SSSR döwründe ýazylan kitaplaryň hemmesinde diýen ýaly işan-mollalar gaty uly tankyda alynýar.Aslynda,işan-mollalar kitaplarda ýazylan ýaly gaty erbet däldiler.Tersine,olaryň arasynda haty-sowady güýçli mollalar köp bolupdyr.Sowetler halkyň içine ateistik düzgüni berkitmäge synanyşýarlar.Bu düzgüne amala aşyrmakda iň uly gaşydaş işan-mollalardy.Sowatly işan-mollalaryň özleri bir tarapdan ateisçiligi kabul etmeýärler,beýleki bir tarapdan bolsa wagyz-nesihat arkaly ýerli adamlarynyň ateistçiligi kabul etmeklerine ýol bermeýärler.Bir söz bilen aýdylanda,sowetler işan-mollalardan dynmasa,olara garşy gazet-žurnallarda,kitaplarda wagyz-nesihaty güýçlendirmese özleriniň häkimiýetini berkidip biljek däldiler.
Başga bir tarapdan sowetleri gorka salýan zat "panturkizimçilik" hereketidi.Panturkistler kapyr orslary ýurtdan çykaryp Orta Aziýada ýeke-täk musulman türk döwletini gurmagyň tarapdarlarydy.Talbibanyň Owganystany ele alyşlary ýaly,olar hem bir gün Orta Aziýadaky "Sowet" döwletini agdaryp,ony ele almak howpy bardy.Eger,Orta Aziýa halklary birleşip,bilelikde hereket etseler bu amala aşmajak zat hem däldi.
Orta Aziýa halklarynyň birleşmeginden ätiýaç eden Sowet döwleti ony böleklere bölüp taşlaýar.Türkmenistan,Özbegistan,Gazagystan...Bu bölünşik özüniň netijesini hem berýär.Uzak ýyllardan bäri idilli bir döwleti bolmadyk ýerli halk ors hökümetinden minnetdar bolýar.Halklaryň arasyndaky birleşik gowşaýar.Her kim öz döwleti üçin hereket etmäge başlaýar.Barybir döwletleriň tanapy ors hökümediniň elinde galyberýär.

Indi arap halyflygynyň Orta Aziýany basyp alandan soňky ýagdaýlaryny görüp çykalyň!

Araplar gelmezinden ozal ýerli halkyň arasynda otparazçylyk,butparazçylyk we gadymy ata-baba gelýän dinler höküm sürýärdi.Araplar gelmezinden ozal Orta Aziýada ýeke-täk güýçli bir döwlet ýokdy.Onuň ýerine bölek-büçek kiçi döwletler bardy.Bu bolsa araplara kynçylyksyz Orta Aziýany basyp almaga mümkünçilik döretdi.

Yslam dinini kabul edip,musulman bolan adamlar başdaky ýyllarda hyraj we jizýa salgytlaryndan azat edildi.Yslamy kabul etmekden ýüz öwürenler bolsa,jan salgydy-jizýany tölemäge mejbur edildi.Salgydyny wagtynda tölemedikleriň boýnuna tagta asylyp onuň ýüzüne "bergidar" diýip ýazylyp,köçe-köçe aýlanmaga mejbur edildi.Beýle çäreler Orta Aziýada yslam dininiň çalt ýaýramagyna kömek etdi.Ýerli halk göz üçin yslamy kabul eden bolsalarda,gizlin ýagdaýda öz köne dinlerini ýöretmegi dowam etdirdiler.

Sowet döwletinde Lenin we Stalin awtoritet bolşy ýaly,Arap halylygynda-da Muhammet (S.A.W) pygamber awtoritet boldy.

Ýerli halkyň arasynda yslam dininiň artykmaçlyklary we ozalky dinleriň kemçilikleri wagz edildi.Sowet döwünde yslam dini ýer edilişi ýaly,araplar hem beýleki dinleri ýer etdiler.

"Taryhy ýeňijiler ýazar"-diýlişi ýaly,taryhy hemişe ýeňijiler ýazyp gelýär.Ýeňilenler bolsa ýer bolýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir