http://talyplar.com/posts/67087
Şu salgylanmada @Adalat19, öz gipotezalary bilen Tekiz Ýerleriň ortasyndan gazyk dag kakylan görnüşe, özem bularyň daşynyň ýumurtga görnüşde, ýumurtganyňam gaty aýna şekilindedigini aýdyp makala paýlaşypdy... Şol aýnanyň daşy suwdan doludygyny hem aýratyn belläp geçipdi:
Göz öňüne getiriň suwly akwariumyň içinde biziň ýumurtgamyz bar...
''Biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýarys. Biziň asmanymyz, astymyz we çar tarapymyz şol ýumurtgaň diwarlary bilen gutarýar. Biziň asman hökmünde seredýän gümmezimiz şol ýumurtgaň ýokary tarapy. Ýumurtgaň gabygy edil aýna ýaly aňarsy görünýär. Aýnaň aňarsynda dünýewi umman bar. Şol sebäpden asman gök bolup görünýär. Asmandaky umman bilen biziň dünýämizi ýumurtgaň gabygy saklaýar. Käbir çaklamalara görä bolsa, Nuh pygamberiň döwründe ýeri gark etmek üçin şol asmandaky böwetleri açypdyrlar we asmandaky suw ýere inipdir. Soň 3 sany örän ýagty gün tutuş ýeri çaltjak guradyp çykypdyr''.
Eger-de hakykatdanam Ýeriň daşynda suw bar bolsa, meniň aklymy gorjalaýan şeýle soraglar bar??? Kurany Kerimde Hud aleýhissalamyň Ad kowmuna iberilendigini, Ad kowmunyň hem Erbet ýel, şemal bilen heläk edilendigine degişli şeýleräk rowaýat bar: Jebraýyl alaýhyssalam
ýele erkli bolan perişdä: ''Ýeliň gapagyny aç'' diýip, Taňrynyň buýrugyny ýetirdi. Ol: ''Näçeräk açaýyn?'' diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Sygryň burnundaky deşik ýaly aç'' diýdi. Ol perişde: ''Ol mukdarda açsam ýer ýüzünde toprak, daglar,
agaçlar, deňizler galmaz diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Onda bir kiçi ýüzükçe aç'' diýdi. Ol perişde ýene öňki ýaly jogap diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Beýle bolsa iňňäniň ýyrtygyça
aç''. Ol perişde ýeliň gapagyny şol mukdarda açdy. Emma ýel gereginden artyk çykdy. Aýat: ''Emma Ad kowumy çakdanaşa güýçli öwüsýän sowuk ýel bilen heläk edildi''. Arap dilinde
''ad'' sözi ''öte geçmek'' manysyny berýär. Perişdeler buýrugy berjaý etmekde öte geçdiler.
Hud alaýhyssalam degresine hat tartdy. Ýel ýetip geldi, emma ol hezreti Huda zyýan bermedi. Adylar: ''Huduň ýeli bizi titredip başlady'' diýdiler. Olar uly garymyň içine girdiler. Olar aýaklaryny dyzlaryna çenli ýere we daşa berkitdiler. Ýel gelip, olaryň aýaklarynyň aşagyna girdi. Ýel olaryň topragyny açdy, ilki olaryň ýarlyklaryny soýdy, soňra etlerini sypyryp
aldy. Olaryň diňe süňkleri galdy. Olaryň birnäçeleri dagyň gowaklaryna girip ýaşyndylar. Ýel girip olary gowaklardan dartyp çykardy. Ýel öýde gizlenenleri hem heläk etdi. Ýel adlaryň süňklerini çöpläp, garymyň düýbüne gömdi.''
Şu rowaýatda belli bolşy ýaly Ýel hem asmandan, ýagny gök asmandan açylan iňňe deşigi ýaly deşikden çykarylýar...
Eger Asman durşy bilen suw bilen doldurylan bolsa onda seniň aýdyşyň ýaly Ýumurtga gabygyndan Ýel däl-de Suw akardy...
Bu pikire @Adalat19-yň düşünşi nähili!?
Asman giňişligi suw bilen doldurylanmy ýa ýel bilen ýa-da biz haýsy asmanyň astynda ýaşaýarys!?
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture, ýel çar tarapdan, jemläp aýtsak asman giňişliginiň bir ýerinden gelýär dälmi?
-
Khanture
3 years ago
- Asman giňişliginden gelýär diýen ýeri ýok bu rowaýatyňda. Belki bir dagdan ýa başga ýerden.
Odiseý kino ýada düşüp gitdi. Şonda şemal hudaýy Odisseýe bir zat berýara. Odisseýin yoldashlary uklap yatyrka ony açýala. Bum! Apy -tupan...
Kino bu ýerde hiç zat ýøne ýadyma düşdida.
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture, ýeliň Asman giňişliginden gelýändigini bilmek üçin bir ýerde ýazyk bolmalymy!?
-
Khanture
3 years ago
- Hawwa yeling gapagyny ac diipdir. Yone nirden? Asmandanmy? Baklaskadanmy?
-
Jeksparro
3 years ago
- Ýel Odisseýa salynan howa haltasyndan bolmajagy belli dälärow...
-
Jeksparro
3 years ago
- bellärow* bolmalydy... 😁
-
Adalat19
3 years ago
- @Jek serçe, eger meň çaklamalarym dogry bolsa, ýumurtgaň içi ýapyk sistemaly terrarýum bolmaly? Ýel we başga zat şol ýumurtgaň çäklerinde döremeli, daşyndan aňsat hiç zat gelmeli däl. Onsoňam ýumurtgaň gatlary hem 7 sany diýýäler, gatlaklaryň arasynda nämäň bardygyny bir Allah bilýär? Sen islendik soraga diňe birje tekizlikden seretjek bolýaň, sen problemmaň şonda bolaýmasa..)))) Perişdeleri elleri ýadro ýaragly ýa-da başga bir has kuwwatly ýaragly generallar hökmünde göz öňüne getirip gördüňmi? Kerimi Kuranda agzalan ýok edilen şäherleriň galyndylary biziň döwrümizde bara, şol şäherleriň üýtgeşik bir ýarag bilen ýok edilenini aýdýarlar. Şeýle şäherleriň birini kükürt bilen ýok edipdirler, kükürtli bombany şu wagt hem tapyp bilenoklar. Seň ýokarda agzan aýadyňda bolsa, Perişde bilen Beýik Allah, ulanyljak ýaragyň kuwwatyny sazlap otyrlar, ýöne bar zady iň soňky gummul görgüli düşiner ýaly dilde aýtdylar. Bar zady harpma harp kabul etme, seň ýokarda agzan aýatyňda, Perişdeler öz ýaraglarynyň bar güýji barada gürrüň beresi geldiler. Onsoňam ol doňdurýan ýel diýilýän zat, gudrat dälde, örän ösen himiki ýaragy ýatladýar. Wakumny bombalar şol agzalan usul bilen işleýär, parylaýmaka ähli boşlyklary doldyrýarlar...
-
Jeksparro
3 years ago
- Rowaýat Kysasyl Enbiýadan alynan Nasreddin Rabguzy bolmaly awtory...
-
Jeksparro
3 years ago
- @Adalat19, seň kükürt bilen ýok edilen şäher diýýäniň Hindistandaky antik harabalyga aýdýarsyňmy!? Ýöne onuň Perişdeleriň şeýle edendigi hakynda maglumat ýok-da diňe Hindi efsanawy Hudaýlaryň şeýdendigi hakynda maglumatlar bar öýdýän...
Ýöne bu Ýumurtgaly gatlakly Ýer düşünjäň bolupbilmejek ýaly aslynda...
Khanture 3 years ago- Jebraýyl alaýhyssalam
ýele erkli bolan perişdä: ''Ýeliň gapagyny aç'' diýip, Taňrynyň buýrugyny ýetirdi. Ol: ''Näçeräk açaýyn?'' diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Sygryň burnundaky deşik ýaly aç'' diýdi. Ol perişde: ''Ol mukdarda açsam ýer ýüzünde toprak, daglar,
agaçlar, deňizler galmaz diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Onda bir kiçi ýüzükçe aç'' diýdi. Ol perişde ýene öňki ýaly jogap diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: ''Beýle bolsa iňňäniň ýyrtygyça
aç''. Ol perişde ýeliň gapagyny şol mukdarda açdy. Emma ýel gereginden artyk çykdy. Aýat: ''Emma Ad kowumy çakdanaşa güýçli öwüsýän sowuk ýel bilen heläk edildi''
Yel asmanyng gatyndan acyldy diyen yeri barmy? Mojet yel saklanyan bir gizlin guty bardyr. :))))