Köp adamlar "gypjaklar" özbekler diýip pikir edýär.Ýöne bu onçakly dogry däl.Gadymy gypjaklar bilen deňeşdirmeli bolsa häzirki gazaklar,gyrgyzlar we galpaklarda ýakynlyk bar.Gypjaklaryň dili häzirki gazaklaryň diline meňzeşiräkdigi aýdylar.

Özbek we uýgurlar(hytaýyň çäginde ýaşaýan türki halk) bolsa "garlyk" türklerine ýakyn halk.Garlyklara başgaça "dokuz oguz " diýilenligi hakynda-da maglumatlar bar.Özbek we uýgur halklary öwrenilende-de bir-birine ýakyn taraplaryny görse bolýar.Garahanlylar döwleti hem garlyklar tarapyndan esaslandyrylýar.

Türkmen,azarbeýjan we türkler bolsa "oguz" türklerinden gelip çykypdyr.Biziň dilimiz oguz dil toparyna girýär.Özbekler özlerini garlyk türklerinden gelip çykan hasap edýän bolsalarda Hywaly özbekler(Horezm welaýaty)özlerini oguzlaryň nesli hasaplaýar.Hywaly özbekleriň medeniýeti hem beýleki özbeklerden düýpli tapawutlanýar.Olaryň medeniýeti bilen türkmenleriňki gaty ýakyn.

Dil meselesine gelsek türkmen,azerbeýjan we türkler bir dil maşgalasyndan gelip çykýan bolsa-da,Türkmenistandaky türkmenler olar bilen aragatnaşygyny ýitirýär.Arada güýçli Eýran döwletiniň döremegi olaryň aragatnaşygynda belli bir derejede böwet bolýar.Şol sebäpli türkmen,türk,azerbeýjanlaryň medeniýeti bir-birinden üzňelikde,özbaşdaklykda şekillenip başlaýar.
Türkmenistandaky türkmenler bolsa özbekler bilen güýçli kontakta geçip öz dillerini täzeden bilelilde şekillendirýärler.
Şol sebäpden türkmenlere türk we azerbeýjan dilini özleşdirmekden,özbek dilini özleşdirmek has ýeňil düşýär.

Sada dilde aýtmaly bolsa türkmen,azerbeýjan,türk dogan bolsa,özbek we türkmen biri-birine doganoglan,gazaklar bolsa türkmenlere dolanan ýaly bir garyndaşlyk gatnaşygy gelip çykýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir