Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! “Altyn asyr” – açlykdan aman galypsyň, dogry. Ýöne seret, azmy, kän biwagt öteniň gabry! Belki, şondan ýaltanman çarpýarsyň eliňi. Gara gorky baglapdyr gözüňi hem diliňi. Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň ýadasa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! Okuw, bilim ýykyldy, saglyk aşdy salgymdan, gysylyp diş döküldi, gözler doldy çylgymdan. Neşe akdy sil bolup, gark boldy nijeler. Ärler işsiz, çäresiz, ýer sermeýär ejeler. Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy! Sakgal, telpek, don, çäkmen bezegidi boýlaryň. Indi olar sebäpmi ýykylmagna öýleriň?.. Sakgally goja nire, nire çapak-çapaklar? (Bu gidişde telpekden ozdurmazmy papaklar?) Çapak-çapak, aksakgal, çapak-çapak, ýaşuly! Eliň agyrsa – saklan, ýa sylasaň ýaşyňy!... Yowşan Annagurban
Çapak-çapak, aksakgal!
-
vasyok
14 years ago
- yashasyn galkynysh zamanasynyn yashoklary
-
Crash
14 years ago
- Bet bet
-
Toty
14 years ago
- Manysyz
-
Arwah
14 years ago
- Ynsanam dal ekening.
-
Arwah
14 years ago
- Fatalfighter. Anyrakda sikder.
-
shaka
14 years ago
- Arwah ýok boleý shu ýerden ýada gowyja gürle bäri ejeñ öýü däl ejeñ öýünde-de sheýdip gürleýän dälsiñ.terbiýesiz ekeniñ.fatalfigheter saña näme etdi?
-
MELISSA
14 years ago
- arwah diysen arwah da. Adyny bilip dakypdyr :-)
Cwetocek 14 years ago- Bet goshgy ekenay!