Altynjy gat (Hekaýa).
Aýalymyñ dünýäsini täzelänine iki ýyl bolupdy. Onuñ ýogalan ýyly oglumyz Selim ýedi ýaşyndady, birinji synpda okaýardy. Enesiniń ölümi çaga juda erbet täsir edipdi, bu aýralyga hiç öwrenişip bilenokdy. Her gün ýarygije ukudan oýanyp, aglaý-aglaý enesini çagyryp, bagryma gan öýdürerdi.
Şeýle wagtlarda oglumy gujagyma alyp, dań atýança ony otagyň içinde eýläk-beýläk gezdirip, köşeşdirmäge çalyşardym. Hakykatda, hasrat astynda ýegşerip, çagany bu halda görenimde, özűmi asla,ele alyp bilmän, ýarym-ýaş bolup aglardym.
Ýanýoldaşymyń ýyly geçenden soň, dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar öýi eyesiz goymazlygymy undap, ugumy yekelemage basladylar:"Ayalsyz oy suwy guran degirmen yalydyr" diydiler. Öylenmeli sen. Onsonam korpeje Selime-de enanin mahir-aladasy gerek. Entek ol kicijek biş-düşüñ, geyim-gejimiñ aladasyny etmeli-diyip, meni gownetmage calysdylar.
Her niçigem bolsa,yakynlarymyn maslahatlary mañzyma batmady. Aÿalym Sona pakyrdan sonra oyumde basga bir zenanyn bolmagyny akylyma-da sygdyryp bilmedim. Çünki oÿ-içeride nira baksam, dunyesini tazelan ayalymyn ellerinin yzyny gorerdim, alan demini duyardym. Bir yola-ha çala gorkdum hem... Gunorta cagydy, guycli cabga geldi. Oglum Selim entek mekdepden gelmandi. Ol gelyanca diwanda gysaryp, biraz gozumin awusyny alayyn diydim. Ustume yapynara bir zatlar almaga hem yaltanyp, sol dursuma suyndum.
Nace wagt yatanymy ozumem bilemok, sebabi yagysly howada yatmagy juda gowy goryardim... Duysumde ayalym pakyry gordum , ustume yorgan yapyp dursuna: "Häzi, sana nace gezek aytdym, yatanda ustune bir zat yapyn, sowuklarsyn ahyry..." diyyardi.
Ukudan hopugyp oyandym. Ustumde yorgan bardygyny gordum. Yatan yerimde donup galdym. Yatamda ustume yapynja ortunmandim ahbetin. Bu yorgan nirden cykdy?-diyip oya batdym. Yorgany sypalap gordum, adatca, isden gelip, agsamlyk nahar edinenimden son, diwanda gysaryp, biraz ymyzganyan wagtymda, ayalym gorgulinin ustume yapyan gulli yorganydy.
Mazalyja gorkupdym, saclarym syh-syh bolupdy. Yerimden turup, otaglara aylandym. Aşhana gecenimde, oglumyn mekdepden gelip, coregini iyip oturanyny gordum...
Oglum Selim barada aytsam, ol menden hem has duygucylrakdy. Bir gezek synpdaslaryndan biri ona:"Kakana taze ayal aljak bolyarmyş..." diyipdir.
Çaga mekdepden gelisine, howla giren yerinde yorbasyny bir gyra taslap, bir adim alnyma gelip, gozlerini edil goreclerime dikip:
-Kaka, cagalar oyumize taze ayal getirjek bolyandygyn barada gurrun edyarler. Seret,kaka, onunden aydyandyryn, eger seytsen, menen gidip, öwlüÿäde-ejemin yanynda yataryn. Sana-da gaydyp kaka diyjek dal, galanynam ozun bil-diydi.
Ÿumruk yaly caganyn beyle zatlary aytmagy meni gorkuzdy. Eger beyle bir isin basyna barsam, çaga-da bir bolmasy is edaymesin diyip oylandym. Sonun ucinem dogan-garyndaslaryma menin oylenmegim bilen bagly meselede dagy-duwara dil yarmazlyklaryny gaytalap-gaytalap tabsyrdym. Selim-Sonadan galan yalñyz yadygarligim, yeke dikrarym. Men ony ese-boya galdyryp, kemala getirerin.
Şondan son hic kim mana bu barada yeke agyz soz hem diymedi.
Uzyn gys gijelerinde ataly-ogul bolup, bile oturyp, sohbet ederdik, ona gyzykly ertekiler aydyp bererdim. Birdenka ertekiniñ in tasirli yerinde oglum sozumi bolup:
-Kaka,das-towerek gar, ejem yerin asagynda üşeÿärmikä?-diyerdi.
Onun bu sozlerinden son caresiz halda galardym. Garyñ, ayazyn merhuma hic hili tasirinin yokdugyny ona nadip dusundireyin? Emma gownuni syndyrmazlyk ucin, ugruna kowup seyle diyerdim:
-Yok, akyllyja oglum, ejene o tayda sowuk daldir. Sebabi onun ruhy indi bizin oyumizde, yanymyzda. Ynsan o dünÿä gidendede, ruhy bedeninden cykyp, oyune dolanyp gelyar. Emma biz ony goremizok, ruh goze gorunmeyar ahyry oglum.
Bu sozlerimden son, oglum yerinden turup, pejin agzyny acyp, ona bir-iki sany odun kesindisini atardy. Name ucin beyle edenini sorasam:
-Kaka, goy, oyumiz hasam yyly bolsun, ejemin ruhy dasardan geld-ä, ol useyandir ahyry...-diyerdi.
Oglumyn bu sozlerinden son, ozume erk edip bilman, ony bagryma basardym-da, sessiz,aglardym.
Dowamy bar...
31.05.2021 23:21

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir