"Dünýäde hiç bir zady gaýgy-alada etmeli däl"-diýip,ýazan adamlaryň özleri hem gaýgy-aladadan ölüp giden bolsalar gerek.Adam ýaşap gezse hiç bir zady gaýgy-alada etmezden ýaşamagyň hiç alajy ýok eken.Ýaş wagtyň bu onçakly duýulmaýar,ýaşyň ýokary çykdygy saýyn alada edýän zatlaryňam artyberýär.Ýaşamak üçin iýmeli-içmeli,geýmeli.Ol zatlary amala aşyrmak üçin pul gerek.Puly iş arkaly tapmak bolýar.Haýsy bir işiň gapdalyndan barsaň,ýeňil tarapy ýok.Durşy bilen problema.Işiň içiniň aladalaryny sanap aňyrsyna çykar ýaly däl.Onuň üstüne durmuşumyzdaky aladalary,duýdansyz problemalary üstüne goşsak "ufffff" diýip içimizi çekip oturmakdan başga çärämiz ýok.Kä wagtlar öz janyňa kast edip baryndan bir ýüzli dynyp gidiberesiň gelýär.Dünýäden beýle gidibermek bilen problema çözülmeýär gaýta,yzymyzdakylara alada döredip berenimiz galýar.Şol taraplaryny oýlap bu niýetimizem goýbolsun edýäris.
Alada şeýle bir agyr zat eken,kellede dynygsyz aýlanyp duruberýär.Kä wagtlar gijesi bilen göze uky gelmeýär.Agşam sagat 2-de ýatyp ymyzganýaňam welin,irden daňdan 4-de tisginip oýananyňy bilmän galýaň.
Bir aladadan dynyp bilseň,süňňüň ýeňleýär,özüňi gaty rahat duýýaň ýöne,bu hem gysga wagtlyk,ikinji bir aladaň başlaýan wagtyna çenli bolýan eken.Gysgaça,her bir adamyň ömri onuň aladalaryna ýetmeýär.Durmuşumyzdaky şatlykly,bagtly pursatlarymyz bolsa bonus.Arasynda bonuslar bolup durmasa,adam gaýgy-aladadan tarpa-taýyn ýogalyp gidibermegem iki uçly däl...

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir