(Dostum Sapa Hommadowa)

Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýle bir gürläsim gelýär,
Gelsene, özüň bilýäň-ä
Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn, diňle senem
Duýgularmyň ezýänini,
Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim,
Tomsuň güni ellik geýip,
Garly gyşda derleýänim,
Geçmiş bilime oralyp,
Ýaşamaga goýmaýanyn,
Gözler göwnüm elendirip,
Duýgularmy oýnaýanyn.

Beýle duýguçyl däldim men,
Bilmedim, nirden ýolukdy.
Özümem ýigrenýän, bilseň,
Kyn maňa beýle gylykly
Ömür salyn dolandyrmak.
Tolkun alar yhlasymy.
Gel, saňa gürrüň bereýin
Men bir täsin ykbalymy.

Diňläý-dä gaşyňy çytman,
Daňa çenli gürlesemem.
Şeýle ýüregim gysyp dur,
Meni gama bermesene...

Aşyr HANOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir