Şadyýan aýdyma hiňlenýän bolsam,
Ýa-da ele alsam depder-galamym,
Diýmek, onda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir alma ýaňagyň.
Goşgy ýazmak üçin ümsümje ýer hem
Owadan söz bolsa meniň gözlegim,
Şol pursatda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir ala gözleriň.
Tutuk asman ýaly tukat günlerde
Alyslardan maňa eliň uzatdyň.
Haçan, hiç zat keýpim bozup bilmese,
Sen ýadymdan çykan dälsiň uzak gün.
Başga arzuw ýokdur aýdyma dönüp,
Seniň gursagyňdan ýaňlanýan bolsam.
Seni unutmaga synanýandyryn,
Eger, men bir zada gamlanýan bolsam...
Seýran Seýitmämmedow
"Seni unutmaga synanýandyryn..."
-
yyldyz.
3 years ago
- şol kelledäki bar düşünjeleri alan ynsan hakda pikirlenende begenmek, gynanmak, aglamak, şatlanmak, gülmek, ýūrek awamak duýgularyny başdan geçirip gòreniñiz barmy?
-
yyldyz.
3 years ago
- şol duygularyñ her birini aýratyn ýaşasañ gowy. hemme goşulsa adam erbet gysylyp bogulyp jaýa sygman.gursagy daralyp.. garaz gowy bolanok ekenda
-
Xyivenia
3 years ago
- Mende bolup gecdide solar yaly @yyldyz :(
-
Pegas
3 years ago
- Seýrandan iň gowy görýän goşgym. Hemem Watan hakda bir ajap goşgusy bardy.
yyldyz. 3 years ago- gerekmejek adamlary kellämizden udalit edip bolyan bolsady käşga. ýada biziñ kellämizdäki düşünjeleriñ hemmesini alan adamy kelleden udalit edip bolsady..