(Sonetler çemeni)

I
Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar,
Galamyň şineläp, gül açjak kalbyň.
Gursagyň nar deýin gabygy ýarlar,
Däne-däne sözler — içdäki ýalnyň.

Durşuna şygyrdyr gülgüne säher,
Ýazarsyň günleriň düşüp yşgyna.
Göwni ýaly ýüzi açyk bu bahar
Meňzeş gyzjagazmyň gülýän keşbine.

Köňüller Pegas deý uçjak ak atdyr,
Göge göterilse, ýok onuň aýby.
Iki elimiz hem goşa ganatdyr,
Uçup ýören guşdan däldiris aýry.

Ýaz gelip, zeminiň üýtgände reňki,
Dünýe däl, gursagym gül açdy ilki.

II
Dünýe däl, gursagym gül açdy ilki,
Ilkinji bentlerim ýazyldy şeýdip.
Ruhuma siňende baharyň görki,
Ýaz deýin joş aldym!
Özgerdim!
Söýdüm!

Söýgüsin gazanyp bir kakaň, ejäň,
Bagtyň nämedigi duýulýar eken.
Näçe söýdügiňçe artyp derejäň,
Söýgem paýlandykça ulalýar eken.

Ganatyna münüp yşkbaz günleriň,
Ýaşasaň,
degmeseň göwnüne özgäň.
Ýitäýsem-de, meni gunça-gülleriň
Hem pyntyklan baglaň içinden gözläň.

Nusga alyp bilseň joşgunly ýazdan,
Baglaň pyşyrdysam bir ajap sazdyr.

III
Baglaň pyşyrdysam bir ajap sazdyr,
Tebigat durşuna janly orkestr.
Mukamyny näçe diňleseň azdyr,
Diň salsaň, ýellerem owazdyr, sesdir.

Gülleriň başynda bar ýaly akly,
Dürli reňke boýap çykdy her ýeri.
Ýürege meňzeýär ýapragyň şekli,
Ol — agaçlaň görnüp duran jigeri.

Bu ýerlerde ýazyň keşbi görünýär,
Gül bolup, asmanda gögerýär Günler.
Baharyň ýylysy ýaýraýar dünýä,
Howanyň deminden dökülýär güller.

Tebigatyň barha özgerýär görki,
Çeşmeleň gülküsi däl indi öňki.

IV
Çeşmeleň gülküsi däl indi öňki,
Şygyrdysy şygyr bolup eşdiler.
Gursagma ornaşyp ylhamy, belki
Alyp gider meni dag hem deştine.

Käte öz-özüme syrly bakýaryn,
Gursagymda aýdym, heň tapylanok.
Pikir edip, bu dünýäden çykýaryn,
Bu jahanda bolsa men tapylamok.

Ýazdyk, çap edildik ençe ýüze biz,
Adam bagtly bolýar sözün ýaýanda.
Goýaýmasak ile oýnam sözümiz,
Çykmaz bizden suratkeş ýa sazanda.

Bagtly men ylhamym güýjän mahaly,
...Söýýän döşi gülýakaly bahary.

V
Söýýän döşi gülýakaly bahary,
Şoldur köňül joşgunymyň sebäbi.
Ýazda gül açylar ömrüň nahaly,
Belleýärin onda doglan senämi.

Bahar. Aprel. Guşlaryň dil açmasy,
Şygyr. Sowat. Berdim ömrüň ýaryn men.
Açylyp durmuşyň bir sahypasy,
Her ýylam täzeden dogulýaryn men.

Ylhama besleýär sähra-düz bizi,
Gül-gunçalar bilen bolup baş-başa.
Bahar täzeleýär pikirlermizi,
Ýa ol hakda garaýşymyz başgaça.

Köňlüm gülälege meňzeýän çagy,
Enem däl, ýaz meni doguran ýaly.

VI
Enem däl, ýaz meni doguran ýaly,
Gülli meýdanlara çekýär damarym.
Göterse-de günleň joşy, hyýaly,
Gitmän, ýazyň gözlerine damaryn.

Jahanda däl, ýaz kalbymda gül açdy,
Başlandy ruhumda täze bir durmuş.
Galamymda duýgularym dil açdy,
Günler gursagyma ylhamyn guýmuş.

Neneň datly ömrüň günleri, aýy,
Tapylmaýar şeýle bagtyň deňi-de.
Bägüller gunçadan açylşy ýaly,
Pikirlerim ahyr açar meni-de.

Gyrmyzy şapaga boýap her ýeri,
Gör, ýaňagy gül öwüsýän säheri.

VII
Gör, ýaňagy gül öwüsýän säheri,
Dogan Gün täzeden başlar durmuşy.
Dünýä paýlar ýyly söýgi-mähiri,
Ozaldan şeýledir onuň gurluşy.

Biz hem dünýämizde parlak Gündüris,
Yşk hem mähir kalbymyzda ýalbyrar.
Adamlara söýgi berjek bizdiris,
Ak arzuwlar ýolumyza gül bürär.

Artsyn günleň bereketi, oňşugy,
Bagtdan boýumyz hem össün gez ýarym.
Her säherde işe geçýän goňşy gyz,
Saňa-da ak ýoly arzuw edýärin.

Göwünler tämizdir daň-säher ýaly,
Ukudan oýanan çaga mysaly.

VIII
Ukudan oýanan çaga mysaly,
Oýandy kalbymda üýtgeşik ylham.
Sypyryp beýnimden gamdyr gussany,
Ýaşyl sähralyga ylgadym men hem.

Güller gujagyma özün oklady,
Boýnuma şarf etdim älemgoşary.
Bilbilleň aýdymy söýgi hakdady,
Bahar goýbermedi meniň goşarym.

Gijäni gysgaldyp, kemip fewraly,
Gelmeli wagtyndan ir gelen Ýazym!
Ýaýlalara ýazan ýalydy haly,
Gölleri bar reňkin ýatladýar közüň!

Sözler ejiz onuň waspyn ýazardan,
...Gülleýiş barlyga mahsus ozaldan.

IX
Gülleýiş barlyga mahsus ozaldan,
Ýaz gelse, ýaşaýşam özgä:r öňküden.
Men güllemek isläp döwet galamdan,
Joşgunly ýaşadym söze erk edip.

Gözledim durmuşda kalby tämizi,
Tämiz ýüreklerde diňmez heň, owaz.
Gülläp başardymmy?
Miwäm nähili?
Meni açmak üçin geldimi bu ýaz?!

Geçse-de günleriň ýazy hem gyşy,
Ömrüni özgerdip bilen kämildir.
Uzak ýerden gözlämok men durmuşy,
Ol — biziň özümiz, düşünjämizdir.

Söýgi-hyjuw güýjäp, inende göze,
Süýjän zybanyňda goýalar sözem...

X
Süýjän zybanyňda goýalar sözem,
Yşk düşse, ýüregiň jiglemesi bar.
Dagyny paralap, deňzinde ýüzen
Söýgiň çözülmedik deňlemesi bar.

Ony çözüp utuldyňmy, utduňmy?
Göwünde şatlyk hem dat-perýatdyr ol.
Söýgi näme?
Heý, pikirin etdiňmi?!
Ömrüňi berenňe degýän zatdyr ol.

Yşkyň gussasy bar şirinden datly,
Ol ynsan ýüregin eýelär sessiz.
Sözler uçgunlydyr, gadamlar batly,
Onsuz ýürekleriň urgusy pesdir.

Bahar söýgüsini açyp jigerden,
Daglaň etegine çenli gyzardan...

XI
Daglaň etegine çenli gyzardan
Gülälekleň keşbi siňdi gözüme.
Bir duýguçyl ýürek gerek syzardan,
Duýgularyň geler ýaly özüne.

Ökjesin göterdi dagdaky garlar,
Gögüň gümmürdisi gataltdy sesin.
Gyşda egni çyplak oturan baglar
Geýen eken eýýäm ýaz köýnekçesin.

Şemal ýaşyl otlaň geti: r gyjygyn,
Tans oýnar ykjaýan baglaň başlary.
Meýdanlara ekip gülleň ajabyn,
Gelen ýaz — göwünleň hetden aşmagy.

Tutuş tebigatyň ýüregin ezen
Bu bahar iru-giç oýarar bizem.

XII
Bu bahar iru-giç oýarar bizem,
Gunçasyn açmajak gül barmy näme?!
Ylham derýasyny gulaçlap ýüzen
Aşyk ýürek joşman bilýärmi näme?!

Köňüllermiz guşlardanam dilgirdir,
Hyjuwlydyr yşkyň tagamyn dadan.
Bu ýaz saýran serçelerem bilbildir,
Şahyrdyr kalbyndan gülleýän adam.

Ýaşadykça, günler ömre bat goşýar,
Süýjeýär gursakda çyrp urýan ýürek.
Her ynsan özüçe saýraýar, joşýar,
Bize diňe oňa düşünmek gerek.

Bahar — ähli syrlarmyzyň paşmagy,
Neneň gözel günleň çogy, daşgyny.

XIII
Neneň gözel günleň çogy, daşgyny,
Günler açar ömrüň senenamasyn.
Hemişelik ýatda galar joşguny,
Ýyllaň gujagynda geler galasyň.

Ýaşarsyň ömrüňi besläp bal güne,
Kime ýeňil, kime agyr ýoldur ol.
...Ömür däldir ýaramasa il-güne,
Ýürekden gopmasa şygyr däldir ol.

Il söýgüsi mydam gursakda barkan,
Gül bolup gögerseň sähra ýüzünde.
Günüň şöhleleri sypasa arkaň,
Asmanyň päkligi bolsa gözüňde.

Gül deý sähraň ýüregini açdygy,
Bahar — dünýäň iň owadan ýaşlygy!

XIV
Bahar — dünýäň iň owadan ýaşlygy,
Bilmez ony özge pasyl gaýtalap.
Her günüňi garşy alsaň goşguly,
Säher ören guşlar sözüň gaýtalar.

Joşgunly kalp barha güllär, özgerer,
Ylhamy senden öň galamyň duýmuş.
...Özüňi söýmeseň söýmez özgeler,
Özüňi açmakdan başlanýar durmuş.

Ýüregiň deý açylar bu säherler,
Gursagyňda dömer bu täsin möwsüm.
Güller göge garyş ýarym öserler,
Bagda guşlar bolup bilermi ümsüm?!

Yşk daman kalbyňda süýjär owazlar,
Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar.

Magistral

Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar,
Dünýe däl, gursagym gül açdy ilki.
Baglaň pyşyrdysam bir ajap sazdyr,
Çeşmeleň gülküsi däl indi öňki.

Söýýän döşi gülýakaly bahary,
Enem däl, ýaz meni doguran ýaly.
Gör, ýaňagy gül öwüsýän säheri,
Ukudan oýanan çaga mysaly.

Gülleýiş barlyga mahsus ozaldan,
Süýjän zybanyňda goýalar sözem.
Daglaň etegine çenli gyzardan
Bu bahar iru-giç oýarar bizem.

Neneň gözel günleň çogy, daşgyny,
Bahar — dünýäň iň owadan ýaşlygy!

2021ýyl, fewral.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir