Geçen ýyl dünýä boýunça 793 milliarder bolan bolsa, bu ýyl olaryň sany 1011-e ýetendigini aýdan Forbes üstümizdäki ýylda sanawa giren milliarderleriň jemi emläginiň gymmatynyň 3,6 trillion dollara ýetendigini, bu sanyň geçen ýyl 2,4 trillion dollar bolandygyny, munuň bolsa 50 göterime golaý ösüş bolandygyny aňladýandygyny aýtdy. Amerikanyň maliýe žurnaly bolan “Forbes” 2010-njy ýylyň milliarderleriniň sanawyny mälim etdi. Bu ýyl meksikaly Karlos Slim Helu 53,3 milliard dollarlyk maýasy bilen sanawyň başyny çekýän bolsa, ondan soňky orunlary 53 milliard dollary bilen “Microsoft” şereketiniň esaslandyryjysy amerikaly Bill Geýts we 47 milliard dollarlyk maýasy bilen amerikaly işewür Uorren Baffet eýeleýär. Žurnalyň baştutany Stiw Forbes Nýu-Ýorkda “Forbesiň” merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda dünýäniň milliarderleriniň sanawyny 24-nji sapar mälim etdi.
2010-yň milliarderleri
-
dereksiz
14 years ago
- Stiw Forbes Hytaýyň geçen ýyl 28 bolan milliarderleriniň sany bu ýyl 64-e, Hindistanyň hem 24 bolan milliarderleriniň sanynyň bu ýyl 49-a ýetendigini we ilkinji 10 milliarderiň arasynda 2 hindistanlynyň bardygyny mälim etdi. Forbes gymmatlan bazarlardaky oňyn ösüş barada durup geçmek bilen geçen ýylky sanawda 13 milliarderi bolan Türkiýäniň bu ýyl bu sany 28-e ýetirendigini aýtdy. Russiýanyň geçenki ýylky sanawda 32, bu ýylkyda bolsa62 milliarderiniň bardygyny mälim eden Forbes Braziliýanyň ilkinji 10-luga 1 milliarderini girizmegi başarandygyny nygtady.
ABŞ-nyň beýleki sebitlere garanyňda bu ýyl biraz yzda galandygyna yşarat eden Forbes barybir sanawda iň köp milliarderi bolan ýurduň ABŞ-dygyny, jemi 403 amerikalynyň sanawa girendigini aýtdy. Geljekde ABŞ-nyň ykdysdady babatda has gowulanjakdygyna ynanýandygyny aýdan Forbes: “Bu sanawda görýän üýtgeşiklikleriňiz şol bir wagtyň özünde ählumumy ykdysadyýetde-de bolup geçýän düýpli üýtgeşiklikleri şöhlelendirýär” diýdi.
-
dereksiz
14 years ago
- Türkiýe
“Forbes” žurnalynyň tejribeli redaktorlarynyň biri Luis Kroll hem beren beýanatynda “Forbesiň” Türkiýede juda köp işgäriniň bardygyny aýtdy we sanawyň 2010-njy ýylyň 12-nji fewraldan öňki döwri şöhlelendirýändigini mälim etdi.
Kroll sanawda Türkiýäniň Ýakyn Gündogaryň içine alnandygyny, onuň bu sebitde gowy göze ilýändigini, Türkiýäniň bu ýyl geçen ýyla garanyňda sanawa 15 milliarderi artyk girizmegi başarandygyny we olaryň jemi sanyny 28-e ýetirendigini nygtady. Luis Kroll Ýakyn Gündogar sebitinde Türkiýeden beýleki ýurtlaryň beýle bir gowy göze ilmeýändigine hem ünsi çekdi.
-
dereksiz
14 years ago
- Sanawyň ilkinji 20-ligi:
“Forbes” žurnalynyň 2010-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý 20 adamy we olaryň emläkleri şeýle:
1. Meksikaly işewür Karlos Slim Helu we onuň maşgalasy (53,5 milliard dollar)
2. Amerikaly Bill Geýts, (53 milliard dollar)
3. Amerikaly Uorren Baffet, (47 milliard dollar)
4. Hindistanly işewür Mukeş Ambani (29 milliard dollar)
5. Hindistanly işewür Lakşmi Mittal, (28,7 milliard dollar)
6. Amerikaly işewür Lawrençe Ellison (28 milliard dollar)
7. Fransuz işewüri Bernard Arnault (27,5 milliard dollar)
8. Braziliýaly işewür Eike Batista (27 milliard dollar)
9. Ispan işewüri Amançio Ortega (25 milliard dollar)
10. Nemes işewüri Karl Albreçt (23,5 milliard dollar)
11. Şwesiýaly işewür Ingwar Kamprad (23 milliard dollar)
12. Amerikaly işewür Kristy Walton (22,5 milliard dollar)
13. Şwesiýaly işewür Stefan Persson (22,4 milliard dollar)
14. Gonkongly işewür Li Ka-Sing (21 milliard dollar)
15. Amerikaly işewür Jim Ç. Walton (20,7 milliard dollar)
16. Amerikaly işewür zenan Alise Walton (20,6 milliard dollar)
17. Fransuz işewür zenany Liliane Bettenkourt (20 milliard dollar)
18. Amerikaly işewür Robson Walton (19,8 milliard dollar)
19. Saud Arabystanynyň şazadasy El Welid (19,4 milliard dollar)
20. Kanadaly Dawid Tomson we onuň maşgalasy (19 milliard dollar).
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Dereksiz gowyja materiyallary getirpsing adyna gora dal. Okap hezil etdim, kop zatlary owrendim.
-
dereksiz
14 years ago
- halkarahukukchy hokman adyna gora bolmaly diyan zat yoga..
shuncha milliarderler bar emma hich kime peydasy yok,milliardlarcha adam achlykdan gaty kosenyar,bular bolsa pula garak bolyarlar
-
DoJiGat
14 years ago
- dereksiz sagbol kop kop....maglumatlar...
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Bolyar dost kopirak yaz shunung yalak mumkinchiliging bolsa...
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Bolyar dost kopirak yaz shunung yalak mumkinchiliging bolsa...
-
Hayranmen
14 years ago
- Türkmenlerden düşmändirmaý şolaryň arasyna, bratok?
-
talyplara
14 years ago
- tm-da kimka?menin pikirimce marydan-bayty aga.
-
dereksiz
14 years ago
- turkmenler in sonkydan birinji yerde diya
-
Myjy
14 years ago
- Sholara aýtsañyzlañ hemmesi bergilerini getirsinle.
-
arsen89
14 years ago
- eva,maile girayda!
-
Eva
14 years ago
- hmm, biraz garash
-
dereksiz
14 years ago
- shu milliarderler pullaryny gabyryna akitjeklermikanay
-
Eva
14 years ago
- gowy maglumatlar
-
Myjy
14 years ago
- Dereksiz govy jogap.
-
tusse
14 years ago
- dereksiz gowja informasiyalar yazypsyn. tanyryalkasyn:)
adyny derekli edip üytgetsene gayrat etde ;)
dereksiz 14 years ago- Forbes çykyşynyň başynda dünýädäki ykdysady jemlenmäniň sanawada täsirini ýetirendigini, esasan hem gymmatlan bazarlardaky milliarderleriň sanynyň artandygyny habar berdi.
Geçen ýyl dünýä boýunça 793 milliarder bolan bolsa, bu ýyl olaryň sanynyň 1011-e ýetendigini aýdan Forbes, üstümizdäki ýylda sanawa giren milliarderleriň jemi emläginiň gymmatynyň 3,6 trillion dollara ýetendigini, bu sanyň geçen ýyl 2,4 trillion dollar bolandygyny, munuň bolsa 50 göterime golaý ösüş gazanyldy diýmegi aňladýandygyny aýtdy. Sanawda 55 ýurtdan milliarderleriň bardygyny, bu ýyl sanawa ilkinji sapar Finlýandiýadyr Päkistandan hem tütjarlaryň girendigini nygtan Forbes, üstümizdäki ýylda ilkinji sapar sanawa giren milliarderleriň sanynyň 97-ä ýetendigini habar berdi. Meksikaly Helunyň sanawyň başyny çekýändigini mälim eden Forbes, sanawyň başyna 1994-nji ýyldan bäri ilkinji sapar amerikaly bolmadyk milliarderiň geçendigini aýtdy. Sanawda bu ýyl Aziýa sebitiniň has gowy şöhlelenýändigini nygtan Forbes, bu sebitde milliarderleriň sanynyň 80 göterim artandygyny, üstümizdäki ýylda sanawa giren 97 milliarderiň 62-siniň Aziýadan gelendigini belledi.