan gülüşip ýüregiňe düşýär .
olar görmegini artdyrjak bolup .
gezegine seniň bilen tirkeşýär.
öýe gelýäň .gyýýar ýüregiňi ünjiň ,
harasatdan çekilýär iki owurdyň .
aglaýarsyň :”ah ,eje jan , name üçin
meni beýle betgelişik dogurdyň ?”
emma goňşy gelin –bir görmegeý dul .
atasyz ogluna günäli bakýar.
hem seniň tersiňe ,
gussa-gam çekýär;
“owadan dogulma ,bagytly dogul “
aglama,gyz! uýajygym gam çekme ,
bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden .
bu howlukmaç ýigitlere at dakma .
kim gecenok öz bagtynyň deňinden .
käte şeýle bolýar :görkdür –görmek
gidip otyr il –içinde at alyp ,
ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek .
ÿolda.gum içinde galýar sadalyk .
tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek ,
sada bol, aýlaryň doguşy ýaly .
şeýle ýigitler bar (olar bar entek )
sen dek gaýalarda olaň hyýaly !
-
shaka
14 years ago
- Dost özüñ ýazýarmyñ.meneñ köp goshgulam bar ýöne chykaryp biljek däl
-
shaka
14 years ago
- Dost özüñ ýazýarmyñ.meniñem köp goshgulam bar ýöne chykaryp biljek däl
-
ozik
14 years ago
- yoo dost bu goshgylar menki dal.
men ka wagt soygulim u.n 1-2 toppajyk yazyan yuzley.
-
shaka
14 years ago
- Hä düshünikli.menä (öwünemok) ýazýan köplenç.ýazjak diýip ýazomok kä wagt dileme gelip durýa shol wagt ýazmasam soñ kelleden çykýa.
-
ozik
14 years ago
- gamlanma sen, uyajygym gam chekme.
ine bir gun geler, shatlykly gunler,
shonda diyersin sen, yurekden gulup:
"sag bol beyik allam, beren gunune."
-
Cwetocek
14 years ago
- Ozik kop kop minnetdar!
-
ozik
14 years ago
- yurejik hakda
ey, yaradan, men yaradar,
sana birje sowalym bar.
belent bashym sameden,
men yuregim nameden?!
agachdanmy ya dashdanmy?
demirdenmi ya aynadan?
bay-bay, kate serimi ol
aynadar-ow, aynadar.
plassmasdanmy, matadanmy?
rezindenmi ya gardanmy?
palchykdanmy?
ha, palchykdandyr.
palchykdan dal, gumdandänim
yasayansyn togalapjyk.
etden-a dal, shon-a bilyan.
ne yigrenyar, ne-de soyyar.
ne duygy bar oňluja
ne dashyny yag tutyar oň,
ne-de ichi suwlyja.
-
Cwetocek
14 years ago
- Yurejik bir bolejik etden:-) sagja bol goshgyn ucin
-
ozik
14 years ago
- durmush
durmush - yalnyshlyklar edilyan gunler
durmush - bu gun aglap son gulyan gunlen
durmush - adamlaryn yashayan yeri
durmush - hem gozellik hemem godeklik
durmush – kop zatlary owredyan bir zat
durmush – senin oyun hem-de ene-atan
durmush – dost-joralan, dogan-gardashlan
durmush – senin bilen bagly ahli zat.
durmushda aydylman galan sozler kan
durmushda edilmedik ishlerem kopdir
durmushda yetmedik arzuwlaryn bar
durmushda okunip gechen gunlen kan।
-
Cwetocek
14 years ago
- Dogry
-
nashyja
14 years ago
- respect all students
-
Batyr1986
14 years ago
- osuran sycan gosgy yazmasa govy boljak
-
Cwetocek
14 years ago
- Barde sen diyen zatlarny etyan yok batyr. Onarsan senem yaz. Yogsada yazjaklara pasgel bermejek bol!
-
fistik
14 years ago
- salam goşgular üçin sagbolun
-
BagT
14 years ago
- Эзизим адына Бобы дакайын
овирлип сана бакайын
сен бакмасан, киме гулип бакайын
мен адымдан сойгулиме коп салам!
-
vepabet
14 years ago
- fıstık yataňokmy
-
ozik
14 years ago
- dash aytdyn bagt
-
BagT
14 years ago
- ок минетдар ozik!
-
ozik
14 years ago
- awtary mahri muhammedowa
“sana”
ezizim! hich hachan bolmandyn menki,
indem bolmajagna yetip dur gozum.
shonda-da gussadan doly gursagma
teselli berip dur sen “soyyan” sozun.
muna-da gunakar yeke-tak ozum,
hem gedemlik baglan tekepbir gursak.
mana-da kalbymyn syryn achmaga
yogsam, kan gezekler bolupdam pursat.
gyssanmadym boyun almaga sheyle tiz,
hem kalbymyn shol kadasyn bozamok.
on dozmandim goybermage dunyame
indi bolsa ozge dunya dozemok.
-
BagT
14 years ago
- гуссалыгы гошгы!
-
BagT
14 years ago
- Байдакланы гомсене гозимден душя!
-
Fonetika
14 years ago
- Gyshda gelmedingmi,gelmegin yaza,
Gitdingmi yalbaryp,dolanma yza
Gowning yar beripsing bir nazli gyza
Hayyshdym hich indi gorunme goze.
-
ozik
14 years ago
- fonetika dushunmedim, bu goshgyn manysy name?
-
Fonetika
14 years ago
- Salam ozik!yagny bir oglan gyzy uzak wagtlap unudyar,gyzam oglana garashyar,oglan song gelip bagyshlamagyny sorayarda .shonda gyz shu goshgyny yazypdyr.yone men yazamok dinge gochurdim
-
ozik
14 years ago
- salam fonetika. dushundim, sagja bola gowja goshgy eken.
-
Cwetocek
14 years ago
- Goshgularynyz un minnetdar!
-
BagT
14 years ago
- бет!
-
vepabet
14 years ago
- soňky aýlananlar
vepabet
memati
samser
BagT
kursant
ozik
jambo
Goool
Ford
Gozela
Prinsessa
Cwetocek
Rahip
Batyr1986
tmtiger
ozik 14 years ago- "awtory garabekewul"
uzynly gun ish, okuw, alada bilen,
yadayan uly shaherin, showhun gohundan,
yany yatayyn diyip yerime gecsem,
ukym gacyp gityar, senin “horyndan”..
shondan son bashlanyar ahli tomasha,
yatmak u/n ahli zady deneyan,
munden ta bire cen, yzlygyna sanap,
gacyp giden ukymy men gozleyan,
ay ahyr “yeterhow” bolar yaly dal,
cydap bilman senin bowrune durtyan,
tisginip dars edip, yerinden galsan,
diyyan “ ay agam , sen gaty hor cekyan!!!!
elini yokaryk zynyp yatmada,
sag egnine tarap owrulip yatay,
sheytsen has hem rahat yatarsyn,
elbet men pahyr hem rahatlan bijay..
ay ol bolsa bu zatlary dinlap hem durmaz,
zynar kellesini yassyga tarap,
yene bir minutdan shol onkije ses,
hujim etyar menin beynime tarap,
gulakdaky pagtany yatdan cykaryp,
kawagt ishe de shon bilen gityan,
jan dostlar siz mana maslahat berin,
bolmasa men pahyr dalirap gityan