Daýym Aşgabatda işleýär. Gurbanlykda 3 gün öýüne dynç alyşa gelýär. Öňůnden körpe 9njy synp geçen ogly garşylamaga çykypdyr we kakasy oña telefon sowgat beripdir. Beýleki 3 çagasy we aýaly garşylamak beýle-de dursun, zordan salamlasypdyrlar. Bir käse çay içenden soñ, dynç almaga gelen adam-da, uly ogluny alyp, mellek ýerlerine suw açmaga hem arassalamaga gidipdir.
Körpe ogly täze telefony dostlaryna görkezmäge goñşy oglanlarynyñ öýune ýel ýasapdyr. Tazeje telefonda oglanlar bilen surata duşupdir, oýundyr aýdymlary geciripdir. Soñ bular "Gurbanlykda uçaly" diýişip, sallançak gurupdyrlar. Ulurak tagtanyñ ustunde ilki yeke-yekeden, soñra dykylyşybrak ikiden uçupdyrlar. Daýymyñ oglunyñ ýanyna ýene bir oglanjyk münupdir, ikiläp uçupdyrlar. Sallançagyñ ýüpi iki çagañ agramyna dözen däldir-dä, birden ýüp üzülipdir. Dosty gapdala bökùp düşüpdir. Daýymyń ogly bolsa arkalygyna sallançakdan ýykylypdyr. Ýaňy kellesine galdyryp diklenjek wagtam, bir ýüpi üzülen tagta bat bilen ýüzüne urulup, persala edipdir. Çagajyk özünden gidipdir.
Ýañky dost diýilýàn oglanlar öýlerine gazy basypdyrlar. Sallancak ýasalan öýüň eýesem sallancagy ýogapdyr.
Ene ýùregi duýandyr-da, ýüregi dowul tapyp gyzlaryna : "Baryñ jigiñizi gözläp geliñ. Hiý geliwermedi" diýipdir. Gyzlaryń hersi bir goñşylaryna gidipdir. Bir gyzy ýańky öýùñ atyzynda huşsyz ýatan jigisini görüp, ýùregi ýarylyp, gygyrypdyr. Öýüñ eýelerinden sorasa "görmedik" diýipdirler. Oña çenli beýleki gyz doganam ýetgip gelýär we derrew kakasynyñ ýanyna ugraýar. Mellegiñ o cetinde işläp ýören kakasyna gygyryar:
-Däde, däde Röwşen sallançakdan ýykylypdyr (sallancakdan ýykylandygyny dosty boýun alýar. Şol oglanyñ ejesem Röwşeniñ ejesiniñ ýanyna garagan bolup ýatan oglany ärine göterdip barýar we yalbaryp: "Gayrat ediń gonsy jan sallancak diyip agzamañ. Üçekden gaçdy diýiñ" diýipdir.)
-Ýykylan bolsa galdyr-da, maña gelip aýdýançań.
- Uff, däde özünden gidip ýatyr. Ýüzi gözi görer ýaly dàl - diýenden öyune ylgapdyr. Gelse ogly tapcanda ýatyr. Göterip eñipdir keselhana. Doktorlaram oglunyñ ýeñse damarynyñ ůzůlip, ýogalandygyny aýdypdyrlar. Ajy habary eşiden kaka ýüreginden tutup, ýykylypdyr.
Indi habary beýleden eşideliñ. Derñewçiler öýe baran. Ejesi goñşysynyñ diýenini edip ot aljak bolan wagty üçekden gaçandygyny aýdypdyr, gyzlaram şeý diýipdirler. Oglany görensoñ derñewçem: " Bu üçegiñ işi däl. Bu ýüz urulan eken". Gepiñ gysgasy keselhanada ýañy özüne gelen kakasyny soraga çekip, ogluny urup öldürmekde aýyplaýarlar. Soñra oglanyñ telefonda şol surata düşen oglanlaryny görüp, ýekeden sorap, garaz ahyry hakykatyñ üsti açylýar (oglanlaryñ hersi her hili edip aýdansoñlar, gorkuzyp hakykaty aýtdyrýarlar).
Bir gün öýüne goýberilmän saklanan kakasy ertesi gün oglunyñ çykarylaryna zordan ýetişip gelýär.
Jaýyñ jennetde bolsun Röwşen jan!

Sorag-jogap, Manikarnika tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir