Daglaryň başynda batyp barýan Gün,
Ýene dogar ertesi gündogardan,
Sen-ä ý:at birine göwün bildirip,
Asmandaky meniň Günüm batyrdyň,
Ýok seni söýmändim, ýürekden çyndan!
Söýen bolsam onda bolardy köýüp,
Ýok men asla seniň üçin ýanmaryn,
Sebäbi men seni söýmedim başda,
(Belki şonuň üçin köýüp gidensiň)
Daň saz wagty agaç atda seň käbäň,
Gitmezden öň, seni maňa berjekdi,
Ýöne zalym kakaň, ejeň ötensoň,
Hökümdarlyk özüne galan ýaly,
Seni başga birne berdi goýberdi,
A meň hiç zat bolmadyk ýaly göwnüm,
Begendim sen durmuşa çykanyňda,
Bardym men toýuňa seň käbäň kyrky,
Geçmänkä seň tutan toýuň buladym,
Kakaňa hem berdim mazaly ýumruk,
Meň içim sowady köşeşdim şonda,
Gaýtmagyma rugsat bermän agalaň,
Tutdylar ýakamdan şatyrdadyp meň,
Men şonda ýekedim, siz bolsa köplük,
Suwa saldym edip ýençdiler meni.
Şonda il gününe ýaraýan donly,
Gara sakgal molla geldi ýanyma,
Tutdy meni galdyran dek asmana,
Agalaň elinden alyp goýberdi...
Men begenýän seniň toýuň bulaşyp,
Käbäň kyrky depelendi gynandym,
Wah kyrky bir geçäýmeli-dä welin,
Toprak astyndaky ynjady eje...
Ýöne daglaň başyndaky batan Gün,
Ertir daň sazynda ýylgyryp çykar...



@Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir