19-njy asyra çenli Yslam äleminiň iň beýik gahrymany Müsür Memluk soltany Beýbars hasaplanýardy.Beýbarsyň beýik gahryman hökmünde görülmegi ýewropalylar üçin gaty ynjalyksyz ýagdaýdy.Sebäbi,Beýbarsyň gelip çykyşy türkidi.Beýik Osmanly imperiýasyny dargatmak isleýän ýewropalylar, döwletiň çäginde ýaşaýan türk bolmadyk halklara has ýakyn bir başga şahsyýeti orta çykarmagy başardylar.Bu-da Salaheddin Eýýuby boldy.

Ýewropalylar Salaheddini kürtlere bir kürt,araplara bolsa arap hökmünde tanatmaga başladylar.Aslynda Salaheddiniň ýary türk ýary kürt bolup özi Mosul atabegi Nureddin Zenginiň hyzmatynda-dy.Dili türki we arapça bolupdyr.Emma kürtçe gürleşenligi barada hiç hili maglumat ýok.

Bu ýagdaýda kürtler ony kürt,araplar bolsa arap hökmünde tanamaga başladylar.Uzak ýyllar Yslamyň beýik gahrymany bolan Beýbarsyň adyny unutdyryp,Salaheddini birinji plana çykarmagy ýewropalylar başardylar.Yragyň ozalky lideri Saddam Hüseýinde özüni Salaheddin Eýýubynyň neslinden gelendini orta atypdy.Bu arada Beýbarsy türki bolmadyk musulmanlar däl,türkileriň özi hem unutdy.

Salaheddin Eýýuby Küdüsi haçlylardan alan ýeke-täk gahryman hökmünde görkezilýär.1187-nji ýylda Küsdüsi Salaheddin Eýýuby zamanynda haçlylardan alynany çyndyr.1229-njy ýylda güýçlenen haçlylar Küdüsi täzeden ele geçirýärler. 1244-nji ýylda Eýýubylar şäheri täzeden ele alan bolsa-da,şäher gysga wagtdan soň mongollaryň eline geçýär.Küdüsiň musulmanlaryň eline geçmegi 1259-1260-njy ýyllarda ,Beýbars tarapyndan amala aşyrylýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir