Zombiler baradaky kinofilimleriň tas hemmesinde diýen ýaly,gahrymanlar zombileri düýbünden ýeňip bilmeýärler.Soňlugy bilen gahrymanlaryň özleri hem zombilere öwrülüp gidýär.
Zombi zäherlenen adam,özi bilen birlikde onuň aňy hem zäherlenýär.Ol sagdyn adamlara topulup olary dişleýär.Dişlenen adamlaram zombilere öwrülýär.Zombiler ysgynsyz,haýal hereket edýän,betnyşan jandarlara meňzeýärler.
Zombiler biziň hakyky durmuşumyzda-da gabat gelýär.Edil kinofilimlerdäki ýaly betnyşan,görene topulup dişläp ýören keşpde bolmasalarda,olar aňy zäherlenen adamlar.Olar pikir,idea,hereket bilen başgalary üýtgedýärler.Ilki bilen olaryň öz aňy zäherlenýär soň başgalary özlerine meňzetmäge başlaýarlar.Olaryň garşysyna göreşmegiň hiç bir netijesi ýok,olar ahyr-soňy öz maksatlaryna ýetýärler.
Mysal üçin:Ozal türkmen aýal-gyzlarynyň 100%-i uzyn köýnek geýýärdiler.Bu ata-baba dowam edip gelýän ýagdaýdy.Häzir bu barada 100%-lik statistikany bermek gaty kyn tersine,ýyl-ýyldan haýallyk bilen uzyn köýneklileriň sany kemelip barýar.
Diňe bir geýinmek meselesinde däl,gaty köp ugurlarda zombileşmek dowam edip duran progres.
Kimdir biri türkmençilige,musulmançylyga ters gelýän bir moda tapýar.Adamlara:"Geliň,siz hem men ýaly durmuşuň lezzetini görüp ýaşaň!"-diýýär.Beýlekileriň bary şol modaň yzyndan kowlaýar.
Zombileşmegin soňy heläkçilik.Adamlar öz-özüni ýok edýärler.Bar zat ýuwaş-ýuwaşdan şoňa alyp barýar.
Adamlar tarapyndan ekologiýaň hapalanmagy,döwrebap köpçülikleýin gyryş ýaraglary,himikatlar,geýleşmek,jynsy keseller,maşgala gatnaşyklarynyň bozulmagy,nesilsizlik ýa-da çaga edinmäge islegiň pesligi...
Biri:"Maşgala bolup ýaşamak nämä gerek,ýeke özüň ýaşamak gaty hezil?!Çagalar ene-atalar üçin başagaýlykdan,azardan başga zat däl,men ýeke ýaşaýan siz hem şeýle ýaşaň,söýgüliň bilen jynsy gatnaşykda boluň,çaga galmazdan jyns gatnaşygyny etmegiň ýollary köp,siz hem şeýle ediň!"-diýip bir pikiri orta atýaram welin,ýuwaş-ýuwaşdan onuň yzyny alyp göterýänleriň sany köpelýär.Netijede,adamzadyň nesli gaty uly ýitgileri çekmeli bolýar.
Zombileşmegiň soňy heläkçilik.Adamlar haýallyk bilen basgançakma-basgançak zombileşmegiň tapgyrlaryny geçirip durlar.Bir tapgyr tamamlanýar,ikinji tapgyra geçişlik başlanýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir