Adam ruhu näme zat? Biz ruh barada diýseň köp zat eşidýäs, emma ruh barada hiç zat bilemzok. Ruh diýen zat her bir adamda bar zat, ýöne ruh barada informasyýa Beýik Ýaradyjyň özi tarapyndan ýapyk. Has takygy ruhyn nämeden ýasalandygy barada ýapyk, emma ruhyň özüni alyp barşy barada informasyýa köplere elýeter. Onsoň adam ruhy näme we ony näme bilen iýýärler, men häzir size obrozlaryň üsti bilen düşündirjek bolaýyn. Adam ruhyny güneş hökmünde gözöňüne getirseň bolar. Edil göniň şöhlesini dürli ýerlere ýaýraýşy ýaly, adam ruhy hem dürli ýerlere ýaýraýar. Adamyň ruhy bir bada ähli ýerde bar. Ýöne güniň şöhlesini bir nokatds kuwwatly bolşy ýaly, adamyň ruhy hem bir nokatda kuwwatly. Eger adam öz öýüni gowy görýän bolsa, adamyň ruhy öz öýünde kuwwatly. Adam öz öýünden nirä çykyp gitsede, oň ruhyny esasy bölegi öýde galýar we adamy yzyna çagyrýar. Şeýle adamlar özlerini diňe öz öýünde oňaýly duýýarlar. Ondan başga adam ruhy, geçmişde, gelejekde we şu wagtda bir bada ýerleşip bilýär, ruh üçin wagt diýen zat ýok, wagt diýen zady adamyň aňy duýyp bilýär. Hemişe adamyň içgi dünýäsini, oň kalbyny diňe oň ruhy bilen baglanşdyrýarlar. Emma adamyň içgi dünýäsi örän köp böleklere bölünýär. Ol bölekleriň barsyny men bilemok, men diňe aň we ruh barada azajyk bilýän, häzir bilýänjelerim bilen paýlaşmaga synanşaýyn:

Adamyň ruhy, örän kesir zat. Edil eşek ýaly kesir. Adamyň ruhyny robot bilen deňişdirseň bolar. Hawa, adamyň ruhy dönýäsini robotlar gowy düşündirýär. Adamlaryň ýasaýan Robotlary, diňe öz elektron beýnilerine ýazylan prorrammany ýerne ýetirip bilýärler. Robotlar hiç haçan beýnilerinde ýok işleri edenoklar. Mysal üçin çaý demleýän robot hiç wagt kir ýuwýan roboda öwrülmeýär. Robotlar özlerinde ýazylan programma laýyklykda dos dogry ýöreýärler, bir ädim çepe, ýa-da bir ädim saga olara mahsus däl. Adam ruhy hem edil robot ýaly bir zat. Eger adamyň ruhynda görüplik, ýa-da husytlyk ýaly programmalar bar bolsa, diýmek hiç bir zat ol programmalary ýerine ýetirmekden adamyň ruhyny yryp bilmeýär. Has takyk aýdaňda tassana hiç bir zat, hakykatda bolsa adamyň ruhyny programirlap bolýar.

Adamyň ruhy adamyň zanny, adamyň üýtgedip bolmaýan düýp hasap edilýän häsýetlerniň barsy oň ruhyna ýazylan. Adamyň ruhy bolsa adamyň ykbalyny ýazýar. Beýik Ýaradyjy ilki başda adamyň ruhyny ýaratdy we ony Jennede göýberdi. Adamyň ruhy tow berilen jäjek ýaly gös göni ýörede we Allahyň buýrygyny pozdy. Diňe şondan soň Beýik Allah adam üçin Aň diýen zady ýaratdy. Aň diýen dünýäde bolsa, eýýäm öz edýän hereketleriň batada pikirlenseň bolýardy.

Adamyň içgi dünýäsi edil (şu wagtlykça) 2 bölekden durýar. Adamyň aňy we adamyň ruhy. Adamyň aňy diýilýän dünýede biz özümizi bilýäs, ýagşy ýamany saýgarýas, wagty duýýas, oýlanyp we pikirlenip bilýäs. Aň diýen dünýäde bizden başga Jyn arwahlar we Perişdeler ýaşaýar. Ol dünýä diňe bize degişli däl, ol ýeri äpet pikirşer dünýäsi diýseň hem bolýar. Adamyň ruhy akyp ýatan suw bolsa, adamyň aňy şol suwa forma berýän galyp. Öz aňyňyzy stakan diýip göz öňüne getiriň we goý ruhyňyz suw bolsyn. Adam ýatanda öň aňy öçýär we ruh erkin gezelenje çykýar. Näme üçin adam düýşinde örän täsin zatlary görsede ol zatlara geň galanok? Mysal üçin men düýşimde öz okan mekdebimiziň aňarsynda çäksiz söweş meýdanyň başlanýanyny gördüm. Emma düýşi görüp duran wagtym, beýle zatlaryň bolup bilmejegi barada hiç hili sorag bermedim. Diňe düýşden oýananymdan soň meň aňym bilen ruhym birleşdi we gören düýşimde özüm geň galyp başladym. Şoňa meňzeş mysallar diýseň kän. Adamyň aňy fiziki dünýäň kanunlary bilen baglanşykly, adamyň ruhy welin hiç bir kanuna boýun egenok. Ýöne nähili bolsada her bir adam öz ruhyny programmirlemäge ukyby bar, dogrysy şu temaň esasy maksady hem şonda.

Nädip öz ruhyňy, ýa-da öz içiňdäki robody programmirlemeli? Käbir adamlar edebi dilde öz ruhyny kiçijek çaga hökmünde göz öňünde getirýärler. Bu dogry deňeşdirme, sebäbi adaň ruhy edil çaga ýaly gönümel we kesir. Eger çaga bir zat gerek bolsa, ol diňe maňa şony alyp ber diýýär, çaga öz isleginden başga hiç zat gyzykly däl, sende pul bolsyn ýa-da bolmasyn, oň isleýän zady zyýanly bolsyn, zäherli bolsyn, çaga wajyp däl. Başga birine bolan söýgi bilen edil şeýle. Söýgi hem ruhlaryň dünýäsinde döreýär. Maňa şol adam gerek, bolany, ol kim bolsa şol bolsyn, men kim bolsam şol bolaýyn. Soňky netije ruha wajyp däl.

Indi nädip ruhy programmirlamaly? Ruhy programmirlamak üçin, adam öz aňynda belli bir pikiri uzak wagt saklasa, şol pikir uzagyndan adamyň ruhyna ýazylýan eken. Eger adam uzak wagtlap öýke kinäni öz aňynda saklasa, mysal üçin uzak wagtlap birini ýigrenip gezse, şol ýigrenç adamyň ruhyna ýazylýar, has takyk aýdaňda robot ähli zady ýigrenip gezýär we diňe erbet işler edýär. Edil şeýle usul bilen adamyň ruhyna gowy pikirleri we dogry dünýä garaýşy hem ýazyp bolýar. Bar etmeli zat, öz aňyňda dogry pikirleri uzagrak saklajak bolmaly. Ruhy programmirlemegiň başga usuly ýok, ýa-da men ony bilemok. Ondan başga ruhy programmirlemegiň iň elýeter görnüşi günde 5 wagtyna namaz okamak. Adam aňy üçin namaz gözäýmäme hiç hili peýdasyz pişe ýaly bolup görünýär, emma biziň ruhymuz üçin diýseň peýdaly. Sebäbi seň mežbury ýagdaýda günde 5 wagtyna öz aňyňda Beýik Ýaradyjy barada informasyýany pyrlaýaň we wagtyň geçmegi bilen öz ruhyňy programmirleýäň.

Ruhy programmirlemek nämä gerek? Dogrydanam öz ruhyňa azar bermäk näme gerek? Şu ýere çenli okap bolanlaryň 90%, ruh diýen zada ynananoklaram. Nähili bolandada ruhy programmirlemek gerek, sebäbi adam ruhy diňe özüne meňzeş ruhlar bilen çaknyşýar, ýa-da bir meýdanda ýerleşýär. Mysal üçin kezzap adamlaryň ruhlarynyň barsy, şol bir meýdanda ýerleşýär, sebäbi olaryň programmalary deň. Eger ruhlar bileleşse, olaryň eýeleri hem bileşýär. Ruhlaryň dünýäsinde bileleşme, adam öleninden soň hem dowam edýär, şol säbäpden Beýik Ýaradyjy öz kitabynda (Kerimi Kuranda) şeýle diýýär: —Diri wagty azaşanlar, ölümden soň beter azaşarlar.
Sebäbi biz entek diri wagtymyz bizde aň bar we biz öz aňymyz bilen öz ruhymyzy programmirläp bilýäs, emma ölümden soň biziň aňymyz ölýär, ýa-da ruhdan aýrylýar, onsoň ruh öz programmasy bilen iki çäk galýar. Eger adam entek diri wagty, öz ruhyny ölümden soň ýaşaýşyň bardygy barada programmirlemese, diýmek adam ölünden soň hem öz ölümine ynananok. Dogry programmaly ruh diňe dogry hereketleri edýär, şeýle ruhly adamyň durmuş ýolyndan, diňe gowy adamlar çykýar. Mydama işi öz özinden şowly bolýan adamlaryň ruhlary dogry programmalan ruhlar bolup durýar. Şeýla adamlaryň ýolyndan hiç haçan ýaramaz adamlar çykyp bilemok. Sebäbi ruhlar dünýäsinde ruhlar hem öz ara gruppalara goşulýarlar, onsoň olaryň eýeleri hem gitjek ýerleri ýok, öz ruhlarynyň yzyna düşmeli bolýarlar. Öz ruhyň dogry ruhlar bilen dost bolar ýaly, öz aňyňda köpräk dogry pikirleri saklamaga synanşmaly. Öz aňyňda dogry pikirleri saklamagyň iň ýönekeý usuly meň bilşime görä diňe günde 5 wagtyna namaz. Galan usullar ähli kişä elýeter däl. Meň aýdýan zatlarym erteki ýaly bolup eşdilsede, adamyň ruhy kiçijek Hudaý we oň başarmaýan zady ýok. Adam öz ruhy dünýäsinde näçe kuwwatly bolsa, ol şonçada biziň fiziki dünýämizde köp zatlary dolandyrýar. Fiziki dünýä täsir etmek üçin bize hiç zat etmek hem zerur däl, bolmaly zatlaryň barsy siziň aňyňyz gatnaşmasada öz özinden bolup durýar. Siziň göwnüňize degen adama Hudaýyň özi göz görekezýär, has takyk aýdaňda siziň ruhyň bar zady Hudaýa ýetirmän özi amala aşyrdy. Siz bolsa hiç zatdan habaryňyz hem ýok. Adam ruhy Allahyň ýaradan zatlarynyň içinde iň üýtgeşigi we gudratlysy.

Ruha ýazamaz programmalary ýazmak barada. Ruha ýaramaz programmalary hem ýazmak mesele däl. Eger öz aňyňda ýaramaz pikirleri uzak saklasaň, ol dünýägaraýyş uzagyndan seň ruhyňa ýazylýar we şoňa göräde ruh seni bu durmuşdan alyp gidýär, bu zady biz takdyr diýýäs. Adam gowy işleri öz aňynda etmeli dälde, öz ruhy dünýäsinde etmeli. Emma gowy işleri uzak wagtlap öz aňyňda amala aşyrsaň, ol işleri etmek hem uzagyndan ruhyňa ýazylar. Ruha çem gelen zäherli programmalary ýazmakdan ruhymyz goralan. Mysal üçin men öz aňymda uzak wagtlap ýaramaz pikiri sakladym diýeli, mysal üçin goý ol pikir uly adamlary sylamak biderek düşünje barada pikir bolsyn. Şeýle pikir uzak wagtlap meň aňymda eglendi, men eýýäm şol pikiri aklaýan bir näçe mysal bilýän, aýdaly ýaramaz işleri ýurdymyzda diňe uly adamlar edýär diýeli, ýaşlar beýle howuply däl diýeli? Şeýle pikir iň soňunda meň aňymda köp eglenip, iň soňynda meň ruhyma geçmeli. Emma Ýokardan bir ýerden meň ruhymy bloklaýan mehanizmlar işläp başlaýar we men öz ruhyma zäherli pikrileri ýazyp bilemok. Men agyr kesekläýen, mysal üçin mende "Süýji kesel" başlaýar. Meň aňymda eýýäm diňe şol keselden dynmak barada pikirler ýaşap ugraýar. Mende zäherli pikirlere ýer galanok. Men diňe gije gündiz öz keselimden dynmaň pikirni edip başlaýan. Eger meň ýalňyşmasam, adamlara ugradylýan keselleriň barsy, adam öz ruhyna ýaramaz zatlary ýazmaz ýaly ýörüte blok ediji mehanizmlar bolup durýar. Sebäbi adam öz ruhyna ýazan zady ahyrýete çenli galýar, emma adamyň bedeni bolsa ölýär we ýitýär. Biziň şu durmuşda öz ruhymyza eden ýazgylarymyz baky galmaly we başga durmuşlarda bize kömek etmeli. Biz her gezek täzeden dünýä inýäs we geçen durmuşda öz ruhymyza näme ýazgy eden bolsak, şoň yzyny ýazmagy dowam edýäs. Iň soňynda adam ruhy kämilli dereje gelmeli we ölüp dogulma sistemasy ýapylmaly. Başgaça aýdaňda Ruhlaryň dünýäsinde wagt diýen zat ýok, Beýik Ýaradyjy Adam atany entek doly ýaradyp bolmady we Adam entek hem Erem bagynda alma agajyna seredip dur we ikirjiňleýär, iýsemmi ýa-da iýmessemi? Oň kellesinde döreýän dawwa jenjel bolsa, eýýäm biziň dünýämiz. Wagt diýen zat Beýik Ýaradyjynyň gurallarynyň biri, wagtyň kömegi bilen tutuş adamzat edil döwülen gurjak ýaly bejirilmeli. Men ir döwürler näme üçindir aň diýen zady Şeýtanyň döredenligine ynanýardym, şeýle pikirleriň meň nireden kelläme gelenini men şu wagt hem bilemok. Hamala Hudaý adamyň ruhyny ýaradýar we ol ruh terbiýesiz bolany üçin Hudaýyň sözinden çykýar. Ruhyň kemçiligini diňe Şeýtan görýär we adamy terbiýä salmak üçin aň diýen zady döredýär. Aňyň dünýäsinde welin eýýäm pikirlenip bolýar, bir iş etmäkäň 7 ölçäp 1 kesip bolýar. Näme üçindir ir döwürlerden bäri şeýtan meň aňymda özini beýik akyldar hökmünde görkezmäge synanşýardy? Şeýtanyň we başga jynlaryň aňlaryň ummanynda höküm sürýänini bolsa men düýpli soň bildim. Aňlaryň dünýäsinde adamdan başgada bir topar barlyklar bar, şol barlyklar biziň aňymyzda gowy pikirler eglenmez ýaly elinden gelenini etmäge synanşýarlar. Eger gowja üns berseňiz telewidenýaň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň hem esasy maksady hem şol. Biziňde aňymyzda ýaramaz zatlaryň uzak eglenmegini üpjin etmek.

Bilim, Adalat19 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir