Sakgyç
1928-nji ýylda Uolter Dimer sakgyjyň düzümini kadalaşdyrýar. Bu häzire çenli saklanyp galypdyr:20% kauçuk, 60% şeker, 19% mekgejöwen şiresi, 1% ys beriji.
~~~
Sakgyç çeýnemegi lukmanlar düýbünden gadagan etmeýärler. Mysal üçin, nahar iýip bolanyňdan soň dişiňde galan iýmit owuntyklaryny aýyrmak üçin, agzyňdan hoşboý ysyň gelmegi üçin sakgyç çeýnemek bolar. Ýöne 5-10 minutdan artyk çeýnemek zyýanlydyr.
~~~
Sakgyç çeýnemegiň peýdaly taraplary-da bar. Mysal üçin, ulaga müneniňizde ýüregiňiz bulansa, sakgyç çeýnemek bilen bu meseläniň öňüni almak bolýar. Uçara münülende hem sakgyç çeýnemek maslahat berilýär.
~~~
Ilkinji sakgyç öndürýän fabrik ABŞ-yň Bangor şäherinde gurlupdyr.
~~~
Alymlar sakgyç çeýneýän wagtynda çagalaryň pikirlenişiniň çeýnemeýän çagalaryň pikirlenişinden ep-esli pese düşýändigini ýüze çykardylar. Şonuň üçin hat-ýazuw, hasap bilen meşgullanyp otyrkaňyz, sakgyç çeýnemekden gaça duruň!
~~~
Sogan dogran wagtyňda sakgyç çeýneseň aglamarsyň.
~~~
Aşgazany agyrýanlara sakgyç çeýnemek zyýanlydyr.
~~~
Ilkinji sakgyçlaryň ady: "Ak dag", "Şekerli gaýmak".
9.07.2021 15:32

Bilim, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir