Günä - (arap. إِثْم‎‎ — “ism”). Günä uly we kiçi görnüşde bolýar. Günä şeýtany razy edilenligi üçin ýazylýar. Şeýlelik bilen Allanyň närazylygnada sebäp bolýar. Bu bolsa Alla garşy çykmak diýmek, eger-de günä bilgeşleýin edilen ýagdaýynda ("günä edip soň toba ederin" - diýýänleri şeýtan aldaýar). Şeýdip şeýtan adamy kynçylyga salýar (haýyr işden alyp galýar we günä işledýär, soň oňa günäsiz hala gelmek kyn düşer).

118. Alla ony (şeýtany) näletledi. Ol bolsa: «Kasam bolsun! Men Seniň bendeleriňden belli bir nesibe edinerin (özüme tabyn edinerin).
119. Men olary hökman azaşdyraryn, olary ham-hyýallar bilen güýmärin. Olara dowarlarynyň gulaklaryny ýarmagy (deşmegi) emir ederin, (olar hem) Allahyň ýaradan (şekilini) üýtgedirler» diýdi. Kim Allahyň ýerine şeýtany dost tutunsa, elbetde, äşgär zyýana duçar bolandyr.
120. (Şeýtan) olara diňe (boş) wada berer, ham-hyýallar bilen güýmär. (Aslynda) şeýtan olara aldawdan başga zat wada bermez.
121. Ine, olaryň barjak ýeri dowzahdyr we ondan (halas bolmak üçin) gaçara ýer tapmazlar.

— Kuran sura №4.


Islamda uly günälere[1] mysal: Remezan aýynda sebäpsiz oraza tutmazlyk, Alla şirk goşmak, öýde ýa-da howlyda janly zadyň suratyny ýa-da heýkeli goýmak, wagty boş geçirmek(haýyrsyz, sebäpsiz boş), enäň-ataň diýenini etmezlik, günä işi gurnamak, zekat tölemezlik (eger nisab bolmasa), aluw-satuwda aldaw, ýalan kasam bermek, ene-ata we ýakyn garyndaşlaryň bilen araňy üzmek, sebäpsiz namazy goýbermek(okamazlyk), islam goragy üçin söweşilýän döwürde uruşdan gaçmak, göterim; prosent (süýthorlyk), jadygöýlik bilen meşgullanmak, aldaw; ýalan, jalaýlyk; pul sowrujylyk; biderek harç edijilik; bisarpalyk we şuňa meňzeşler.

Bilim, Black Wolf tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir