Bu gün aýra düshdi durmush ýolumyz belki bagtly gün ýatlarsyñ meni aýralyk derdi bar meniñ bashymda, ýatsam düýshümde gezsem hushymda, sheýdim däli boldum juwan ýashymda, belki gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni. Eliñ bilen öz bagtyñy ýatyrdyñ, ömürlik ýan ýoldashyñy ýitirdiñ, düshünýän düshünýän saña hasrat getirdim, belki hasratly gün ýatlarsyñ meni. Uzak oturmarsyñ gyzlygyña garap, her gün sawçy geler rugsatyñy sorap, ene-atañ berer saña azat, belki azatly gün ýatlarsyñ meni. Toý gutarar adam galmaz dashyñda, bir ýash ýigit gelip durar gashyña garap, aýlap urar gyzyl kürtäñ bashyñdan, belki shol pursat ýatlarsyñ meni. Gyzlyk buýsançyña alar eliñden, ýapyshar ol seniñ näzik teniñden, ol gün isleg arzuw soralmaz senden, belki göz ýash bilen ýatlarsyñ meni. Shol günden soñ eý seniñ adyñ, sähelçe zat üçin alynar badyñ, shondan ýadyña düshermi söýen ýigidiñ, belkiñ söýdim diýip ýatlarsyñ meni.

Köneler, shaka tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir