Megerem, dunyade soygi zerarly tolgunyp gormedik adam yok bolsa gerek. "Soýgini nadip gazanmaly we goramaly?" Yasan yasyna garamazdan, enceme adamlar bu sowal bilen gyzyklanyarlar. Söýgi-bu hemmelerin arzuwy. Eysem, sahsy gatnasyklardan bagtly adamlar kopmuka? Muny ynam bilen "az" diyip aydyp bolar.
Bu nahili beyle bolyar? Bir tarapdan, caga wagtymyz hali-sindi esiden jadyly soygi baradaky kalbyny gozgayan kinofilmler, soyginin yollaryny salgy beryan kitaplar. Siz aydymlary aytsanyzlan, icinde soygi setiri bolmazdan, bir aydym hem yok diyen yaly. Hamana, bu zatlar adaty durmusda dal-de, basga bir hyyaly durmusda yaly. Sonun ucin soygi hakdaky filmlere tomasa edip, zenanlarymyz aglayar. Sebabi olar butinley ahli zady gursap alyan, seyle guycli duygularyn ozlerinde bolmandygy ucin aglayarlar. Seyle guycli soygi olaryn arzuwy.
Seredin, nameler bolyar? Bir yas gyzy goz onune getirin. Ol bir sazadanyn peyda bolup, ozuni alyp gitjekdigine we hemme zatlaryn gulala-gulluk boljakdygyna ynanyar. Ol seyle nusgany kabul edyar. Meselem, hazir mana kyn, ynha, soygi geler we ahli zatlar gowulasar. Bu pikir kop sanly aydymlaryn manysyny duzyar. Hatda, menin soyguli aydymcy zenanym hem: "Sensiz Yer sary aylanmasyny goyar" diyip, aydym aydyar.
Yone, beyle bolanok. Bu hic hacan hem beyle dal. Yiti soyginin omri gysga bolyar. Az wagtdan soyginin nira yitirim bolandygy hakda sowal yuze cykyar. Soygi hic yana-da yitirim bolmady, ol aslynda-da, yokdy. Ol dine durmusyndan kanagatlanmayan bir gyzyn hyyalydy. Hacan-da, ynsan yalnyz bolsa, ol soygi atly "oyny" oynamaga ilgezik bolyar. Olar seytmek bilen yalnyzlykdan, yekelikden dynmak isleyar. Ahyr netijesi nahili? Yene-de kanagatsyzlanmak, yadawlyk, yurekgysgynclyk, gabanjanlyk, ay garaz, masgala durmusynda giden bir meseleler toplumy.
Hakykat, su. Hakyky nusgalyk soygi bizin durmusymyzda hacan peyda bolyar, hacan-da, bizin ozumiz sol soyga mynasyp bolanymyzda. Nusgalyk owadanlyk manyda dal-de, bizin kalbymyza asudalygyn hem sazlasygyn aralasan wagty.
Rowayatda aydylysyna gora, bir adamyn yas wagty tutus dunyani uytgedesi gelipdir. Ulalanson, toweregindaki adamlary uytgetmek islapdir. Garran cagy oz-ozuni uytgedesi gelipdir. Ol bir dananyn yanyna gelip: "Oz-ozuni nadip uytgetmeli?" diyipdir. Dana ona:"Eger-de sen yas wagtyn oz-ozuni uytgetmek islan bolsan, onda sen das-toweregindaki adamlary hem, tutus dunyani hem uytgederdin. Ozunden basla. Bu hic hacan hem gic daldir" diyipdir.
Gadyrly dostlar, soyga we oz-ozunize bolan gatnasyklarynyzy uytgetmage wagt boldy. Seylelik bilen, oz dunyanizi uytgedip, ozal hic hacan mumkin bolmadyk hakyky manysynda bagtly bolmaga tayyarlan.
1.06.2021 0:02

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir