Ýaradan ýaratmyş dagyň dumanyn,
A sen nädip peýda bolduň Gülçeşme?
Şar gara gözleriň ,apy tupanmy!
Suw gyzymy, perimi sen Gülçeşme?

Gyzlaryň içinde saýlanar keşbiň,
Hat-ýazuwmy, dokma-darakmy kesbiň,
Görenleriň ýürek-bagryny kesdiň,
Tebigata täsinlik sen Gülçeşme!

Serwi boýuň, gözelligiň ýyldyzy,
Dodaklaryň gülgüne däl gyrmyzy,
Ýüzüň gizläp, pynhanmy ýa syrmy gyz?
Jana-janmyň, ýa-da hanmyň Gülçeşme,

Taryhdaky amazonka zenany,
Ýok sen o däl Ärsarynyň jenany,
Ýok sen o däl öz ilimiň janany,
Ýok seniň ornuňa taryp Gülçeşme

Sen hakda ýazmaklyk elimiň paýy,
Arzuwlar şazada gijeler Aýy
Gözi bilen çenäp, nyşany ýaýy,
Ýiti söz dek deşer geçer Gülçeşme!

Ýüzüňdäki meňiň göýä asmanda,
Sepelenen ýyldyzlary Ak maýa,
Ýok sen o däl daň ýyldyzy asmanda,
Gözelligňe hiç taý ýokdur Gülçeşme.
Awtoryny bilin hany??? Yone kimdigini aytjak dal men😆😆😆
25.07.2021 23:53

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir