Bulutlar akmaýar seniň ýanyňa,
Derýalar akmaýar seniň ýanyňa,
Her zaman, eý aman, düşseň ýadyma,
Sensiz ses-selemsiz
                                       burlup kaddym-da,
Gursagymda köwsar urýar hasratym.
Jöwlan urýar yşkyň ýeldirgemesi.
Sensiz ses-selemsiz ýanýan,
                                                        kalbymda
Bahana araýar ýer titremesi.
Söwdaýy deý elim salgap baryna,
Hemra bolup elwan daňyň badyna,
Atlanyp ýüregiň harasadyna
Seniň ýanyňa,
                            seniň ýadyňa,
                                                        seniň ýazyňa…
Däli deňizlerde elhenç gaýlaryň
Owsun atyp eňişi deý kenara,
Pasly-baharlarda ýaşyl maýsalaň
Tolkun atyp dönüşi deý şemala,
Giderin ýanyňa suwlunyp-suwlup,
Derýa deýin başym alyp giderin,
Gözbaşlarym dagdan
                                           kök kimin sogrup,
Eý, sen, çasly çeşme kimin ak saçly,
Bedenine ak gijeler siňenim,
Jowur ak garlaryň şuglasymy sen,
Ýyldyrymdanmy ýa bedeniň seniň?!
Meniň gujagymda ýyldyrym çakyp,
Tagma deý basyldy lebleriň aly,
Aklygyňdan ýaňa görüneňok sen,
Görüneňok, öçürmesem çyrany.
Daňyň suwy berlen kaddy-kamatyň
Dur meni wagşy bir güýç bile dartyp.
…Sen deňze giren deý, uklan halatym
Düýşüme girýärsiň anjaýyn geýnip.
Sensiz orun tapmadym men janyma,
Sensiz, serwim, sygmadym, men jaýyma,
Örtenýärin ýalňyz garraýanyma.
Ykbal bize rehimsizlik edipdir,
Aýlap-ýyllap şol gaýtalap ýörşüme,
Adyň dodagymda eräp gidipdir.
Eý, sen, çasly çeşme kimin ak saçly
Suw peri, men seniň yşkyňda ölýän.
Men seniň birmahal ýitiren kölgäň.
Meniň gözlerimden akýan ýaşa bak!
Bu dünýäde iň aýylganç betbagtlyk —
Bagtyň tapyp, ondan jyda ýaşamak.

Nobatguly REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir