Boş sözünin gin manysy bardyr. Boş sözi doldurylyp boljak bir yeri gözönüne getiryandir. Mysal üçin boş çüyşanin içine bir zat guyup ony dolduryp bolar. Çüyşanin içindaki zadyn gymmatlygyna göra hem çüyşanin gymmatlygyna göz yetirilyandir. Edil şuna menzeş hem boş kelleli, boş ruhly şahsyyetler bardyr. Özüni tapyp bilmedik, tanamadyk, nama menzejegini bilmeyan, yol görkezilmegine garaşyan boş şahsyyetler. Olar başganyn medeniyeti, dili yada hasiyeti bilen tanyşanda öz boşlugyny şol tazelik bilen doldurjak bolup ymtylar. Keseka menzejek bolup hasiyetini üytgedip başlar, öz geçmişinden habary bolmanson kesekin medeniyetini kabul eder, ene diline hormatyny yitirip keseki dilde geplemegi özüne dereje bilip boşlugyny öz çeşmesinden dalde keseki çeşmeden doldurmaga synanşar. Sebabi munyn yaly boş şahsyyetlerde pikir ösüşi hem kem bolany üçin olaryn bu zatlara düşünmage ukyby yokdur.

Köneler, arassaTürkmen tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri