Hezreti Isadan (a.s.) soň 300 ýyl soň, Iznikde ýygnanan hristian poplarynyň geňeşi beýleki ýüzlerçe Injiller bilen bir hatarda Barnaba Injilini okamagy hem gadagan edýär. Olar Barnaba Injilini okanlaryň hatda gazaply jezalandyryljagyny yglan edýärler. Eýsem-de bu gadaganlyk nämüçin girizildikä? Barnaba Injiliniň okalmagyndan şeýle gorkulmagynyň sebäbi nämekä? Hristian dünýäsiniň "krizislere gark bolan" kynçylykly günlerinde özüni hemmelerden ýokarda saýýan ruhanylar gatlagy mukaddes kitap bolan Injili üýtgetmek üçin adaty bir ýaryşa başlana meňzeýärdiler. Her öňýeten özüne görä Injil ýazýardy. we şonuň üçinem bu mukaddes kitap şahsy pikirlere görä üýtgeýärdi. Şeýdip, görnüş sany birnäçe ýüze ýeten we biri- birinden tapawutlanýan Injilleriň hataryna her gün täzesi goşulýardy. Hatda awtorlaryň-da ady berilýän bu Injilleriň sany şeýle bir köpelýär weli, muňa garşy çäre görmek gutulgysyz ýagdaýa öwrüýýär we Iznikde ýygnanan geňeş ( 325- nji ýylda) uzak wagtlap bu meseläniň üstünde işleýär. hem-de şo wagta çenli ýazylan Injilleriň 396-synyň okalmagyny gadagan edýär. Esasan-da, bu Injilleriň biriniň üstünde aýratyn durulýar we şony okanlaryň gazaply daraljakdygy yglan edilýär. Biziň eýýemymyzyň 492-nji ýylynda Papa bolan Kelasýüs I tarapyndan-da gadagan edilen bu Injil aslynda Isanyň şägirtleriniň biri bolan Barnaba degişli bolup, onda beýleki Injillere degişli bolmadyk bir aýratynlygyň bardygy sebäpli, onuň okalmazlygy üçin aýratyn gadaganlyk girizilýär. Şondan soň okalmagy gadagan edilen Injiller örän çalt ýygnadylýar. Olaryň bir bölegini bolsa jezalardan gorkan halkyň özi tarapyndan ýok edilýär. Ýöne şonda bir ruhany Barnaba Injiliniň birini ogurlaýar we gizläp saklaýar. Birnäçe wagt soň bu Injil Wenadaky imperatorlygyň kitaphanasyna gowuşýar. we şol ýerde iňlis diline terjime edilýär. Ýöne kilise bu Injili täzeden yzarlap başlaýar we onuň yzyny tapýar, Soňra bir hepde puryja berlip, terjime edilen Barnaba Injiliniň ähli nusgalary ýygnadylýar. Ýöne kilisäniň tagallalary ýene puç bolýar. Ýene-de iki sany Injil ogurlanýar. Olaryň biri britan muzeýine, beýlekisi bolsa amerikan Kongresiniň kitaphanasyna iberilýär. Ol kitaplar harby döwlet syr ýaly halkdan gizlin saklanýar. Bu syryň üstüni açmak bir musulman generala nesip edýär. ABŞ-da harby attaşe bolup işleýän päkistanly general Abdulrahym bu Injiliň mikrofilmlerini gizlinlikde surata düşürýär we Päkistana getirmegi başarýar. Onuň getiren mikrofilmleri birnäçe wagtdan soň "Bedum Aisha Bawamy" fondy tarapyndan kitap edilip, yslam dünýäsine ýaýradylýar. Mikrofilmler surata öwrülenden soň, ol Injiliň başdan geçiren gowgalarynyň hikmeti aýyl-saýyl bolýar. Ýagny görlüp oturylsa, bu Injil Muhammet pygamberiň (s.a.w.) geljekdigini öňünden buşlapdyr we Älemiň-de Onuň hormatyna ýaradylandygyny yglan edipdir. Eseriň 44-nji sahypasynda hezreti Isa (a.s.) özünden soň geljek Pygamberi öz şägirtlerine şeýle suratlandyrýar: «Siz şuny berk biliň. Allahyň resuly ( Muhammet) ähli mahlukat üçin rahmetdir. Ol parasatly we teselli beriji, hikmetli we gudratlydyr. Allaha söýgüden we gorkudan doly ýumşak ruhludyr. Merhemetli, ynsanperwer, näzik we sabyrly ruhy bilen, adalat we rehim duýgusy bilen hereket eder. Hak tagala ýaradanlarynyň ählisine beren zatlarynyň üç essesini Oňa berdi. Ol bu dünýä gelende sagadat (bagtyýarlyk) döwri başlanar. Muňa ynanyň! Ähli pygamberleriň Allahyň olara beren pygamberlik gözleri bilen görşi ýaly, men hem Ony gördüm. Ony görüp, ruhum teselli tapdy. "Eý, Muhammet, Allah seniň ýaryň bolsun! Maňa seniň aýakgabyň bagy bolmak mertebesini bersin. Eger men bu myradyma ýetsem, onda Allahyň mübärek guly we beýik Pygamber bolaryn" Hezreti Isa (a.s.) şeý diýip, sözlerini tamamlandan soň, Allaha şükür etdi. P.S. Tm saýytlaryñ birinde Alma atly agza ýazypdyr!
Barnaba Injili.
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar oglan!
-
Nechka94
14 years ago
- Kop sag bol oglan gowy zatlar owretdin men on muny bilemokdym
-
prikolmyrat
14 years ago
- barnaba we onun yazan injili bilen baglanyşykly ylmy dernewlerin dowamynda tekstologlar şu netija geldiler:
ispanlaryn mawrlar bilen söweşinden son, bir topar mawr yesir alynyp hristian dinini kabul etmage mejbur bolyarlar. barnaba injili ispan dilinde yazylandyr. barnabanyn özi mawr bolup, gizlin yslamy öwrenyardi. we yazan ispan dilindaki injili bütinleyin toslama bolup köp yerleri gurhandan göçürilip, geografiki we taryhy tarapdan kan yalnyş göyberilendir:
Научное исследование документа
Manuscript.jpg
Первые исследования текстологов, выполненные в начале XX века, показали, что текст написан в средневековой Европе. Это мнение основано на многочисленных ошибках, анахронизмах и артефактах, обнаруженных в документе, причём значительная их часть не может быть объяснена небрежностью переводчика или переписчика. Вот некоторые из них:
* Автор текста плохо знает Палестину I века. Он полагает, что Назарет стоит на берегу Тивериадского озера (глава 20), тетрарха Ирода называет язычником, путает имена библейских персонажей, названия библейских книг и т. п.[12] Настоящий Варнава, образованный иудей, ученик Гамалиила, не мог сделать подобных грубых ошибок.
* Документ сообщает, что в момент рождения Иисуса в Иудее правил Понтий Пилат, хотя на самом деле Пилат был назначен прокуратором после 26 года н. э.
* Автор дважды упоминает о дружбе пророков Аггея и Осии, хотя их разделяют два века (главы 187—188).
* Ученики Иисуса собирают для костра сосновые шишки (глава 113).
* В тексте упоминаются бочонок с вином (глава 152). Это естественно для средневековой Европы, однако в Палестине I века вино всегда хранили в кожаных мехах или в кувшинах, а не в бочонках (дерево было дефицитным товаром).
* В главах 91-92 упоминается 40-дневный Великий пост:
-
prikolmyrat
14 years ago
- yagny Isa Pygamberin hakykatdanam Varnava diyilen apostoly bolan, yöne yazylan injil mawr tarapyndan tayyarlanylyp varnava injili diyilip at berilyar
-
shaka
14 years ago
- Prikolmyrat aýtýan zatlaryñ dogrymaý ýa toslamamy?
-
prikolmyrat
14 years ago
- ylmy dernew diysem toslama diyyanmey, nahili zat diyyaney okap gör başda
-
shaka
14 years ago
- Düshündim dost
-
hallboy
14 years ago
- Berekella
Berekella
Berekella
-
Gacgak
14 years ago
- Okajak bolsanyz okamaga has peydalyrak zatlaram kanmika diyyan injil den barde oz kitabymyzy hem okap goren barmy?
-
hallboy
14 years ago
- Wah, menä okajak. Yöne welin tapamokda.
-
Gacgak
14 years ago
- Ol Ansatlay dost metjitlere bar Kuranyn Turkmenen perewod edilenini sorasan tapyp bereler . Pygamberimizin omri hem bar ay okasan kitap kanlay
-
hallboy
14 years ago
- Men Kazanda yashayan. Bärde onuñ yaly kitap tapynchang agaryp yetishmedik sachyñ düsher.
-
oglan
14 years ago
- bolýar oglanlar, esasy zat iman etmeli!
-
oglan
14 years ago
sag boluñ
-
oglan
14 years ago
Crash 14 years ago- Allah razy olsun!