☆LEBABYM☆
Jeýhun derýa joşup suwun akdyrar,
Mertden gaýdar aslyň seniň Lebabym,
Gözelligiň gaýta-gaýta bakdyrar,
Köp şahyrlar ýazdy waspyň Lebabym.

Sähralaryň baglaryň bar Erem baglardan kemsiz,
Tebigatyňa görk berýän çölleriň bar Lebabym.
Taýy ýok seň gözelligiň oldur älemde deňsiz,
Türkmen halysyn bezeýän gölleriň bar Lebabym.

Şahyrlaryň waspyň ýazýar sözleň gowusyn saýlap,
Waspyň soňy ýetmez häli gül Jennetim Lebabym.
Täze gözellikleň çykýar seretseň nazar aýlap,
Ýazsam waspy soňlanmajak waspy sözsüz Lebabym.

Gün-günden özgerdýär görküň Hormatly Arkadagym,
Aýlarada ýazdy waspyň Jennete taý Lebabym.
Başyn arşa göterip dur gaýrada Köýtendagyň,
Soňsuz waspy hiç gutarmaz näçe ýazsam Lebabym.
12.09.2021 12:09

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir