Gep gutardy. Myhman alyşlarynyň düzgüni şeýlemi, o-da kireýiň içinde bamy ýa myhmanlaryna nebsi agyryp şeýtdimi, Anna Iwanowna hemmeleri stoluň başynda oturdyp nahar guýdy.
Aýallar nahar başynda-da adam-a bir gezekden ýelmediler. Şondan soň olaryň dilleri hasam açylyşdy. Tebip myhmanlaryň nähili ykballary bilen gyzyklandy.
Omar bar zady bolşy ýaly edip gürrüň berdi. Tebip Gökböriniň şojagaz zat üçin dagam iki adamyň ganyna galandygyny oňlamady.
― Kowup goýbermeli ekeni, wessalam... ― diýdi. ― Özem beýdip ömrüni lagerde geçirmeli bolmazdy, sizem bu güzaplary görmeli bolmazdyňyz.
Anna Iwanowna myhmanlaryna duýgudaşlyk etdi.
― А что поделаешь... Закон у них такой. Они мусулманы.
Tebip öý eýesine görä birneme sowatlyrak ekeni.
― Biziň hemmämiziňem kanunymyz bir. Sowet kanuny. ― Ol äpet ýumrugyny düwüp ýokary galdyrdy. Howada galgatdy. ― Коммунистический! Интернациональный!.. Вот, смотрите кaкие люди сидят в кресле Сталин ― ...грузин, а Дзержинский был поляк, Свердлов ― еврей и так далее и далее...
― Ни одного мусулманина... А ведь сколько у нас мусул¬манских республик.
Tebip aýal böwrüni diňledi...
― Да-а... Ладно, давай, выпит...
Gowy «ýetensoň» Anna Iwanowna-da özüniň başdan geçirenlerini gür berdi.
Aýdyşyna görä, onuňam ykbaly Zerkäkiliňkä meňzeşräk bolupdyr. Ýöne ol söýgülisiniň däl-de, adamsynyň yzyndan gelipdir-de, Handurdynyň aýdyşy ýaly, lageriň golaýyndaky obada ýaşapdyrlar. Äriniň möhleti gutarandan soňam şol obada galypdyrlar. Iki çagalary bolupdyr. Bir ogul, bir gyz. Ýöne, ulalansoň olar uly şäherlere gidipdirler. Şondan soň has asudarak, hem düşewüntliräk ýer diýip, şu ýere göçüp gelipdirler. Ýöne, ýurt olary garşy almandyr. Bir ýyla ýetip-ýetmän adamsy ýogalypdyr.
― Şondan bärem şu ýerde ýaşap ýörün... ― diýip, Anna Iwanowna uludan demini aldy.
― A çagalaryňyz?.. ― diýip, Omar sorag berdi.
Anna Iwanownanyň gözleri çygjardy.
― Olaryň haýsynyň haýsy ýerdedigini Hudaý bilsin... Biri-birleri bilenem gatnaşýandyrlar öýdemok men-ä şolar...
Marfa Matfeýewna irkiljiräp ugrady. Belki şonuň üçindir, ol özi hakda hiç zat gürrüň bermedi. Gidermen, baryp dynjyny alarman boldy. Ýöne, turjak wagty birdenkä ukudan açylan ýaly bolup:
― Ýoldaş myhmanlar, ýogsa-da siz nireli... ― diýdi.
― Türkmenistandan ― diýip, ýadawlykdan ýaňa ýere siňip barýan, ýöne, sypaýyçylyk üçin zoraýakdan gözüni ýummajak bolup oturan Omar jogap berdi.
Marfa Matfeýewna muny eşidip ukudan açyldy diýseňem boljak.
― Из Туркменистана?.. ― diýip, ol iki elini bykynyna urup oturyşyna äpet göwresi bilen Omaryň üstüne abandy. ― Aşgabat şoň paýtagty dälmi?..
― Howwa...
― Golaýda şol ýerde ýer yrandy gerek?..
― Howwa...
― Häzir hemme gazetler şol hakda ýazýarlar. Radio-da şol hakda aýdýar. Aýdyşlaryna görä, örän eýmenç bolupdyr.
― Howwa. Örän eýmenç hem gorkunç boldy. Zaýaçylyk köp.
― Siz näme ony gördüňizmi?
― Howwa. Şol gije biz ýegençim bilen şol ýerdedik.
― Ondan-a Hudaý gorapdyr welin, mundanam sag-aman sypaýsaňyz.
Ol hoşlaşyp gapa tarap ýöneldem welin, Omar onuň öňüni kesdi.
― Duruň! Saklanyň! Biz entek siziň bilen hasaplaşmadygam ahyry.
Marfa Matfeýewna ümezläp duran gözlerini Omaryň dik depesine dikdi.
― Dogry. Siz meniň bilen hasaplaşmaly. Bu meniň kärim. Şonuň bilen men güzeranymy aýlaýan. Ýöne, sizden hiç zat aljak däl. Sebäbi häzir tutuş ýurt size kömek edýär. Sibiriň agaçlarynyňam häzir ýüzi şo ýana tarap. Meniňem size kömek etdigim bolsun. Ujypsyzja-da bolsa kabul ediň.
Şeý diýdi-de, tebip aýal çykyp gitdi.
Anna Iwanowna henizem gapa gözlerini dikip durşuna ýaşaran gözlerini öňlügine süpürip, burnuny çekdi.
― Marfa Matfeýewna gör nähili mert zenan.
Zerkäkil bu wagt abat aýagyny krowatdan sallap arkan ýatyrdy.
Omar ony ynjalykly ýatyrdy. Üstüne öý eýesiniň beren ýorgançasyny ýapdy. Düzedişdirdi. Soň, özem Anna Iwanownanyň görkezen ýerine ― içki jaýdaky ullakan, hem giň, agaç krowada geçip ýatdy. «Megerem munda är-heleý bolup ýatan bolsalar gerek» diýip, ýigit ukynyň ýaňy bir çetinden girip barýarka pikir etdi.
Anna Iwanowna olary daňdanaralar oýardy.
― Turuň, turuň! Bendiler eýýäm üýşüşip ugradylar. Olar size garaşmazlar.
Omar Zerkäkili turzup, geýnip ugrady. Anna Iwanowna:
― Ýok, ýok! Bir käse gyzgynjak çaý içmän, bir agyz garbanman gitmersiňiz. Ýa ýolda ysgyndan gidip ýykylasyňyz gelýämi?
Aýak üstünden diýen ýaly garbandylar. Zerkäkiliň ýagdaýlarynyň gowy däldigi ýüzünden-gözünden bildirip durdy. Ol esli wagtlap daýysynyň çep kibtine ýaplanyp, gözlerini ýumup durdy. Ýöne aglamady. Anna Iwanowna oňa:
― Belki bäş-üç gün bolarsyň? Marfa Matfeýewna seni bejerer. Soň, beýleki kolonnalaryň birine goşluşyp gidiberersiňiz-dä... ― diýdi.
Omar ony Zerkäkile terjime etjegem bolmady. Oňa derek gursak jübüsinden puljagazlaryny çykardy-da «näçe bereýin» diýen manyda tutuşy bilen öý eýesine tarap ülňedi.
O-da tebip aýaldan kem galmajak boldumy ýa bu iki juwanyň bolup ýörüşlerine dözmedimi, pula tarap aýalaryny ýaýyp, arkan-arkan gaýyşdy.
― Ýok, ýok! Gerek däl! Menem sizden hiç zat aljak-gä... Görýän welin siziň betbagtçylygyňyz bir ýa ikem däl. Goý, ujypsyzja bolsa--da mendenem size goşant bolsun.
Şeý diýip, ol ýaşlaryň ikisinem gujaklady.
― Ir-u-giç ýatlasam ýagdaýlaryňyzy bolman-da hat üsti bilen bilerim ýaly, öý salgyňyzy goýup gidiň ― diýdi. Tä kolonna çenli myhmanlaryny ugratdy.
...Ir bilen «pohmel» edipdir öýdýän, Pankratyç olara gözi düşenden:
― Ýogsa-da siz nireden-aý... ― diýip, keýpi kök halda, şelaýynlyk bilen Omara ýüzlendi.
Myhmanlarynyň gapdalynda dikilgazyk bolup duran Anna Iwanowna Omardanam öňürti dillendi.
― Olar Aşgabatdan, ýoldaş kapitan. A siz bilýäňizmi Aşgabatda ýer titränini? Şol wagt şular şol ýerde ekeni.
― Eşitdim, eşitdim ― diýip, düýnküsine düýbünden meňzemeýän Pankratyç çym-gyzyl bolup duran gözlerini öňküsindenem beter «jokgardyp» Anna Iwanowna seretdi.
― Sizem onda şu iki çaga kömek ediň-dä. Sogap gazanarsyňyz.
― Bolmanda-da ýolda taşlap gidip bolmaz-a...
Şondan soň kapitan kolonna ugramak barada buýruk berdi. Anna Iwanowna Omar bilen Zerkäkili ýene-de gujaklady. Ogşady. Gowy basyp bilmeýändigi üçin Omar Zerkäkiliň goltugyndan girdi. Esli ýere barýançalar, Anna Iwanowna olaryň yzyndan seredip durdy.
...Günortanaralar ýene bir obanyň üstünden bardylar. Ýöne, düşlemediler. Bäş-on kilometr geçenlerinden soň welin, Pankratyç halys eňki agan bendilere on minutlyk dynç berdi.
Kim çilim oranmaga durdy, kim ýegdekläp özüni gür-gümme çöplüge urdy, on minudam bolsa bilimi bir ýazaýyn diýip, Omar bilen Zerkäkilem özlerini ýere goýberip, el goşjagazlaryna ýaplandylar.
Garaňky gatlyşandan soň ýene bir obanyň üstünden bardylar. Ýöne onuň ady oba. Sanlyja öý görünýär.
Kiçijik penjirelerinden görünýän ölügsije yşyk, elbetde bendileri özüne çekdi. Esasanam, agaçdanam bolsa jaýyň içindäki gübürdäp duran pejiň ýylysy olary özüne imrindirdi. Ojagaz jaýlara kolonnanyň ýerleşmejekdigem görnüp dur.
Pankratyç bolsa hiç zat diýenok. Bendilere-hä diýmegem bolanok. Ahyram kolonnany goraglap gelýän dört sany goragçynyň maslahaty bilen, Pankratyç bendilere ― «duruň» diýip komanda berdi.
Ýene-de öten agşamky ýagdaý gaýtalandy. Bendiler gözleri ýok ýaly her öýe bäşden-üçden sokulyşdylar. Omar bilen Zerkäkil Pankratyç hem-de iki ohrannik bilen kiçiräk, iki otagly, pessejik jaýa ýerleşdiler. Öý eýeleri başda tykyraşjak boldular. «Nirede ýatjak siz, özümizem-ä üç baş» diýen manyda, ýeňselerinden itip, iki sany ýortmançyrak oglanjygy, öňlerine tutundylar. Ýöne, myhmanlar haýbatly däldiler. Şeýle-de bolsa ýaragly adamlaryň öňünde etjek alajyň näme? Onsoňam olar hökümetiň adyndan hereket edip, zabun daraşybam bilýäler.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir