Regaip, elde edilmesi arzuw edilen gymmatlyklar diýmekdir. Bu mübärek gijede, Beýik Möwla gullaryna bol-bol rehmet we yhsan paýlaýandygy üçin bu ady alypdyr. Regaip gijesiniň içinde bolan Rejep aýy, halk dilinde "üç aýlar" diýlip bilinýän rehmedi, berekedi we magfireti (Allatagalanyň bagyşlamagy) köp bolan magnawy bir söwda möwsümine girişimiziň habarçysydyr. Rejep aýy Gurhanda haram aýlar diýlip agzalýan dört aýdan biridir. Regaib gijesiniň beýle bir aýyň içinde ýer almagy, şol bir wagtyň özünde bu gijäniň ähmiýetini-de görkezýär. Tema bilen baglanşykly aýatda Beýik Allatagala şeýle buýurýar: "Allah gatynda aýlaryň sany on ikidir. Bulardan dördi haram aýlardyr. Ynha bu Allah'yň dos-dogry kanunydyr. Beýle bolsa ol aýlarda özüňize zulum etmäň. (Tewbe Suresi, 36) Hz. Pygamberiň (s.a.w.) eden şu doga üç aýlara beren ähmiýetini bildirýär: "Allah'ym! Rejep we Şaban aýlaryny bize mübärek eýle we bizi Ramazana gowuşdur." Mähriban Mü'minler! Bu mübärek günler we gijeler, özümize seretmek we baha bermek nukdaýnazaryndan örän zerurdyr. ýene bir gezek geçmişimiziň hasabatyny çykarmak we gelejege taýýar bolmagyň çärelerine seretmeli we pikir etmelidiris. Eý Allah'y söýýän diýýän ynsan! O'ňa garşy gulluk wezipäňi edýärmiň? Pygamberimi söýýän diýýän Musulman! O'nuň (s.a.w.) sünnedini, ahlagyny berjaý edýärmiň? Kitabym Gurhandyr diýseňde, ondaky emirleri ýerine ýetirip, gadagan edilen zatlardan gaça durýarmyň? Allah'yň nygmatlaryny iýýäň welin, şükürini ýerine getirýärmiň? Aç, dermansyz, hiç kimi bolmadyk, garyplary gorap, seredýärmiň? Ölümiň hakdygyna şübhe ýok. Şu wagt ölüme taýynmyň? öz ýalňyşlaryňy düzldip, toba edýärmiň? Geçen ýylyň bu mübärek gününde seniň bilen bile bolsalar-da, şu wagt görüp bilmeýän dost-ýarlaryňy, garyndaşlaryňy, hossarlaryňy ýadyňa salyp, özüňi tertibe salyp bilýärmiň? Hawa, bütin bulary özümize sorap, şu wagtky ýagdaýymyz bilen deňeşdirmek, bu mübärek günleriň we gijeleriň ähmiýetine aň ýetirmek diýmekdir. Eziz Musulmanlar! Bu insany we yslamy ölçegleri pikir edip, ýamanlyklarymyzdan, ýaman gylyk-häsiýetlerimizden uzak durup, toba edip, gelejegimizi-de has gowy ýerlere getirmäge bagyşlasak, karar bersek; her günümiz kandil gijeleri ýaly üstünlikli, soňumyzam baýramlar ýaly begençli, şadyýan bolar. Bu gijä mahsus bir ybadet şekili ýokdur, emma, gündizine agyz bekläp geçirmek, mätäçlere kömek bermek, bar bolsa dargyn bolan kişilerimiz bn ýaraşmak, ene-atamyzyň we ulularymyzyň haýyr-dogalaryny almak, gijesini Gurhan okamak bilen we Pygamberimize (s.a.w.) salat-u salam getirmek bilen, toba ystygfar etmek bilen geçirmegimiz dogry bolar. Kandiliňiz mübärek bolsun.
Regaib Kandiliňiz mübärek bolsun!!!
-
Fonetika
14 years ago
- Shakird Beyik Allatagalla sizden razy bolsun!
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar shakrid!
-
Rahip
14 years ago
- Tuweleme! regaip gijelerñiz kabul bolsyn, hemmelere shularyaly gijede metjitlerde doga etmek we allanyñ söyen bendeleriniñ biri bolmak nesip etsin. (Ämin)
-
Branco
14 years ago
shakird agam berekella. Regaip kandiliniz mubarek bolsun! Allajan (j.j.) sizden razy bolsun!
-
Broker
14 years ago
- Hemmanizinki kabul bolsun, meng maglumat ceshmam an deň gelmeyan yerleri bar eken, hemmamizinkem mubarek bolsun, geling dini toplanty gurnalyng mubarek regayip gijesinde
-
samser
14 years ago
- :-)
-
şakird
14 years ago
- Allah hemmämizden razy bolsun!!!
-
Nechka94
14 years ago
- Salam sag bol ýazanlaryn ucin ozun su wagt nirede tm damy
-
Nechka94
14 years ago
- Shakird senden bir soragym bar (bayansyz gusul bozma gunami?eger sonunda gusulini alsan) turkmence gyzsyz gusuli bozmak gunami? egerde sonuda gusulini alsan
-
Nechka94
14 years ago
- Shakird bamynay
-
şakird
14 years ago
- nachka94, seniň soragyňa düşündim. onuň jogabyny gözleşdirip, bärde siz bilen paýlaşaryn. şu wagt bu barada belli bir pikirim ýok, özümden bir zatlar diýip bilmen, ýalňyş ýa-da doly kanagatlandyrman biler.
şakird 14 years ago- 2010 Regaib kandili 17-18-nji iýun aýy aralygyndadyr.