Moskva welaýatynyň, Sergiyev-Posad etrabynyň, Bujaninovo obasynda bir näçe ýüz adam ýerli aýalyň öldürimlegi we zorlanmagyndan soň "halk ýygnanşygyny" geçirdiler.

Demonstrantçylar ýerli kärhanada işleýän migrantlary deportasiýa etmegi,şeýle-de daşary ýurt işçiler ýaşaýan ýatakhanalary ýok etmegi talap etdiler. Üç sany täze gelen emigrant garry aýaly zorlamak we öldürmekde gümanlanýar.



"Adamlar gorkup ýadadylar,olar kiçi tokaýlar arkaly işe gatnaýarlar.Olar özleri we howpsuzlygy hakynda gaýgylanýarlar.Migrantlar 9 ýaşly çagalary hem,15 ýaşly ýetginjekleri hem yzarlaýarlar”, - diýýär demonstransiýa gatnaşýanlardan biri.

Gazetlerde 65 ýaşly aýaly kömelek ýygmak üçin tokaýa barandygy we gaýdyp gelmändigi hakynda ýazylan. Ol duşenbe güni otly ýolunyň ýanyndan öli ýagdaýda tapyldy.

Rassiýa Federasiýasynyň Derňew komitetiniň Moskwa welaýaty boýunça derňew bölüminiň metbugat hyzmaty iki sany gümanlanýany ele salandyklarny mälim etdi— olar"goňşy döwletiň 1988 we 1984 ýyllarda doglan raýatlary". Bölüm ele salnanlaryň kanuny ýagdaýda Rassiýa Federasiýasyndadygyny ýada başga jenaýatlarda aragatnaşygy bar-ýoklugyny barlamaga wada berdi.

Öz nobatynda, Sergiyev-Posad şäher okrugy başlygy häkimiýet Bujininovodaky emigrantlar üçin ýatakhanany ýapmagy sorandygny aýtdy,diýip habar berýär RIA Novosti.

Täzelikler, Гость tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir