Iki sany goñşy ýaşuly.
Biri: telpekli, donly, gara sakally molla ýaşuly.
Ikinjisi: kastýum balakly, saçy deñlenen, pensiýoner ýaşuly.
Birinji ýaşuly, diñe molla bolany üçin özüni sylatjak bolýar. Ýowuz häsiýetli, gödek we bimähir, haýwat atyp gürleýär.
Ikinji ýaşuly, uly-kiçi diýmän hemmäni sylaýar, sylanylmaga garaşmaýar. Ýumşak häsiýetli, sypaýyçylykly we mähirli, pessaý gürleýär.
Indi size bir sorag bar:
Ýokarky "Birinji" we "Ikinji" ýaşulylardan haýsysyny özüñize has ýakyn duýarsyñyz?
Sorag #1: IKI SANY GOÑŞY ÝAŞULY.
-
maksat00
3 years ago
- Ynsany kaddy-kamaty, eşigi, baýlygy, dini ynanjy hem bezemeýär. Diñe adamkärçiligi bolan ynsan gymmatly hazynadyr.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Maksat00 hak aydyan+++
19.07.2021, 16:53.
-
Jeksparro
3 years ago
- Elli iki telpek geýip, 5 wagtyna egilip galyp ýörseňem musulmana gelişmeýän, sylag-hormatsyzlyk etse, ulumsy, gopbamsy bolsa bary biderek.
Eger ile-güne ýarap, musulmançylygy berjaý edýän, garynjany hem ynjytmaýan, gowy gylykly adam bolsa, ikinji kostýumly ýagşygylykly bolsa ikisinem özüme ýakyn duýardym...
Xyivenia 3 years ago- Ikinji kastyum balakly, pensiyoner yashulyny :)
19.07.2021 16:43