Zory gitmezmiş 

Ahatdyr, Samatdyr ol Hakyň ady, 
Bir Allahyň güýji, zory gitmezmiş. 
Bolmaz onuň hergiz ýakyny, ýady, 
Gurulan bazary, şähri gitmezmiş. 

Ol Hakyň ýanyndan bir göwher çykdy, 
Gözledi göwhere, suw bolup akdy, 
Resul ondan öndi, ozal hiç ýokdy, 
Resulyň ýüzüniň nury gitmezmiş. 

Ol göwher suw bolup, derýaga döndi, 
Elli müň ýyldan soň birje guş öndi, 
Ganatyn ýetirip, Resula gondy, 
“Rafygy-kim?” diýip, gahry gitmezmiş. 

Dört togsan ýylda ony bildiler, 
“Rafyg Allah” diýip, Resul galdylar, 
Niçe ýyllap Resul şonda boldular, 
Ol nuruň şeminiň bary gitmezmiş.

Elli müň ýyldan soň döw gelip doldy, 
Hiçe ýyllap Hakyň hyzmatyn kyldy, 
Kap dagynyň aňyrsynda döw galdy, 
Gädiginden ýaman ary gitmezmiş. 

Elli müň ýyldan soň ýylky geldiler, 
Olar niçe ýyllap şonda boldular, 
Ol ýylkynyň müddet güni doldular, 
Her ýylkynyň ahy-zary gitmezmiş. 

Ol ýylky şalaryna bökelek geldi, 
Niçe ýyllap Hakyň hyzmatyn kyldy, 
Resulnyň nurundan ýer-gögi saldy, 
Ýer-gögüň melaýyk-hüýri gitmezmiş. 

Elli müň ýyldan soň Benijan ötdi, 
Adam ata kyrk ýyl palçykda ýatdy. 
Ondan soň Şeýs gelip, leşgerin tutdy, 
Dünýä gelen gaýdyp diri gitmezmiş. 

Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary, 
Iki müň iki ýüz Resuldan bäri, 
Magtymguly, görünmez Hakyň didary, 
Gören gula Hak didary gitmezmiş.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir