Ol günler bireýýäm uzakda galdy,
Ondan soň erikler ýaýdy gülün kän.
Ýadymda galypdyr, başyň mahmally
Akar ýapdan suw daşardyň gelinkäň.
Seň gelýäniň görsek, gyra çekilip,
Köşeşdi:rdik şagalaňly güzeri.
Gamyşlaryň arasynda bukulyp,
Saňa syn ederdi çaga gözleri.
Bedrelerňi dolduraňda egilip,
Gunça deý mahmalyň ýüzün açardy.
Şonda seniň Gün görmedik, tegelek
Ak ýüzüň az salym şöhle saçardy.
Giderdiň sen soňra gumaksy ýodaň
Iki gyrasyna hünji seçeläp.
Giderdiň yzyndan seredip ýadan
Çaga göreçlerne ünji seçeläp.
Unutjak bolardyk açlygyň derdin,
Agynap kenaryň çägelerine .
Şonde ýene umyt alyp gelerdiň
Sen uruş ýyllarnyň çagalaryna.
Ogurlapdy ýasly günler sähedin
Obadaky bar tutuljak toýlaryň.
Sen geçen toýlaryň ýatlamasydyň
Hem sen azruwydyň boljak toýlaryň.
Ol günler bireýýäm uzakda galdy,
Ondan soň erikler ýaýdy gülün kän.
Ýadymda galypdyr , başyň mahmally
Akar ýapdan suw daşardyň gelinkäň.
Atajan ANNABERDIÝEW
OL GÜNLER...
-
soho
3 years ago
- gowy goryan goshgularymyn biri
-
Ulugyz
3 years ago
- :) +++++++
Aygul nuralyyewa 3 years ago- One Two Three Four
Geçen gùnler,geljek gùnler,shu gùnler,
Elmydama,açyk bolsun gôwùnler,
Dùnyani bezesin janym ter gùller...*Arslan Nuryyew-Mahrim. @Shahyrana