Meşhur türk aktýory Erkan Kolçak Köstendil baradaky habar köp janköýerleri haýran galdyrdy. Aktýor futboly saýlap, derwezeçi boldy.

Mälim bolşy ýaly, Erkan köpden bäri futbola gyzyklanyp gelipdir we birnäçe wagt «Bursaspor» klubynda derwezeçi bolupdyr.

38 ýaşly Kostendil özüniň internet sahypasynda Niderlandlaryň çempionatyna degişli «Amsterdam Ýaşlar bileleşigine» transfer bolýandygyny mälim etdi.

Derwezeçi bolmak arzuwyny amala aşyp, klub bilen şertnama baglaşan, Erkan Kolçak Köstendil türgenleşige başlady. Ol munuň üçin klubyň prezidenti Orhan Aslana, topara we dolandyryja minnetdarlyk bildirip, “Täze topar, täze öý we täze maşgala” diýip häsiýetlendirdi.

Erkan Kolçak Kostendil “Ajaýyp ýüz ýyl” we “Çukur” teleserialyndaky keşpleri bilen meşhurlyk gazandy.

Kolçagyň gatnaşmagynda soňky kino taslamalary “Türk buzgaýmagy” we “Bobil” seriallary boldy.

Täzelikler, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir