''Solup barýan'' diýýäň,
Ýok sen solaňok,
Gamlanma sen, gam çekme,
Haýyş edýän,
Ýekelige öwrenşensiň Altynjan
''Gelin boldum, ýöne ärim ýok'' diýme,
Seniň özüň bir gyzyňa ejesiň!
Hem kakasyň kakasyz boşan öýe,
Galdyr başyň, gamlanma sen gam çekme,
Bir gün geler seniňem altyn çagyň,
''Zähmet bilen kynçylygy ýeňerin'',
Şeý diýip sen çykypdyň-a bu ýola,
Müň ýykylyp, müň bir sapar galarsyň,
Çökmersiň sen gyzyň çeker eliňden,
Oka şu ýazanlam,
Ertir sabahlar,
Öz beren sözleriň ýatladyp durar,
Egrem-bugram işe barýan uzyn ýol,
Saňa bagt getirer, egsilmez gaýrat...



@Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir