Barymdan bazar eýledim,
Käte kemsindim ýoguma.
Bir gün duýgularmy bogup,
Ýanasym geldi ýoguna.

Göwnüme hile gurdurdym,
Urdurdym ýodany, ýoly.
Ähli kişä gyýa bakdym,
Ählisi kastymda ýaly.

Jan berjekdim jan berene,
Janyn berjek tapylmady.
Görmesem diýdim dünýäni,
Göreçlerim gapylmady.

Elden gelse, hemmäň derdin
Bir demimde ýakjakdym men.
Çoýunara ot boljakdym,
Derýa bolup akjakdym men.

Ata pendin dogry tutup,
Aglatmajakdym enemi.
Jahana şatlyk berjekdim,
Özüm aljakdym elemin.

Ýol tapjakdym ýüreklere,
Mätäçlere gol berjekdim.
Diňe ýeke gyzy söýüp,
Diňe şoňa ýalbarjakdym.

Gol buladym salgyma kän,
Elim ýetmedi belende.
Wah, şo mahal ýok ekenim
Bagt gapym kakyp gelende.

Etsem-petsem kändi mende,
Juda-juda kändi olar.
Ýöne ömrüň bir güýzünde
Ýaprak bolup tändi olar.

Her arzuwmy durmuşyma
Geçirmäge gyssanardym.
Arzuw arzuwlygna galdy,
Wah, ýeňildim gussalardan...

Dat-bidat gygyrdym ençe,
Tapylmady sesim eşden.
Onsoň zary-zar ýygladym,
Sesimi gizleýip içden.

Tapmakdan umydym üzdüm,
Nirde şatlyk, nirde gowluk?..
Ahyrsoňy bilip galdym
Ýalňyşanmy döräp — doglup.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir