Dünýäde gowy taryhy seriallary alyp bilýän bary-ýogy 15-20 ýurt bolmagy mümkün.Tarhy serial iň kyn kino žanrlarynyň biri hasaplanýar.
Birinjiden:Dekoratsiýa.Edil taryhy kino bap geljek kino pawiliýon döretmeli.Kino tomaşa edýän adam edil taryha düşen ýaly duýmaly özüni.Iň kiçi detallaryna çenli gözden sypdyrmaly däl.
Ikinjiden:Aktýorlaryň beden taýýarlygy.Taryhy filimlerde surata düşmeli aktýorlar edil sportsmenler ýaly 1-2 ýyl dowamynda agyr maşklary ýerine ýetirmeli.Aktýorlar çeýe we çakgan bolmaly.Ata münmegi kemsiz öwrenmeli.
Üçünjiden:Iň ökde kaskadýorlar topary gerek.Atdan ýykylmak we beýleki çylşyrymly sahnalary ynamly edip ussatlyk bilen alyp çykyp bilmeli.
Dördünjiden:Iň gowy montažçylar we ýokary derejedäki studiýalar hökmany zat.
Bäşinjiden:Millionlarça dollar pul."Ärtogrul" serialynyň bir seriýasy üçin azyndan 400 müň dollar çykdaýjy edilipdir.Býujeti uly bolmaly.
Altynjydan:Gowy senariý.Içgysgynç sahnalary azaldyp ýerine uruşgan we gyzykly,dartgynly sahnalary köpleltmeli.
Ýedinjiden:Filim gahrymanlaryny hetden aşa gowy edip goýmaly däl.Negatiw gahrymanlar näçe erbet bolsa serialyň 50% üstünligi şonda.
Sekizinjiden:Egin-eşik meselesinde iň gowy dizaýnerler topary hökmany zat.
Dokuzynjydan:Serialy ussatlyk bilen gurnap bilýän režissiorlar gerek.
Sanap otursan sanap oturmaly.Garaz ownuk-uşak zatlaryna çenli gowy guramaly.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir