Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende, soralsa halyň,
"Aý, gowy-la" diýip aldap gördüňmi?

Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy ga:ryp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?

Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?

Käte-käte adam gözläp gördüňmi?
Elewräp gördüňmi ýüregiň gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüňmi,
Kiçijik haltaňy arkaňdan asyp?

Daňylyp gördüňmi soňsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiňi çişirip?
Garaşyp gördüňmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige?

Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,
Gussalaň bar zatdan çykýarmy üstün?
Çyndanam şeýlemi?
Gutlaýan onda —
Biz meňzeş ekenik,
Hoş geldiň, dostum!

Aşyr HANOW.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir