Atamgyzy ahyram bir gün halys alaç tapman, Aýuwyň getiren çig etine agyz urdy. Emma çeýnäp bilmedi. Gyla bulanan çig etiň üýtgäp ugran ýakymsyz ysy göni baryp beýnä ornaşdy. Agzyndakyny çykaryp, agzyndan zyňandan soň esli wagtlap “ö-ö-ö, ö-ö-ö...” diýip gygyrdy oturdy. Ö gutarandan soň gowagyň göwsünden syzyp duran suwdan agzyny çaýkady. Içdi. Soň ýene ögedi. Gaýtardy. Şeýdip, gaýtam öňküje deramatyndanam aýryldy. O zatlaryň üstesine ol indi turşy-şoram küýsäp ugrapdy. Şonuň üçinem bir gün halys uwnup-çydaman, şorlap duran diwarlary ýalap başlady. Ýöne ol barybir bu ýagdaýda özüniň uzak ýaşap bilmejegine, il-güne gowuşmak arzuwynyň ardurja köýüp gitjekdigine ymykly göz ýetirdi. Şonuň üçinem ol her zat etmeli welin, ot ýakmaly, ojak edinmeli diýen netijä geldi. Ot ony sowukdanam, açlykdanam, ölümdenem, ýetip gelýän gara gyşdanam, bu “gara beladanam” halas etmelidi. Atamgyzy gowagyň içindäki ululy-kiçili daşlardan iki sanysyny saýlap aldy. Ortarada ykjamja ornaşyp daşlary güýç bilen biri-birine urup ugrady. Emma ot çykmady. Elindäki daşlar owranyp kül-maýda bolansoň başgasyny aldy. Soň olaram täzelemeli boldy. Şeýdip otyrka-da üstüne Aýuw geldi. Gelşi ýalam her eline bir daş alyp biri-birine urmaga başlady. Birdenem daşlaryň birini öz daraklygyndan saldy-da ulyili bilen gygyryp ýerinden galdy. Mähnet göwresini bir asmana zyňdy, bir palçyldadyp ýere urdy. Uwlady. Gowagyň içinde ters aýlandy. Bökdi. Ellerini silkdi. Durup-durubam Atamgyza çiňerildi. Onuň henizem daş ýenjip oturşyny görüp, zyňan daşlaryny täzeden eline aldy. Üçünji gün diýlende Atamgyzyň çakmagy ot berdi. Ol çaga ýaly begendi. Begenjine ör turdy. El çarpdy. Oduň ysy gowagyň içine ýaýradygysaýam göwrümi giňedi. Ýaňy bir tutaşyp ugran ody söndüräýmezlik üçin ilki gury ot-çöplerden, soň kiçeňräk şahalardan, ondan soň agaçly odunlardan atyşdyrdy. Hasyr-husur daşyna daş aýlap ojak edindi. Dikejegine oturyp ömründe ilkinji gezek, hut öz eli bilen ýasan ojagynyň oduna çoýundy. Oduň üstüne germeldi. Etegini galdyryp, göwsüni, kükregini, ýagyrnysyny çoýdy. Kalbynda öz ýakan odunyň ýalkymy düşüp duran sowuk, ýöne, ýaňy bir ýylap ugran gowagyň büdür-südür diwarlaryna bolan mähir duýgusy döräp başlady. Atamgyzy haýdan-haý oduň her çetine bir haçja dikdi-de, bir bölek eti taýakdan geçirip, ot üzre her ujuny bir haçja ildirdi. Mahal-mahal taýagy aýlady, öwürdi. Bişere howlugyp ýuwdundy. Jyzyrdap başlandanam işdä bilen agyz urdy. Dişläp aldy. Çeýnedi. Hamala gapdalynda biri oturan ýaly: “Duzam bolaýsady”, diýip pyşyrdady. Güzeranynyň azajygam bolsa ýeňländigi üçin begendi. Hudaýa şükür etdi. Şeýdip otyrkada daşardan Aýuwyň “düňküldisi” eşidildi. Gowagyň agzyndaky daş gymyldady. Atamgyzy oduň başyndan aýrylyp bir burça gysyldy. Ortarada gübürdäp duran oda gözi düşenden Aýuw gygyryp gaýrak zyňdy. Atamgyzy bu ýagdaýa geň galdy. Içinden: “Bu asyl otdan gorkýan ýaly-la”, diýdi-de, ylgap baryp otly, kesindileriň birini eline aldy. Aýuwa topuldy. Aýuw dazanaklap daş çykdy. Girelgäni ýapmakdan ellibizar, esli ýere çenli omadaklap gitdi. Kesindisini bulaýlap gowakdan çykan gyzam onuň yzyna düşdi. Aýuw aňyrlygyna gaçdy. Şeýdip, aşak düşdüler. Şondan soň Atamgyzy beletje ýoly bilen oba tarap tutdurdy. Aýuw golaýlaberjek bolsa kesindisini bulady. Ýöne, kesindi bir eýýäm öçüpdi. Diňe ujy tüsseläp durdy. Tüsselemesem galansoň Aýuw ylgap geldi. Tutmak üçin gollaryny giňden gerendenem Atamgyzy entek doly sowap ýetişmedik kesindiniň ujuny bazyrdadyp böwrüne basdy. Aýuw aýylganç gygyryp çiň-arkan gaýtdy. Düýe ýaly daşlaryň arasyna gülgüldäp düşdi-de, esli ýere çenli togalanyp gitdi. Emedekläp ýerinden galdy. Mähnet penjesi bilen garagana boýalan maňlaýyny tutdy. Atamgyzam kesindisini somlap öňe süründi. Aýuw yza tesdi. Şondan soň Atamgyzy ýoluny dowam etdirdi. Aýuwam gapdaly bilen “haltyldap” ugrady. Atamgyzy dursa-durdy, ýörese – ýöredi. Ýöne, Atamgyzy barybir uzak gidibilmedi. Içinden geçip barýan aňzak sowugyň yzasy dabanlaryndan ötüp depesine ornady. Aýagy, eli hiç zat duýmady. Göwresi saňňyldap, gözleri garaňkyrady. Dişleri şakyrdady. Buzdanam sowuk garagyýçak daşlar injiklerini persala etdi. Kä ýerde dyzyndan, kä ýerde gasygyndan geçýän, doň gar, her gezek ädim ädende endamyny gyýym-gyýym etdi. Kert gaýalaryň ýüzüni ýalap geçýän gury aňzak damagyny çalaýarly göründi. Her gezek “şuwwuldap” şemal öwsende ak garlaryň ýüzünden örňeýän ak tüweleý Atamgyzyň kiçijek göwresini Aýuwyň ýiti gözlerinden gizledi. Ahyram ol ysgyndan gaçyp ýykyldy. Ýykylyşy ýalam iki eli bilen garnyny tutdy. Şol ýatyşynada, “golt-golt” edip ýanyna gelen Aýuwa tarap kesindisini bulady. Aýuw ýene-de yza tesdi. Ýöne gaty gaçmady. Atamgyzy kiçijek eljagazlaryna daýanyp ýerinden galdy. Yraň-daraň edip durşuna töweregine garanjaklady. Ýüzüne, gözüne, üst-başyna ýelmeşen garlary kakyşdyrdy. Bir oba tarap, birem agzyndan zogdurylyp çal tüsse çykýan gowaga garap delmurdy. Şonda, şol çal tüsse onuň gözüne bar zatdan eziz, mähriban göründi. Çünki, şol çal tüsse onuň öz eli bilen ýasan ojagyndan çykýardy. Ol bireýýäm buzgarakesege dönen kesindisini bir gapdala taşlady-da, ýuwaşjadan yzyna öwrüldi. Içi garaňkam bolsa, otly-ojakly, gadymy gowagy nazarlap, ak gar üzre ýüzüp başlady. Ýöne, uzak gidibilmedi. Guşaklygyna ýetir duran galyň garyň içi bilen bäş-üç ädim ätledi-de, ýüregini tutup bir gapdala ýykyldy. Aýuw bir bökende gelip onuň üstüne howala boldy. ...Ol uzyn gije ýanar oduň içinde iki ýana urundy. Gyzdyrdy. Üşütdi. Dişlerini şakyrdadyp “hababaýlady”. Käte kiçijik ýumrujyklaryny düwüp, gözlerini depesine dikdi, yňrandy. “Enä-ä-ä, ojagyma odun ataýsana-a...” diýip, samrady. “Zöwläpzöwläp” ýerinden galdy. Iç işikde hüýt-gara bolup oturan Aýuwyň ýüzüne çiňerilip: “Sen kim? Saňa näme gerek?” diýip sorady. Derrewem aşak çökdi-de, başyny daşa goýdy. Aýuw bolsa oda golaý gelibilmän, uzynly gijäni gowagyň agzynda oturyp geçirdi. Şol günüň ertesi öýlänaralar Atamgyzy çalarak özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam başyny galdyryp ojaga seretdi. Çöp bilen külüni gorjady. Külüň aşagyndan gülbüreşip çykan gyzgyn közleri görüp uludan demini aldy. Süýrenjiräp ýerinden turdy. Ojaga odun atdy. Tüsseläp başlan soň üfledi. Tutaşdyrdy. Ot ulaldygysaýy henizem agşamky ýerinden butnaman oturan Aýuw ynjalyksyzlanyp başlady. Gowagyň agzyna tarap soguşyp barýan goýras, gök tüssä, Atamgyzyň diwara düşýän gabaraly kölegesine howatyrly seretdi. Kalbyna wehim aralaşdy. Öz kölegesine gözi düşendenem gygyryp gaýra zyňdy. Zymdyrylyp daş çykdy. Ol diňe ojakdaky oduň ýalny peselip köze öwrülenden soň gaýdyp geldi. Atamgyzy ojaga golaý süýşdi. Dişlerini şakyrdadyp ýatyşyna o ýan, bu ýan agdarylyp, tutuş göwresini gyzdyrdy. Mazaly ýylynanyndan soň ymyzgandy. Käte bir turup ojaga iki şaha odun atdy-da, soň ýene ýatdy. Arasynda basyrgandy. Üsgürdi. Üç gün diýlende-de çalarak derledi. Şondan soň aýak üstüne galdy. Gowagyň çüňkünde ýatan etden bölüp aldy-da, çybyga ötürdi. Oda tutdy. Tenenden soň sähelçesini bölüp alyp agzyna atdy. Muny görüp Aýuwam şeýtjek boldy. Emma eli bişdi-de eti ýere taşlady. Barmaklaryny agzyna sokup aýaklaryny tapyrdatdy. Güňleç ses etdi. Atamgyzy ikinji gezegem bölüp agzyna salansoň ýene-de durubilmän ýerde ýatan ete elini uzatdy. Atamgyzyň üfläp oturanyny görüp üfledi. Diňe şondan soň örän seresaplylyk bilen agzyna saldy. Kem-kemden ol ot bilenem öwrenişdi. Hatda, Atamgyza öýkünip ojaga birki şaha odunam atdy. Odun azalyberensoň Atamgyzy Aýuwa ojagyň başyndaky galan-gaçan döwnüşgeleri görkezip daşaryk ümledi. Aýuw düşündi. Düňküldäp gitdi-de, gowagyň agzyna golaýrak ýerlerde ösüp oturan çöp-çalamlardan çöpleşdirip getirdi. Atamgyzy oňa has ulurak, agaçlyrak odunlaryň gerekdigini düşündirdi. Şondan soň birmeýdan Aýuwyň işi odun daşamak boldy. Ol getirip ýetişse Atamgyzam gowagyň bir çetinden rejeläp ördi. “Baýlygy” köpeltdigisaýam Aýuwyň nebsi artdy. Beýgelip barýanyny görüp begendi. Gyşyň soňuna çenli Atamgyzyň aýagy mazaly agraldy. Oturyp-turmasy kynaldy. Ýaz çykyp, daglardan akgynly silleriň gelmegi, agaçlaryň gülläp, şahalarda guşlaryň “çah-çah” urmagy bilenem gowagyň içinden goşa “jägildi” eşidildi. Atamgyzy sal-sal bolan ýalňyz, elwan köýnegi, bir pursatda dünýä inen iki çaganyň hersiniň daşyny ýekeje gezek çolamaga zordan ýetdi. Gowagyň daşyndan daş bekläp, uzynly gününi ylgap geçirýän Aýuw, indi gyzyl tapan gul ýaly çagalarynyň daşyndan aýrylmady. Haçan görseň bulanjyrap gapdallaryny aldy ýatdy. Gidäýsede gaty daşa gitmedi. Şonuň üçinmi ýa Atamgyzy çagalaryny taşlap gaçybilmez öýtdümi soňabaka gowagyň agzyny ýapmasynam goýdy. Bu ýagdaý Atamgyza-da kem ýaramady. Ol indi her gün, islän wagty daş çykyp ýuwa, ýelmik, kömelek çöpleýär. Gowakdan welin daşlaşybilenok. Sähelçe daşalşdygy göwsünden süýt akyp başlaýar. Çagalaryň sesi gowakdan çykyp dik asmana göterilýär. Ine, onsoň ol bialaç yzyna dolanmaly bolýar. Gelip çagalaryny gezek-gezegine emdirýär. Her gezek sokjap-sokajp emenlerinde olara bolan söýgüsi artýar, mährine-mähir goşulýar. Bar sen gidiber, diýiläýende-de indi özüniň bulary taşlap hiç ýana gidip bilmejegine-de düşünýär. Hamala kimdir biri olary elinden alyp barýan ýaly çagalaryny ýeke-ýeke bagryna basýar. Gaýta-gaýta ogşaýar. Aýuw kimin betgelşik zatdan şeýle eýjejik çagalaryň önäýşine geň galýar. Gijelerine Aýuwyň ýanyna baryp oňa siňe-siňe syn edýär. Onuň hakykatdanam adamzat neslidigine ynanasy gelýär. Onuň keşbinden hakyky adamlara mahsus bolan meňzeşlikleri gözleýär. Ýene-de çagalarynyň ýanyna gelip olaryň üstüne göwüslerini gerýärde: “Ýok, bular meniňki! Meň çagajyklarym! Aýuwyň bulara dahyly ýok! Bular maňa meňzäpdirler!” diýip pyşyrdaýar. Aýuwyň awlap gelýän haýwanlarynyň derisini, ýüňüni ýygnaýar. Tüýtýär, saýýar, öz ýasan ýöntemje daragy bilen daraýar, igi bilen egirýär. Egiren ýüplerinden örüp, dokap özüne, çagalaryna eşik tikinse, gaty derileri düşek edinýär. Ol gowagyň içinde iki sany sallançagam ýasady. Agaç dikip ýüňden ýüp işip, agaçlara baglady. Hanasyny deriden tutdy. Bag dakdy. Baglaryň hersini bir aýagynyň başam barmagyna orap, yrap oturşyna daglary ýaňlandyryp hüwdi aýtdy. Hüwdem elbetde, oba, il-gün, dogan-garyndaş, zalym aýralyk barada boldy. Söýerlerinden biriniň gelip özüne hossar çykaryny, Aýuwy öldürip, çagalary bilen özüni alyp giderini diledi. Her hüwdüniň soňundanam: “Uçup baraý diýsem ganatym ýok, ýöräp baraý diýsem deramatym ýok, bu gara beladan gutularym ýok, bu ikijigini taşlap gidere dözerim ýok, göterip gollar aşaýyn diýsem, gollarymda ysgyn ýok”, diýip nalady. Öz ýanyndan oguljyklaryna at goýdy. Birine Ümürduman, beýlekisine Sopydiger, diýdi. Diş çykansoň çagalaryna guş etini iýdirer ýaly Aýuwa ýaý ýasap berdi. Tözüni çig deriniň tasmasyndan besläp çygar-çybyklaryň gönülerinden “ok” ýasady. Ujuna ujy ýiti owunjak daşlardan peýkam oturdyp berk daňdy. Ojakdaky kömür, aw etleriniň gany bilen diwaryň ýüzüne guşuň, haýwanlaryň suratyny çekip, nyşana ýasady. Atyp görkezdi. Ok, ýaý, diwardaky suratlar Aýuwa diýseň ýarady. Şonuň üçinem täze hünärine ol iňňän basym öwrenişdi. Ökdeledi. Atamgyzyňam öz “hojalygyna” bolan höwesi artyp başlady. Ol telperräk, tegelek daşlaryň içini köwüp, daşyny ýylmap iki sany okara ýasady. Barybir bizi günümize goýmaz, diýip birini Aýuwa, beýlekisini çagalary bilen özüne niýetledi. Bir özi aramyzda “salpysyny” sallap ýörmesin diýip, uýat ýerlerini ýapar ýaly kelteräk balagam geýdirdi. Bir günem şu ýere geleli bäri ilkinji gezek gopuzy ýadyna düşdi-de hasyr-husur elini boýnuna ýetirdi. Alyp içgin-içgin synlady. Şu çaka çenli onuň döwülmänýenjilmän durandygyna geň galdy. Birazajyk dili gyşarypdyr,onam dessine düzetdi. Bagryna basdy. Dodagyna ýetirdi. Dişleriniň arasyna salyp, sag eliniň süýem barmagy bilen diline kakdy. “Bra-u-u-u-uw, bra-u-u-uw-w, bry-u-u-w...” Mylaýym owaz tutuş, daglara ýaýrady. Jülgelere doldy. Sil suwy kimin böreňböreň akdy-da, birdenem asmana göterildi. Barybam lemmer ýasap alyslara barýan ak bulutlaryň tüýjümek tellerinden aslyşdy. Soň ýene-de aşak düşdi. Gyşdan bäri guzaý ýerde ýanbaşyny ýere berip ýatan ýarymgöwün garlary pagyş-para eretdi. Ol owazyň humaryna asmandan nur ýagdy, ýer bolsa minewwer eçildi. Jümle-jahan jümmüş eýläp, gursagynda gyzyl läleler göründi. Hä diýmänem Ümürduman bilen Sopydiger ikisi dillerini çeýneşip başladylar. Atamgyzy olary ojagyň başynda oturdyp, barmagy bilen özüni görkezdi.
―Ene-e... Muny çagalaryň hersi özüçe gaýtalady.
―En-ne-e...
―In-ne-e... Atamgyzy Ümürdumana elini uzatdy.
―Ümürduman... Bu gezek Ümürdumanyň bir özi peltekledi. ―Ümmüdümme-e... Atamgyzy barmagyny Sopydigeriň kükregine degirdi.
―Sopbydiger...
―Sopbydigeriň gaýtalaýşy Ümürdumanyňkydanam ýöntem boldy. ―Sopbydipbe-e... Aý aýdyň gijeleriň birinde Atamgyzy çagalaryny daşaryk çykardy-da, elini asmana uzatdy.
―A-aý... Çagalaryň kümüşsow sesi daglaryň salkyn jülgelerine ýaň saldy. ―A-a-aý-ý... Ir bilen çagalaryny ýene-de şol ýere eltdi-de, dogup gelýän Güni görkezdi.
―Gün-n... Çagalarynyň sesi güňleç ýaňlandy.
―Güň-ň... Atamgyzy çagalaryna näme öwretse Aýuwam şol sözi gaýtalady ýördi. Ümürduman bilen Sopydugeriň otuz ikisi kemsiz kemala gelenden soň bolsa, Atamgyzy duzuň gözlegine çykdy. Çünki, onuň düşünşine görä, olara duzsuz tagam bermeli däldi. Enesi şeý diýip öwredýärdi. Elmaýyş ene hatda ýatakdaky goýunlaryna-da mahal-mahal duz ýaladýardy. Yns-jyns duzy ýeterlik bolmasa bedeni bekemez, bedeni bekesede beýnisi bekemez, diýýärdi. Dagda bolsa hökman duz bolaýmalydy. Jahangir dagy duz diýip, ýöne ýere daga gaýdýan däldirler ahyry. “Yhlasa-myrat” diýleni. Ahyram bir gün ol durşuna şor-kebir bolup ýatan ullakan oýuň üstünden bardy. Gyrasynda oturyp ak topraga barmagyny batyrdy. Diline degirdi. Şor topragyň ajymtyk tagamy ýüzüni=gözüni gamaşdyrdy. Şondan soň ol toprakdan bir gysym aldy-da, gowaga tarap gaýtdy. Kaksytmak üçin çybyga düzüp goýan etlerinden bir bölegini alyp “duzlady”. Çişe düzüp oda tutdy.. Bişensoň dadyp gördi. Tagamy öňkülerine görä has üýtgeşik degdi. Dyzyna münüp, galkyjaklaşypjyk oturan çagalaryna-da ýolup-ýolup iýdirdi.

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir